Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.03.2023 · № 548-VI
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
13 madda · 4 sahypa
13 madda
1-nji madda
Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy
Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki…
2-nji madda
Arkadag şäheriniň çägi
Arkadag şäheriniň çägi Türkmenistanyň çäginiň aýrylmaz bölegini düzýär. Arkadag şäheriniň çäk bölünişigi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň çäk birlikleri olaryň taryhy, geografiki we şähergurluşyk…
3-nji madda
Arkadag şäheriniň ilaty
Arkadag şäheriniň ilatyny ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan Arkadag şäheri ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary…
4-nji madda
Arkadag şäheriniň eýeçiligi
Arkadag şäheriniň eýeçiliginde şäher býujetiniň serişdeleri, şäher kärhanalarynyň we edaralarynyň emlägi, şeýle hem kanuna laýyklykda beýleki ýuridiki we fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolmadyk gaýry obýektler durýar. Türkmenistanyň…
5-nji madda
Arkadag şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde we onuň etraplarynda Arkadag şäheriniň halk maslahaty we onuň etraplarynyň halk maslahatlary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolup durýarlar.…
6-njy madda
Arkadag şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýeti
Arkadag şäheriniň çäginde ýerine ýetiriji häkimiýet şäheriň häkimi we etraplaryň häkimleri tarapyndan amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň häkimi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Arkadag şäheriniň häkimi Türkmenistanyň…
7-nji madda
Arkadag şäheriniň häkiminiň ygtyýarlyklary
Şäheriň häkimi: 1) öz çägine degişli etraplaryň häkimleriniň öz wezipelerini we ygtyýarlyklaryny berjaý etmek boýunça alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk we gözegçilik edýär, olaryň iş tejribelerini umumylaşdyrýar, iş usullaryny…
8-nji madda
Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirliklerini, gulluklaryny, edaralaryny we guramalaryny döretmegiň tertibi
Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirlikleri, gulluklary, edaralary we guramalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň göni tabynlygynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag…
9-njy madda
Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemegiň tertibi
Döwlet ähmiýetli şäher hökmünde Arkadag şäheriniň aýratyn hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak Türkmenistanyň…
10-njy madda
Kazyýet häkimiýeti
Arkadag şäherinde adyl kazyýetlik diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň kazyýet ulgamy Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň bir bölegi bolup durýar we Arkadag şäheriniň kazyýetini, Arkadag şäheriniň etrap kazyýetlerini öz…
11-nji madda
Hukuk goraýjy edaralar
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň janynyň, saglygynyň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy, jenaýatlaryň edilmegine garşy hereket etmek, jemgyýetçilik tertibini,…
12-nji madda
Arkadag şäheriniň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi
Arkadag şäheriniň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
13-nji madda
Şu Kanunyň herekete girizilmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.