Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi
AHBK
dolandyryş jezasy
29.08.2013 · № 422-IV
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi
645 madda · 4 bölüm · 200 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy bölek
II
Aýratyn bölek
III
Administratiw önümçilik
IV
Administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça kararlary ýerine ýetirmek
Ähli bölümler
I. Umumy bölek
II. Aýratyn bölek
III. Administratiw önümçilik
IV. Administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça kararlary ýerine ýetirmek
645 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we onuň esasynda kabul edilen…
2-nji madda
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň wezipeleri
1. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň wezipeleri administratiw hukuk bozulmalaryndan şahsyýeti goramak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, raýatlaryň saglygyny, ilatyň…
3-nji madda
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň ýörelgeleriniň ähmiýeti
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy şu Kodeksde görkezilen ýörelgelere esaslanýar, olaryň bozulmagy iş boýunça önümçiligiň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine, şeýle önümçiligiň barşynda çykarylan kararlaryň…
4-nji madda
Kanunylyk ýörelgesi
1. Administratiw hukuk bozulma we onuň edilendigi üçin berilýän administratiw temmisi diňe şu Kodeks arkaly kesgitlenilýär. Şu Kodeksde bellenilen esaslardan we tertipden başgaça hiç kim administratiw temmisine ýa-da administratiw…
5-nji madda
Kanunyň öňündäki deňlik ýörelgesi
1. Administratiw hukuk bozulmalaryny eden şahslar kanunyň öňünde deňdir. Fiziki şahs milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da…
6-njy madda
Bigünälik prezumpsiýa ýörelgesi
1. Şu Kodeksde bellenilen tertipde işe seretmäge ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň (mundan beýläk - ygtyýarly wezipeli adam) kanuny güýje giren karary bilen günälidigi subut edilýänçä we anyklanylýança administratiw önümçilik özi…
7-nji madda
Adalatlylyk ýörelgesi
1. Administratiw hukuk bozulmany eden şahs babatda ulanylýan temmi adalatly bolmalydyr, ýagny administratiw hukuk bozulmanyň häsiýetine, onuň edilen ýagdaýlaryna laýyk gelmelidir, kanuny we esasly bolmalydyr. 2. Şol bir administratiw hukuk…
8-nji madda
Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak ýörelgesi
1. Administratiw önümçiligiň barşynda adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketler we kararlar gadagan edilýär, adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlaryň, şonuň ýaly-da şu Kodeksde göz öňünde tutulmadyk maksatlar…
9-njy madda
Şahsyýetiň eldegrilmesizligi ýörelgesi
1. Şu Kodeksde bellenenlerden başga esaslarda we tertipde hiç kim administratiw taýdan tutup saklanylmaga, getirilmäge, içeri işler edaralaryna ýa-da beýleki döwlet edaralaryna eltilmäge, şahsy gözden geçirilmäge we onuň ýanyndaky goşlar…
10-njy madda
Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi ýörelgesi
Administratiw önümçiligiň barşynda şahsy durmuşyň, şahsy we maşgala syrlarynyň goralmagy üpjün edilýär. Her bir adamyň şahsy goýumlarynyň we pul toplamalarynyň, hat alyşmalarynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, Internet we gaýry…
11-nji madda
Eýeçiligiň eldegrilmesizligi ýörelgesi
1. Döwlet eýeçiligiň goraglylygyny kepillendirýär. Kanunda bellenenlerden başga esaslarda we tertipde hiç kim öz emläginden mahrum edilip bilinmez. 2. Emlägi we resminamalary almak, ulag serişdesini tutup saklamak we eýeçiligiň…
12-nji madda
Administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmak ýörelgesi
1. Döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, zähmetkeşler köpçülikleri administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, olaryň edilmegine ýardam berýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga hem-de aradan aýyrmaga, raýatlary ýokary…
13-nji madda
Önümçiligiň dili
Administratiw önümçilik döwlet dilinde alnyp barylýar. Zerur halatynda, iş boýunça önümçilige gatnaşýan we iş boýunça önümçilik alnyp barylýan dili bilmeýän adamlara ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde arz etmäge, düşündiriş…
14-nji madda
Şaýatlyk düşündirişlerini bermek borjundan boşadylmagy
1. Hiç kim öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna (ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar) garşy düşündiriş…
15-nji madda
Professional ýuridik kömege bolan hukugyň üpjün edilmegi
1. Administratiw önümçiligiň barşynda her bir şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda professional ýuridik kömegi almaga hukugy bardyr. 2. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda professional ýuridik kömek tölegsiz berilýär.
16-njy madda
Administratiw önümçiligiň aýanlygy
1. Işe seretmäge ygtyýarly edaralar administratiw önümçiligi açyk amala aşyrýarlar. 2. Döwlet syrlaryny öz içine alýan maglumatlary bolan işler babatda, şeýle hem şahsy, maşgala, täjirçilik ýa-da kanun arkaly goralyp saklanylýan beýleki…
17-nji madda
Şahsyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagy
1. Hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagyna her bir şahsyň hukugy bardyr. Bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklarynyň, azatlyklarynyň ýa-da kanun arkaly goralýan bähbitleriniň goralmagy üçin…
18-nji madda
Önümçiligiň barşynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi
Administratiw önümçilik işe seredýän edaranyň kadaly işlemegini we iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde alnyp barylýar. Howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ygtyýarly wezipeli adam administratiw…
19-njy madda
Iş ýörediş hereketlerine we kararlaryna şikaýat etmek erkinligi
1. Ygtyýarly wezipeli adamyň administratiw hukuk bozulma barada işe seretmek boýunça hereketlerine we kararlaryna şu Kodeksde bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner. 2. Iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň şu Kodeksde bellenilen…
20-nji madda
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň wagt boýunça hereketi
1. Administratiw hukuk bozulmany eden şahslar hukuk bozulmanyň edilen wagtynda hereket edýän Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy esasynda jogapkärçilige degişlidir. 2. Şu Kodeksiň administratiw hukuk…
21-nji madda
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň giňişlik boýunça hereketi
1. Türkmenistanyň çäginde, şol sanda onuň howa giňişliginde, içerki suwlarynda, çäk deňzinde, aýratyn ykdysady zolagynda we kontinental şelfinde administratiw hukuk bozulmalaryny eden şahslar şu Kodeksde bellenilen jogapkärçilige…
22-nji madda
Administratiw hukuk bozulma barada düşünje
1. Administratiw hukuk bozulma - bu fiziki ýa-da ýuridik şahsyň kanuna garşy gelýän, günäli (bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk bilen edilen) we onuň üçin administratiw jogapkärçiligi şu Kodeksde göz öňünde tutulan hereketidir…
23-nji madda
Administratiw hukuk bozulmanyň bilkastlaýyn edilmegi
Eger administratiw hukuk bozulmany eden adam öz hereketiniň (hereketsizliginiň) kanuna garşy gelýändigine akyl ýetirse, onuň zyýanly netijelerini öňünden görse we olaryň bolmagyny islese ýa-da şol netijeleriň bolmagyna düşünjeli ýol berse…
24-nji madda
Administratiw hukuk bozulmanyň seresapsyzlykdan edilmegi
Eger administratiw hukuk bozulmany eden adam öz hereketiniň (hereketsizliginiň) zyýanly netijelere eltmek mümkinçiligini öňünden görse, ýöne ýeterlik esas bolmazdan şol netijeleriň öňüni alaryn diýip ýeňilkellelik bilen hasap etse, ýa-da…
25-nji madda
Administratiw jogapkärçilik üçin esaslar
Şu Kodeksde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmanyň düzüminiň ähli alamatlaryny özünde saklaýan etmişiň (hereket ýa-da hereketsizlik) edilmegi administratiw jogapkärçiliginiň esasy bolup durýar.
Öňki
1 / 26
Indiki