Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.06.2023 · № 22-VII
«Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
20 madda · 7 sahypa
20 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Býulleten - integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragynyň meseleleri boýunça resmi döwürleýin neşir; 2) integral mikroshema - özüniň esasynda önüm taýýarlanylýan materialyň…
2-nji madda
Topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine esaslanýar we şu Kanundan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Topologiýalaryň hukuk goragynyň obýektleri we şertleri
1. Topologiýalaryň hukuk goragy döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Diňe özboluşly topologiýa topologiýanyň hukuk goragynyň obýektidir. Özboluşly topologiýa diýlip, onuň awtorynyň döredijilik işiniň netijesinde döredilen we döredilen…
4-nji madda
Topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, topologiýalaryň hukuk goragy babatda ygtyýarlandyrylan edara - Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet…
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar; 4) Türkmenistanyň kanunçylygynda…
6-njy madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) Türkmenistanyň topologiýalaryň hukuk goragynyň…
7-nji madda
Türkmenpatendiň ygtyýarlylygy
Türkmenpatent topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça düşündirişleri berýär; 3) şu Kanunyň 6-njy maddasynyň…
8-nji madda
Topologiýa bolan awtorlyk hukugy
1. Topologiýa bolan awtorlyk hukugy onuň döredilmegi bilen ýüze çykýar. Eger topologiýa iki we ondan köp fiziki şahsyň bilelikdäki döredijilik işi bilen döredilen bolsa, onda topologiýanyň her biri özbaşdak ähmiýete eýe bolan ýa-da…
9-njy madda
Topologiýa bolan awtorlyk hukugynyň ykrar edilmeginiň şertleri
1. Hukuk eýesi öz hukuklary barada mälim edilmegi üçin, topologiýanyň yglan edilen pursadyndan başlap, topologiýa bolan awtorlyk hukugynyň goragynyň aşakdakylardan ybarat nyşanyny peýdalanyp biler: 1) halkanyň ýa-da inedördüliň, tegelek…
10-njy madda
Topologiýa bolan aýratyn hukugyň hereket ediş möhleti
1. Topologiýa bolan aýratyn hukuk on ýylyň dowamynda hereket edýär. 2. Topologiýa bolan aýratyn hukugyň hereket ediş möhleti bu topologiýanyň ýa-da bu topologiýa özüne girizilen integral mikroshemanyň, ýa-da şeýle integral mikroshemany…
11-nji madda
Topologiýanyň awtorynyň şahsy hukuklary
Topologiýanyň awtoryna, onuň emläk hukuklaryna garamazdan, şu aşakdaky şahsy hukuklar degişlidir: 1) awtorlyk hukugy, ýagny topologiýanyň awtory diýlip hasap edilmek hukugy; 2) adynyň görkezilmegine bolan hukugy, ýagny topologiýada awtoryň…
12-nji madda
Topologiýa bolan emläk hukuklary
1. Topologiýanyň awtoryna ýa-da beýleki hukuk eýelerine bu topologiýany öz garaýyşlary boýunça, hususan-da, degişli rugsatnama bolmazdan bu topologiýanyň beýleki şahslar tarapyndan peýdalanylmagyny gadagan etmäge bolan hukugy goşmak bilen,…
13-nji madda
Topologiýa bolan emläk hukuklarynyň berilmegi
1. Topologiýa bolan emläk hukuklary başga bir fiziki ýa-da ýuridik şahslara emläk hukuklaryny bermek hakynda şertnama boýunça dolulygyna ýa-da bölekleýin berlip bilner. Topologiýa bolan emläk hukuklaryny bermek hakynda şertnama ýazmaça…
14-nji madda
Gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi tertibinde we buýrujy bilen baglaşylan şertnama boýunça döredilen topologiýa bolan emläk hukuklary
1. Gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi tertibinde ýa-da iş berijiniň tabşyrygy boýunça döredilen topologiýa bolan emläk hukuklary, eger onuň bilen awtoryň arasynda baglaşylan şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, iş berijä…
15-nji madda
Topologiýanyň bellige alynmagyna bolan hukuk
1. Topologiýa bolan ähli emläk hukuklarynyň hukuk eýesi gönüden-göni ýa-da özüniň wekiliniň üsti bilen awtorlyk hukugynyň hereket ediş möhletiniň dowamynda öz islegi boýunça topologiýany döwlet belligine aldyrmak üçin haýyşnamany…
16-njy madda
Awtorlyk hukugynyň bozulmagy. Topologiýalaryň kontrofakt nusgalary
1. Hukuk eýeleriniň aýratyn hukuklary babatda şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmeýän, şol sanda topologiýalaryň hukuk eýeleriniň razyçylygy bolmazdan topologiýanyň taýýarlanylan nusgalarynyň Türkmenistana getirilmegini amala aşyrýan fiziki…
17-nji madda
Topologiýanyň awtorynyň hukuklarynyň goragy
1. Topologiýanyň awtory we beýleki hukuk eýeleri şulary talap etmäge haklydyrlar: 1) hukuklarynyň ykrar edilmegini; 2) hukugyň bozulmagyndan öň bar bolan ýagdaýyň dikeldilmegini we hukugy bozýan ýa-da onuň bozulmagyna howp salýan…
18-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
19-njy madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
20-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli: 1) 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat…