Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
28.06.2025 · № 163-VII
«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
34 madda · 18 sahypa
34 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawy
Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň (mundan beýläk - saýlawçylar) bitewi döwlet sanawy (mundan beýläk - Döwlet sanawy) saýlawçylar baradaky şu Kanunda göz öňünde tutulan maglumatlary öz…
2-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Döwlet sanawynyň maglumat gory - maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, tehniki serişdeleriň ulgamyndan, şeýle hem elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, şu Kanunda…
3-nji madda
Döwlet sanawynyň esasy wezipeleri
Döwlet sanawynyň esasy wezipeleri şulardyr: 1) saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň hasaba alynmagyny guramak we ony ýöretmek; 2) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet…
4-nji madda
Döwlet sanawyny ýöretmegiň esasy maksatlary
Döwlet sanawyny ýöretmegiň esasy maksatlary şulardyr: 1) şu Kanunda bellenilen tertipde saýlawçylar baradaky doly we dogry maglumatlary öz içine alýan, ol maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak bilen, saýlawçylaryň…
5-nji madda
Döwlet sanawyny ýöretmegiň ýörelgeleri
Döwlet sanawyny ýöretmegiň ýörelgeleri şulardyr: 1) Döwlet sanawyny ýöretmek işinde kanunylyk we adam hukuklarynyň ileri tutulmagy - adamyň we raýatyň hukuklarynyň goralmagyny, Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibiniň Türkmenistanyň…
6-njy madda
Döwlet sanawyny ýöretmegiň dili
Döwlet sanawy Türkmenistanyň döwlet dilinde ýöredilýär.
7-nji madda
Döwlet sanawynyň maglumatlary
1. Saýlawçy hakyndaky şu Kanunda kesgitlenen şahsy maglumatlaryň aşakdaky görnüşleri Döwlet sanawyna girizilýär we Döwlet sanawynyň maglumat gorunda saklanylýar: 1) saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri,…
8-nji madda
Saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň barabarlygy
1. Saýlawçynyň şahsyýetini takyk kesgitleýän şahsy maglumatlarynyň barabarlygy onuň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri, hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň (bellige…
9-njy madda
Saýlawçynyň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän şahsy maglumatlar
1. Saýlawçynyň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän şahsy maglumatlara şular degişlidir: 1) saýlawçynyň şu Kanunyň 10-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenen saýlaw salgysy; 2) saýlawçynyň degişli bolan saýlaw uçastogynyň belgisi; 3)…
10-njy madda
Saýlawçynyň saýlaw salgysy
1. Saýlawçynyň saýlaw salgysy onuň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň (bellige alnan) salgysydyr. 2. Wagtlaýyn bolýan ýeri (bellige alnan), hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri (ýazga alnan…
11-nji madda
Döwlet sanawynyň saýlawçylar baradaky goşmaça maglumatlary
Döwlet sanawynyň saýlawçylar baradaky goşmaça maglumatlaryna şular degişlidir: 1) saýlawçynyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen senesi; 2) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilen senesi (Döwlet sanawyna girizilen we Türkmenistanyň…
12-nji madda
Saýlawçylaryň Döwlet sanawyna özara gatnaşygy
1. Her bir saýlawçynyň şulara hukugy bardyr: 1) Döwlet sanawyny ýöredijä özüniň şahsy maglumatlaryny bermäge; 2) Döwlet sanawyna özüniň girizilendigi (girizilmändigi) barada maglumat almaga; 3) degişli Döwlet sanawyny ýöredijiden Döwlet…
13-nji madda
Saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygynyň we howpsuzlygynyň kepillikleri
1. Saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet sanawyny dolandyryjy: 1) Döwlet sanawyny ýöredijiler, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň…
14-nji madda
Döwlet sanawyny ýöretmegiň görnüşi
1. Döwlet sanawy Döwlet sanawyny dolandyryjy we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan işlenip düzülýän klassifikatory ulanmak arkaly elektron görnüşde ýöredilýär. 2. Saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň ýazgysy Döwlet sanawynyň…
15-nji madda
Saýlawçylaryň Döwlet sanawynyň edaralary
1. Saýlawçylaryň Döwlet sanawyny düzgünleşdirýän edaralara (mundan beýläk - Döwlet sanawynyň edaralary) şular degişlidir: 1) Döwlet sanawyny dolandyryjy; 2) Döwlet sanawyny ýöredijiler. 2. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary…
16-njy madda
Döwlet sanawyny ýöredijiniň Döwlet sanawynyň maglumat goruna girmeginiň tertibi
1. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan kesgitlenen tertipde, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryna girmäge ygtyýarlydyr. 2. Döwlet sanawynyň maglumat goruna täze ýazgylary, üýtgetmeleri girizmek hem-de onuň…
17-nji madda
Döwlet sanawyny ýöretmek boýunça hereketler
1. Döwlet sanawyny ýöretmek aşakdaky hereketleri öz içine alýar: 1) Döwlet sanawynyň maglumat goruna saýlawçy barada ýazgynyň girizilmegini; 2) Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeleriň girizilmegini; 3) Döwlet sanawynyň…
18-nji madda
Döwlet sanawyny ýöretmek boýunça hereketleri ýerine ýetirmegiň esaslary
1. Şahsyň saýlaw hukugyna eýe bolandygyny tassyklaýan aşakdaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly resminamalaryň bellenilen tertipde degişli Döwlet sanawyny ýöredijä berilmegi Döwlet sanawynyň maglumat goruna ýazgy girizmek üçin esas bolup…
19-njy madda
Döwlet sanawyny ýöredijä resminamalary bermegiň tertibi
Şu Kanunyň 18-nji maddasynda görkezilen resminamalar degişli Döwlet sanawyny ýöredijä şu tertipde berlip bilner: 1) şahsyň öz başlangyjy boýunça ýüz tutmagy; 2) Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň döwürleýin täzelenip durulmagy; 3)…
20-nji madda
Raýatyň öz başlangyjy boýunça özüniň Döwlet sanawyna girizilmegi barada Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmagynyň tertibi
1. Döwlet sanawyna girizilmändigine göz ýetiren saýlaw hukukly raýat özüniň Döwlet sanawyna girizilmegi barada degişli Döwlet sanawyny ýöredijä öz başlangyjy bilen ýüz tutup biler. 2. Raýat özi baradaky maglumatlary görkezmek bilen, Döwlet…
21-nji madda
Saýlawçynyň öz başlangyjy bilen, onuň şahsy maglumatlaryny üýtgetmek boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmagynyň tertibi
1. Şahsy maglumatlary üýtgän halatynda, saýlawçy Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryna üýtgetme girizmek barada öz saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä arza bilen ýüz tutup biler. Şol üýtgetmeleri tassyklaýan resminamalar…
22-nji madda
Saýlawçynyň Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmagy
1. Saýlawçy Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny görkezip, Döwlet sanawyndaky öz şahsy maglumatlary bilen bagly meseleler barada özüniň saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutup biler. 2. Türkmenistanyň çäginden daşarda…
23-nji madda
Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary döwürleýin täzelemegiň tertibi
1. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň her ýarymýyllykda täzelenmegini amala aşyrýar. Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň täzelenmegi şu maddanyň üçünji - ýedinji we on dördünji böleklerinde görkezilen edaralar…
24-nji madda
Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary anyklamak
1. Saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň Döwlet sanawyna girizilmändigi, bikanun ýa-da birden köp gezek girizilendigi we saýlawçynyň şahsy maglumatlarynda ýalňyşlyklaryň bardygy ýüze çykarylan halatynda, Döwlet sanawyny ýörediji tarapyndan…
25-nji madda
Döwlet sanawynyň maliýeleşdirilmegi
Döwlet sanawyny döretmek, ýöretmek we onuň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki