Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.11.2025 · № 180-VII
«Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
43 madda · 18 sahypa
43 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler: 1) blokçeýn - ähli maglumatlaryň yzygiderlilikde ýazylan we bloklarda paýlanan, şunda her bir täze blok öňki blok bilen kriptografiki gol arkaly baglanyşdyrylan paýlanan reýestr tehnologiýasynyň…
2-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde wirtual aktiwler çygryndaky işlere degişlidir. 2. Şu Kanun aşakda görkezilenlere degişli däldir: 1) gymmat bahaly kagyzlar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gymmat bahaly kagyzlar diýlip kesgitlenilen…
3-nji madda
Wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we wirtual aktiwler bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
4-nji madda
Wirtual aktiwleriň hukuk ýagdaýy
1. Wirtual aktiw raýat hukuklarynyň özbaşdak obýekti, şeýle hem emläk we (ýa-da) emläkleýin däl hukuklary, şol sanda raýat hukuklarynyň beýleki obýektlerine talap hukuklaryny tassyklaýan serişdesi bolup biler. 2. Wirtual aktiwler…
5-nji madda
Wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň aýratynlyklary
1. Eger bu Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, wirtual aktiwlere bolan hukuklary edinmek we geçirmek boýunça şertler smart-şertnamalara, paýlanan reýestr tehnologiýasynyň we (ýa-da) şuňa meňzeş tehnologiýanyň öňden goýlan…
6-njy madda
Wirtual aktiwler çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Wirtual aktiwler çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr: 1) wirtual aktiwler çygrynda gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi; 2) wirtual aktiwler çygrynyň ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi; 3) wirtual…
7-nji madda
Wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleri
1. Wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleri şulardyr: 1) maksadalaýyklyk - tehnologiki ösüşi üpjün etmek, töwekgelçilikleriň öňüni almak we azaltmak maksady bilen, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny…
8-nji madda
Wirtual aktiwler çygrynda düzgünleşdirilýän işiň görnüşleri
Şu aşakdaky işiň görnüşleri wirtual aktiwler çygrynda düzgünleşdirilýän işler diýlip ykrar edilýär: 1) maýning; 2) wirtual aktiwleriň emissiýasy (goýberilmegi) we ilkinji ýerleşdirilmegi; 3) wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň…
9-njy madda
Wirtual aktiwler çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Merkezi banky (mundan beýläk - ygtyýarly edara), Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, ýerine…
10-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti wirtual aktiwler çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) şulary tassyklaýar: a) wirtual aktiwleriň emissiýasyny, ilkinji ýerleşdirilmegini we dolanyşygyny guramagyň we amala…
11-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
1. Ygtyýarly edara wirtual aktiwler çygrynda: 1) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we onuň hereket etmeginiň döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek çygrynda paýlanan reýestr…
12-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ygtyýarlylygy
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi wirtual aktiwler çygrynda: 1) wirtual aktiwler bazarynyň ösdürilmeginiň we onuň hereket etmeginiň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar; 2) wirtual aktiwleriň dolanyşygyny…
13-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary wirtual aktiwler çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmeklige gatnaşýarlar; 2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarly edara bilen ylalaşyp, kadalaşdyryjy hukuk…
14-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary wirtual aktiwler çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler; 2) garamagyndaky çäkde wirtual aktiwleriň dolanyşygynyň üpjün edilmegine ýardam edýärler; 3)…
15-nji madda
Wirtual aktiwler çygrynda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklary we borçlary
1. Ýuridik we fiziki şahslar wirtual aktiwler çygrynda şu aşakdakylara hukuklydyrlar: 1) wirtual aktiwlere eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýarlyk etmäge, şol sanda wirtual aktiwleri beýleki görnüşdäki wirtual aktiwler bilen çalyşmaga,…
16-njy madda
Maýning
1. Maýning hususy we senagat maýning görnüşinde amala aşyrylýar. 2. Hususy maýning Türkmenistanyň dahyllysy we (ýa-da) dahylsyzy bolan hususy telekeçi tarapyndan amala aşyrylýar. 3. Senagat maýning Türkmenistanyň dahyllysy we (ýa-da)…
17-nji madda
Maýnerleriň elektron sanawy, onuň maksatlary we wezipeleri
1. Maýnerleriň elektron sanawy - Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly bilen bitewüleşdirilen maýnerleri uzak aralykdan bellige almak we bellige alnandygy barada şahadatnamany bermek üçin maglumat ulgamy (ygtyýarly edaranyň…
18-nji madda
Maýnerleriň bellige alynmagy
1. Maýningi amala aşyrýan şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga borçludyrlar. 2. Maýnerleri bellige almak uzak aralykdan we bellige alnandygy barada şahadatnamany…
19-njy madda
Maýnerleriň bilelikdäki işi. Maýning-pul
1. Maýnerler özleriniň bilelikdäki işini amala aşyrmak maksady bilen, maýning-pul işini gurap bilerler. 2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan ýuridik şahs ýa-da hususy telekeçi maýning-pul işini guraýan şahs bolup…
20-nji madda
Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi
1. Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň hojalygy ýörediji subýektleri tarapyndan şu maksatlar üçin amala aşyrylýar: 1) maýa goýumlary we karz serişdeleri çekmek; 2) emläge bolan eýeçilik…
21-nji madda
Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
Emitent tarapyndan wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
22-nji madda
Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyndan ýüz döndermek
Şular wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyndan ýüz döndermek üçin esas bolup durýar: 1) döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin berlen resminamalaryň we şol…
23-nji madda
Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň togtadylmagy, şeýle hem olaryň geçirilmedik ýa-da hakyky däl diýlip ykrar edilmegi
1. Wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmegi: 1) wirtual aktiwler çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy, şeýle hem wirtual aktiwleriň emissiýasy we (ýa-da) jemagat öňünde…
24-nji madda
Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajy we tölegler
1. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň we (ýa-da) jemagat öňünde ýerleşdirilmeginiň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajy, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan edilen hyzmatlar üçin tölegleriň alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna…
25-nji madda
Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň ýeke-täk döwlet sanawy
1. Wirtual aktiwleriň emissiýasynyň ýeke-täk döwlet sanawynda emitentiň ady, wirtual aktiwleriň mukdary, nominal gymmaty (bellige alnan senesine), şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda göz öňünde tutulan beýleki maglumatlar…
Öňki
1 / 2
Indiki