Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
Türkmenistanyň Howa kodeksi
HOWK
howa
10.01.2012 · № 255-IV
Türkmenistanyň Howa kodeksi
133 madda · 47 sahypa
133 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň öz üstündäki howa giňişligine bolan özygtyýarlylygy
1. Türkmenistanyň çäginiň düzüm bölegi bolan özüniň howa giňişligi babatynda Türkmenistan doly we aýratyn özygtyýarlylyga eýedir. 2. Türkmenistanyň howa giňişligi diýlip, Türkmenistanyň çäginiň üstündäki howa giňişligine, şol sanda…
2-nji madda
Türkmenistanyň howa kanunçylygy
1. Türkmenistanyň howa kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde…
3-nji madda
Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi
Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we ony peýdalanyjylaryň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kodeks, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak…
4-nji madda
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň hereket edýän çygry
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň hereketi onuň dahylly böleginde Türkmenistanyň çäginde, şeýle-de bolunýan ýurduň kanunlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onuň çäginden daşarda hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanyjylaryň…
5-nji madda
Awiasiýanyň görnüşleri we onuň peýdalanylmagy
1. Türkmenistanyň awiasiýasy döwlet we umumy maksatly awiasiýany öz içine alýan raýat awiasiýasyna bölünýär. 2. Döwlet awiasiýasyna harby awiasiýa, milli howpsuzlyk, içeri işler edaralarynda, serhet, gümrük gulluklarynda ulanylýan ýa-da…
6-njy madda
Türkmenistanyň awiasiýa serişdelerine bolan eýeçiligi
1. Howa gämileri, howa menzilleri, aerodromlar, tehniki serişdeler we howa gämileriniň uçuşlaryny guramak, ýerine ýetirmek we üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki emläk eýeçiligiň döwlet, hususy we gaýry görnüşlerinde bolup biler. 2.…
7-nji madda
Howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işini dolandyrmak çygrynda ygtyýarly edaralar
1. Howa giňişliginden peýdalanmak çygrynda döwlet dolandyryşy we gözegçiligi ygtyýarly edara - Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar. 2.…
8-nji madda
Howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işi çygrynda döwlet dolandyryşy
Döwlet ygtyýarly edaralaryň üsti bilen howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işi çygrynda dolandyryşy aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrýar: 1) Türkmenistanyň goranmak ukyplylygyny we döwlet bähbitleriniň goralmagyny üpjün…
9-njy madda
Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary
1. Döwlet we raýat awiasiýasynyň çygyrlarynda dolandyryşa we gözegçilige ygtyýarly edaralar ýuridik we fiziki şahsalaryň peýdalanmaklary üçin şulary kesgitleýän we düzgünleşdirýän Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalaryny işläp düzýärler,…
10-njy madda
Awiasiýa işini sertifikatlaşdyrmak
1. Awiasiýa tehnikasyny işläp taýýarlamak, öndürmek, abatlamak we ulanmak bilen meşgul bolýan ýuridik şahslar, şeýle hem awiasiýa işgärleri şol şahsyň tehniki taýýarlygynyň derejesiniň Türkmenistanyň degişli döwlet awiasiýa kadalarynyň…
11-nji madda
Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak
1. Awiasiýa işiniň ygtyýarlylandyrylmagy «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen işi amala aşyrmaga ygtyýarnamalar bermegiň,…
12-nji madda
Awiasiýanyň çygryndaky işe döwlet gözegçiligi
1. Raýat awiasiýasynyň işi çygryndaky işiň howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny we awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek böleginde döwlet gözegçiligi raýat awiasiýasynyň işi çygrynda ygtyýarly edara we onuň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy…
13-nji madda
Howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly iş
1. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly işe howa gämileriniň we beýleki uçujy gurallaryň uçuşlary, atyşlaryň we raketalaryň goýberilişiniň ähli görnüşleri, partlaýyş işleri we maddy obýektleri howa giňişliginde…
14-nji madda
Howa giňişliginiň gurluşy
1. Howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly işi amala aşyrmak üçin howa giňişliginde tutuşlygyna Türkmenistanyň howa giňişliginiň gurluşyny emele getirýän howa hereketine, aerodromlara we aerouzellere hyzmat ediş ýerleri, howa…
15-nji madda
Howa giňişliginden peýdalanyjylar we ondan peýdalanylanda ileri tutulmalar
1. Ýuridik we fiziki şahslar - howa giňişliginden peýdalanyjylar, şu Kodeksiň 13-nji maddasynda görkezilen işi amala aşyranlarynda deň hukuklara eýe bolýarlar we Türkmenistanyň çäginde birmeňzeş jogapkärçilik çekýärler. 2. Howa…
16-njy madda
Howa giňişliginden peýdalanmagyň tertibi
1. Türkmenistanyň howa giňişligi howa gämileriniň uçuşlary we onuň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işiň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak üçin açykdyr. 2. Türkmenistanyň howa giňişliginden ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinden peýdalanmak…
17-nji madda
Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik
1. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralary, şeýle hem howa hereketine hyzmat edýän we olar üçin bellenilen zolaklarda…
18-nji madda
Howa giňişliginden peýdalanyjylaryň aragatnaşygyny guramak
1. Howa giňişliginden peýdalanyjylar Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralary, şeýle hem olar üçin jogapkärçilik bellenilen ýerlerde howa hereketine hyzmat edýän we uçuşlary dolandyrýan edaralar bilen, howa…
19-njy madda
Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmaga rugsatnama
Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň bellenilen kadalara laýyklykda Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň degişli edarasynyň beren rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar, muňa Türkmenistanyň howa…
20-nji madda
Türkmenistanyň howa giňişliginde we howa menzillerinde hyzmatlaryň edilenligi üçin töleg
Türkmenistanyň howa giňişliginde we howa menzillerinde aeronawigasiýa hyzmatlary we maglumat üpjünçiligi üçin töleg howa gämilerden (Türkmenistanyň döwlet awaisiýasynyň howa gämileri muňa girmeýär) raýat awiasiýasynyň işi çygrynda…
21-nji madda
Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň bozulmagy
1. Şu Kodeksiň we Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak baradaky beýleki kadalaşdyryjy namalarynyň talaplary berjaý edilmezden Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanylmagy bilen baglanyşyklylykda amala aşyrylýan iş…
22-nji madda
Adatdan daşary ýagdaýdaky hereketler
1. Adatdan daşary ýagdaýdaky şertlerde, şeýle hem jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak üçin jogapkärçilik dolulygyna döwlet…
23-nji madda
Howa gämisi diýen düşünje
Ýerden (suwdan) serpigýän howa bilen özara täsirden tapawutlanýan, howa bilen onuň özara täsiriniň hasabyna atmosferada saklanýan uçujy gural howa gämisi diýlip ykrar edilýär.
24-nji madda
Howa gämilerini bellige almak
1. Raýat awiasiýasynyň howa gämileri, şeýle hem döwlet awiasiýasynyň howa gämileri Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda bellige alynmaga degişlidir. 2. Raýat awiasiýasynyň howa gämileri Türkmenistanyň raýat…
25-nji madda
Howa gämileriniň bellige alynmagyny ykrar etmek
1. Howa gämisiniň Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawyna ýa-da Türkmenistanyň döwlet howa gämileriniň döwlet sanawyna girizilen pursadyndan, şol gämi babatda daşary ýurt döwletleriniň howa gämileriniň sanawlarynda öňki…
Öňki
1 / 6
Indiki