Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.06.2000 · № 28-II
«Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
64 madda · 20 sahypa
64 madda
1 madda
Kärhana
Kärhana hökmünde şu kanunyň talaplaryna laýyklykda önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady…
2 madda
Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu kanundan, kärhanalaryň iş çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kanunçylyk namalaryndan ybaratdyr.
3 madda
Kärhanalaryň hukuk ýagdaýy
1. Kärhananyň hukuk ýagdaýy - munuň özi kanunçylyk tertibinde kärhananyň hukuk subýekti hökmünde hukuklarynyň we borçlarynyň berkidilen ulgamydyr. 2. Kärhana döwlet belligine alnan pursatyndan başlap, hukuk subýektine öwrülýär. 3. Kärhana…
4 madda
Kärhanalaryň hukuklarynyň kepillikleri
1. Döwlet kärhanalaryň hukuklarynyň we onuň kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär, maddy, maliýe, zähmet we başga çeşmelere bolan rugsada deň mümkinçilikleri üpjün edýär, erkin bäsdeşligiň ösüşine ýardam edýär. 2.…
5 madda
Kärhananyň alamatlary
1. Kärhananyň öz hususy ady, hukuk salgysy, möhüri bolýar. 2. Kärhananyň öz işinde peýdalanýan harytlyk we beýleki nyşanlaryny edinmäge haky bardyr.
6 madda
Kärhananyň ady
1. Kärhananyň öz ady bolýar. Kärhana öz ady bilen döwlet belligine alynmaga degişlidir. 2. Kärhananyň adynda şular bolmalydyr: kärhananyň hereket edýän beýleki kärhanalardan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän takyk ady; guramaçylyk-hukuk…
7 madda
Hukuk salgysy
1. Kärhananyň hukuk salgysy hökmünde onuň ýerleşýän ýerini kesgitleýän, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna resmi ýagdaýda bellige alnan we şoňa girizilen salga düşünilýär. 2. Kärhananyň diňe bir hukuk salgysy bolup biler.
8 madda
Kärhananyň möhüri we resmi kagyzlary
Kärhana öz işinde möhüri, möhürçeleri we resmi kagyzlary peýdalanýar. Kärhananyň möhürinde, möhürçelerindewe resmi kagyzlarynda kärhananyň resmi ady bolýar. Guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça döwlet kärhanasy bolan we döwlet häkimiýet…
9 madda
Kärhanany dolandyrmak
1. Kärhanany dolandyrmagyň tertibi şu kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenýär.
10 madda
Kärhananyň işiniň möhletleri
Eger Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da kärhananyň esaslandyryş resminamalary bilen işiň başga möhletleri bellenilmedik bolsa, onda kärhana iş möhleti çäklendirilmezden döredilýär.
11 madda
Kärhanany döretmegiň umumy şertleri
1. Kärhana ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) karary boýunça döredilýär. 2. Kärhanany esaslandyryjylar hökmünde ýuridik şahslar we kämillik ukyby bolan fiziki şahslar, şol sanda daşary ýurtlaryň şeýle şahslary bolup biler. 3.…
12 madda
Kärhananyň esaslandyryş şertnamasy
1. Kärhanany döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryş şertnamasy hasaplanylýar, şeýle şertnama kärhanany esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar. Esaslandyryş şertnamasy kärhananyň esaslandyryş resminamasy hasaplanýar. 2.…
13 madda
Kärhananyň tertipnamasy
1. Kärhananyň tertpnamasy ýuridik şahs hökmünde kärhananyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasydyr. Kärhananyň tertipnamasy kärhananyň esaslandyryş resminamasy hasaplanylýar. 2. Tertipnamada şu aşakdakylar bolmalydyr, ýagny: kärhananyň…
14 madda
Kärhanalaryň döwlet belliginiň maksatlary we wezipeleri
Kärhanalaryň döwlet belligi şu maksatlar üçin amala aşyrylýar, ýagny: Türkmenistanda kärhananyň döredilendigi, şeýle hem onuň üýtgedilip guralandygy ýa-da ýatyrylandygy hakyndaky hakykaty tassyklamak üçin; Türkmenistanda döredilýän, şeýle…
15 madda
Kärhanalaryň döwlet belligi
1. Kärhanalaryň döwlet belligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Kärhanalaryň döwlet belligini amala aşyrmak üçin…
16 madda
Kärhanany döwlet belligine almagyň möhleti
Esaslandyryjylar tarapyndan zerur resminamalar berlen pursatyndan başlap üç iş gününiň dowamynda kärhanany döwlet belligine almak ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edilýär.
17 madda
Kärhanany döwlet belligine almak üçin hödürlenilýän resminamalar
1. Kärhanany döwlet belligine almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmelidir, ýagny: kärhanany döwlet belligine almak üçin ony esaslandyryjy (esaslandyryjylar) ýa-da kärhanany döretmäge esaslandyryjylar tarapyndan ygtyýarly edilen…
18 madda
Kärhananyň döwlet belligine alynmagyndan ýüz öwürmek
1. Kärhanany döwlet belligine almakdan ýüz öwürmäge şu halatlarda ýol berilýär: esaslandyryş resminamalary şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda; şu Kanunyň 17 maddasynyň birinji punktunda göz öňünde tutulan resminamalaryň…
19 madda
Döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnamanyň ikinji nusgalygy
Döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnama ýitirilen halatynda kärhananyň ýazmaça arzasy esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bäş kalendar günüň dowamynda döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnamanyň ikinji…
20 madda
Kärhanany döwlet belligine almak üçin ýygym
Kärhananyň döwlet belligine alnandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilyän möçberlerde ýygym tölenilýär.
21 madda
Kärhanany gaýtadan bellige almak
1. Esaslandyryş resminamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende kärhana bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bir hepdäniň dowamynda habar bermäge borçludyr. 2. Kärhananyň adynyň, onuň eýesiniň ýa-da hukuk…
22 madda
Kärhananyň bellige alnyşyny ýatyrmak
1. Kärhanany ýatyrmak, batyp galmak hakyndaky önümçilik bilen baglanyşykly işler tamamlananda, şeýle hem ýalňyş bellige alnanda ýa-da kärhananyň döredilmegi kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilende, döwlet belligini geçiren…
23 madda
Kärhananyň şahamçalarynyň we wekillikleriniň döwlet belligi
1. Kärhananyň şahamçalary we wekillikleri kärhanalary bellige almak üçin bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir we Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna goşulýar. 2. d) şahamçanyň ýa-da wekilligiň işini alyp barmak…
24 madda
Kärhanalaryň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşleri
1. Kärhanalar işini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrýarlar: döwlet kärhanasy; ýekebara kärhana; hyzmatdaşlyk kärhanasy; bilelikdäki kärhana; jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy; hojalyk jemgyýeti; paýdarlar…
25 madda
Döwlet kärhanasy
1. Döwlet kärhanasy - munuň özi döwlet serişdeleriniň hasabyna döredilen ýa-da bellenilen tertipde döwlet eýeçiligine berlen kärhanadyr, ol özüne berkidilen emläge eýelik edýär, peýdalanýar we ygtyýarlyk edýär. 2. Döwlet kärhanasy döwlet…
Öňki
1 / 3
Indiki