Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi
IDGK
durmuş goraglylygy
19.10.2012 · № 340-IV
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi
156 madda · 7 bölüm · 63 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
II
Döwlet pensiýa üpjünçiligi
III
Döwlet kömek pullary. Döwlet goldawy
IV
Durmuş hyzmatlary
V
Weteranlaryň hukuk ýagdaýy
VI
Weteranlaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň durmuş taýdan goralmagy
VII
Hasaba alyş we hasabatlylyk. Durmuş tölegleriniň çykdajylaryny maliýeleşdirmek. Ilaty durmuş taýdan goramak babatda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Döwlet pensiýa üpjünçiligi
III. Döwlet kömek pullary. Döwlet goldawy
IV. Durmuş hyzmatlary
V. Weteranlaryň hukuk ýagdaýy
VI. Weteranlaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň durmuş taýdan goralmagy
VII. Hasaba alyş we hasabatlylyk. Durmuş tölegleriniň çykdajylaryny maliýeleşdirmek. Ilaty durmuş taýdan goramak babatda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
156 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
1. Şu Kodeksiň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) başlangyç şertli pensiýa maýasy - hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň ulgamynda ätiýaçlandyrylan şahslaryň şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilmegine çenli…
2-nji madda
Ilaty durmuş taýdan goramak
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde…
3-nji madda
Ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasaty
Ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir: 1) ilatyň durmuş taýdan goralmagy babatda bir bitewi syýasatyň üpjün edilmegine; 2) raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen, durmuş…
4-nji madda
Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we Türkmenistanyň ilatyň durmuş taýdan goralmagynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
5-nji madda
Kodeksiň hereket edýän çygry
1. Şu Kodeksiň hereketi, onda bellenilen tertipde we şertlerde Türkmenistanyň raýatlarynyň pensiýa üpjünçiligine we durmuş taýdan goralmaga bolan hukugynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişlidir. 2. Eger-de,…
6-njy madda
Binýatlyk ululyklar
Pensiýalaryň iň pes möçberlerini hasaplamak, şeýle hem döwlet kömek pullarynyň möçberlerini hasaplamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen binýatlyk ululyklar bellenilýär.
7-nji madda
Pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi
1. Pensiýalar we döwlet kömek pullary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda bellenilýär, muňa şahsy pensiýa, şeýle hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly, göwrelilik…
8-nji madda
Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemegiň umumy düzgünleri
1. Pensiýalary, pensiýalara goşulýan goşmaça tölegleri, döwlet kömek pullaryny we olara goşmaça tölegleri, şeýle hem birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemek Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak boýunça…
9-njy madda
Döwlet pensiýa üpjünçiligi
1. Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiligi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmalary arkaly durmuşa geçirilýär. 2. Türkmenistanda raýatlaryň döwlet pensiýa üpjünçiligine bolan hukugy çäklendirilip bilinmez.
10-njy madda
Pensiýa usullary
1. Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiliginiň esasyny şertli-toplaýyş pensiýa usuly we toplaýyş pensiýa usuly düzýär. 2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly ätiýaçlandyrýanlaryň-pensiýa gatançlaryny töleýjileriň "Döwlet…
11-nji madda
Pensiýa üpjünçiliginiň döwlet kepillikleri
1. Pensiýa üpjünçiligi boýunça döwlet şu aşakdakylary kepillendirýär: 1) arkalaşyk hem-de şertli-toplaýyş pensiýa usullary boýunça bellenilen, tölenilýän pensiýalaryň möçberleriniň indeksirlenilmegini; 2) dürli pensiýa usullary boýunça…
12-nji madda
Türkmenistanyň Pensiýa ulgamynyň dolandyrylmagy
Türkmenistanda pensiýa ulgamynyň dolandyrylmagyny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy (mundan beýläk - Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy) Türkmenistanyň kanunçylygyna we…
13-nji madda
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujeti
1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujeti Türkmenistanyň Kanuny görnüşinde tassyklanylýar. 2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň düzümi, ony düzmegiň, oňa garamagyň, ony tassyklamagyň we ýerine ýetirmegiň tertibi…
14-nji madda
Şertli pensiýa maýasy
1. Şertli pensiýa maýasy - ätiýaçlandyrylan şahslaryň başlangyç şertli pensiýa maýasynyň we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça pensiýa gatançlarynyň möçberlerinden we olaryň indeksirlenilmeginden hasaplanylyp…
15-nji madda
Toplaýyş pensiýa maýasy
1. Toplaýyş pensiýa maýasy - toplaýyş pensiýa usuly boýunça ätiýaçladyrylan şahslaryň meýletin pensiýa gatançlarynyň we olary maýa goýuma gönükdirmekden alnan girdejiniň umumy jemi. 2. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň toplaýyş pensiýa maýasy…
16-njy madda
Başlangyç şertli pensiýa maýasynyň hasaplanylmagy
1. Başlangyç şertli pensiýa maýasy şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilmezinden öňki iş (gulluk) döwürleri üçin hasaplanylan pensiýanyň möçberini, Türkmenistan boýunça erkek adamlaryň we aýal maşgalalaryň pensiýa ýaşy dolandan soň…
17-nji madda
Şertli pensiýa maýasynyň indeksirlenilmegi
1. Raýatlaryň 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä hasaplanylan başlangyç şertli pensiýa maýasy tölenilýän pensiýalaryň möçberiniň şu senä ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär. 2. 2014-nji ýyldan başlap, her ýylda…
18-nji madda
Wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilmegi
1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri we toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirmäge haklydyr. 2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça…
19-njy madda
Wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilişine gözegçilik
Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilişine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
20-nji madda
Toplaýyş pensiýa maýasynyň gizlinligi
1. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly pensiýa hasaplaryndaky toplaýyş pensiýa maýasy barada maglumatlar gizlindir. 2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy we onuň ýerli edaralary, ätiýaçlandyrylan şahslaryň toplaýyş pensiýa maýasy barada…
21-nji madda
Pensiýalaryň görnüşleri
1. Türkmenistanda pensiýalaryň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär: 1) ýaşy boýunça pensiýa; 2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa; 3) hünär pensiýasy; 4) maýyplyk boýunça pensiýa; 5) ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa; 6) toplaýyş…
22-nji madda
Pensiýalary maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Şu Kodeksiň 21-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen pensiýalar Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça gatançlaryň hasabyna döredilen…
23-nji madda
Ýaşy boýunça pensiýa bolan hukuk
Ýaşy boýunça pensiýa şu aşakdakylaryň hukugy bardyr: 1) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň; 2) üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli…
24-nji madda
Gulluk ýyllary boýunça pensiýa bolan hukuk
Gulluk ýyllary üçin pensiýa şu aşakdakylaryň hukugy bardyr: 1) harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminden bolan: a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna…
25-nji madda
Hünär pensiýasyna bolan hukuk
1. Hünär pensiýasyna şu aşakdaky adamlaryň hukugy bardyr: 1) zähmet şertleriniň zyýanlylygynyň we (ýa-da) agyrlygynyň derejesine baglylykda ýaşy boýunça pensiýa üçin şu Kodeksde bellenilen pensiýa çykmaly ýaşynyň 6-dan 10 ýyla çenli…
Öňki
1 / 7
Indiki