Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
07.06.2024 · № 101-VII
«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
18 madda · 6 sahypa
18 madda
1-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet syýasaty
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasaty Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly…
2-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň düzümi
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna şular degişlidir: 1) Magtymguly Pyragynyň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar; 2) Magtymguly Pyragynyň nebereleri hem-de şahyrlar, alymlar, bagşylar…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary şulardan ybaratdyr: 1) Magtymguly Pyragy hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek; 2) Magtymguly Pyragynyň ilatda saklanylýan golýazmalaryny we beýleki ýazuw…
5-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlary
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlaryna şular degişlidir: 1) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň toplanylmagyna, ylmy taýdan barlanylmagyna, öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet…
6-njy madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak,…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda: 1) döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet eýeçiliginde durýan gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edilişine we…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda: 1) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar; 2) Magtymguly Pyragynyň…
9-njy madda
Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda: 1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) Türkmenistanyň…
10-njy madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda amala aşyrylýan işlere gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda: 1) döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň öwrenilmegine, ylmy taýdan barlanylmagyna,…
11-nji madda
Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy, adynyň we şekiliniň ulanylmagy
1. Magtymguly Pyragynyň adynyň döwlet obýektlerine, geografik we gaýry obýektlere dakylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Magtymguly Pyragynyň ady we şekili Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde…
12-nji madda
Magtymguly Pyragynyň monumental heýkelleriniň, ýadygärlikleriniň we edebi eserleriniň döwlet goragy
1. Magtymguly Pyragynyň monumental heýkelleri, ýadygärlikleri we edebi eserleri Türkmenistanyň medeni gymmatlygydyr. Olar döwlet belligine alynmaga degişlidir. 2. Döwlet Magtymguly Pyragynyň daşary ýurtlarda ýerleşýän monumental…
13-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň alnyp gidilmegi we getirilmegi
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň alnyp gidilmegi we getirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
14-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda maliýeleşdirmek
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeleriň, býujetden daşary serişdeleriň, döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň serişdeleriniň,…
15-nji madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda halkara hyzmatdaşlyk
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
16-njy madda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
17-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
18-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.