Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.11.2022 · № 508-VI
«Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
35 madda · 15 sahypa
35 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) attraksion - täzeçillik alamatlary, oýun tärliliginiň baýlygy, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we şagalaňlyk täsiri bilen tapawutlanýan sirk tomaşasynyň esasy…
2-nji madda
Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri
1. Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary ýurtda sirk işiniň häzirki döwrüň talaplaryna we şertlerine laýyklykda netijeli hereket etmegi we ösmegi üçin kadalaşdyryjy hukuk şertleriň döredilmegini üpjün…
4-nji madda
Sirk işi babatda döwlet syýasaty
1. Sirk işi babatda döwlet syýasaty döwletiň medeniýet syýasatynyň düzüm bölegi bolmak bilen, sirkiň we sirk sungatynyň medeniýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde möhüm ornunyň ykrar edilmegine esaslanýar. 2. Sirk işi babatda döwlet syýasaty…
5-nji madda
Sirk sungatynyň umumy elýeterliligi
1. Raýatlar milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, türkmen halkynyň medeni gymmatlygy bolan sirk…
6-njy madda
Sirk sungaty babatda döredijilik erkinligi
1. Sirk sungaty babatda döredijilik erkinligi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň çeper döredijiligiň erkinligine bolan hukuklaryna esaslanýar we sirklere öz işini guramakda özbaşdaklygyň berilmegi arkaly üpjün edilýär,…
7-nji madda
Höwesjeň sirk sungaty
1. Sirk sungaty babatda höwesjeň döredijilik Türkmenistanda sirk sungatynyň işiniň düzüm bölegidir. 2. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda döredilýän, esasyny höwesjeň sirk toparlarynyň ýerine ýetirýän dürli sirk tomaşalary düzýän,…
8-nji madda
Sirk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Sirk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy (mundan beýläk - Ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala…
9-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti sirk işi babatda: 1) döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň sirk işi babatda işiniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirmesini amala aşyrýar; 3) sirk işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň…
10-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara sirk işi babatda: 1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) sirk işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we ony tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär hem-de…
11-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz garamagyndaky çäklerde sirk işi babatda: 1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) sirk işiniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen zerur bolan maddy-tehniki we guramaçylyk…
12-nji madda
Sirkiň hukuk ýagdaýy
1. Sirkiň hukuk ýagdaýy onuň esaslandyryjysy tarapyndan kesgitlenilýär. 2. Sirk özüniň işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we esaslandyryjy tarapyndan tassyklanylan tertipnama laýyklykda amala aşyrýar. Sirkler döredijilik işiniň erkinligini…
13-nji madda
Sirk işiniň maksatlary, esasy görnüşleri we guralmagy
1. Sirk işiniň maksatlary sirk sungatyny ösdürmekden, ilatyň sirk sungatyna bolan isleglerini döretmekden we kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. 2. Şular sirk işiniň esasy görnüşleridir: 1) sirk tomaşalaryny, sirk sungatynyň beýleki eserlerini…
14-nji madda
Sirkiň hukuklary we borçlary
1. Sirkiň öz döredijilik we hojalyk işlerini özbaşdak meýilleşdirmäge, peteklere bahalary bellemäge, ösüşiniň geljegini kesgitlemäge, repertuaryny saýlap almaga we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki işleri ýerine ýetirmäge…
15-nji madda
Sirkiň öz nyşanyna bolan hukugy
1. Sirkiň öz hususy nyşanyna (resmi adyna, emblemasyna, haryt nyşanyna, beýleki şekillerine) hukugy bardyr. 2. Nyşany Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet belligine alnan sirk ony peýdalanmak üçin aýratyn hukuga…
16-njy madda
Sirk işi amala aşyrylanda howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi
1. Sirkleriň esaslandyryjylary sirki we onuň ýörite taslama boýunça gurlan degişli binalaryny (desgalary, jaýlary), şeýle hem sirk tomaşalaryny döretmek we görkezmek üçin niýetlenilen beýleki jaýlary howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny…
17-nji madda
Sirkleriň döredilmegi
1. Sirkleriň döredilmegi üçin ýurduň ilatynyň sirk sungatyna durmuş-ykdysady, milli, medeni-çeperçilik islegleri we degişli döredijilik, işgärler we maddy-enjamlaýyn mümkinçilikleriň barlygy esas bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde sirk…
18-nji madda
Sirkleriň döwlet belligine alynmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi
1. Sirkleriň döwlet belligine alynmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Döwlet sirkiniň işiniň bes edilen ýagdaýynda, algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soňky…
19-njy madda
Sirkleriň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Türkmenistanyň sirkleri umumy döredijilik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmek üçin özleriniň döredijilik, ylmy, önümçilik we beýleki işlerini utgaşdyrmak maksady bilen, jemgyýetçilik birleşiklerini döredip bilerler. Bu birleşikleriň…
20-nji madda
Sirkleriň döredijilik işgärleriniň işi
1. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň sahnalaşdyrylan sirk tomaşasyny taýýarlamak we oňa gatnaşmak bilen baglanyşykly işi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň işi zähmet…
21-nji madda
Sirkleriň döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy
1. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy döwlet we sirkleriň esaslandyryjylary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär. 2. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň aşakdakylara hukuklary…
22-nji madda
Sirk işiniň işgärler bilen üpjünçiligi
1. Döwlet sirkiň döredijilik işgärleriniň, şeýle hem dolandyryjy işgärleriniň, şol sanda sirk prodýuserleriniň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda üznüksiz hünär bilimini almaklaryna ýardam berýär. 2. Sirk işi üçin işgärleri taýýarlamak…
23-nji madda
Sirk eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukuklylar
1. Sirk eseri ony köpçülikde ýerine ýetirmek barada çözgüt kabul edilen pursadyndan döredilen diýlip hasap edilýär. 2. Sirk eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukuklylar - sirk ssenarisiniň awtory, sirk eseri üçin ýörite döredilen…
24-nji madda
Sirkiň ssenariçisiniň, sahna eserini goýujysynyň we artistleriniň atlarynyň görkezilmegine we sirk eserine bolan hukuklary
1. Ssenariçä, sahna eserini goýuja we artistlere atlarynyň görkezilmegine bolan hukuk, ýagny mahabatlandyryş neşirlerinde, bildiriş tagtalarynda, sahnalaşdyrylan sirk tomaşasy bilen baglanyşykly beýleki maglumat serişdelerinde öz atlarynyň…
25-nji madda
Sirk prodýuseriniň borçlary
Sirk prodýuseri özüniň we sahna eserini goýujynyň arasyndaky şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ssenariçä we sahna eserini goýuja aşakdakylary habar bermäge borçludyr: 1) sahnalaşdyrylan sirk eserinde üýtgetmeleri amala…
Öňki
1 / 2
Indiki