Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.11.2022 · № 507-VI
«Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
130 madda · 5 bölüm · 42 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Notariatyň işiniň guramaçylyk we hukuk esaslary
II
Notarial hereketlerini amala aşyrmak
III
Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň düzgünleri
IV
Şu kanuny daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary babatda ulanmak. Daşary ýurt döwletleriniň hukuk kadalaryny ulanmak. Halkara şertnamalary
V
Jemleýji düzgünler
Ähli bölümler
I. Notariatyň işiniň guramaçylyk we hukuk esaslary
II. Notarial hereketlerini amala aşyrmak
III. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň düzgünleri
IV. Şu kanuny daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary babatda ulanmak. Daşary ýurt döwletleriniň hukuk kadalaryny ulanmak. Halkara şertnamalary
V. Jemleýji düzgünler
130 madda
1-nji madda
Türkmenistanda notariat
Türkmenistanda notariat - bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan, notarial işi amala aşyrmaga hukuk…
2-nji madda
Notariatyň esasy wezipesi
Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar.
3-nji madda
Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we notarial işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
4-nji madda
Notarial işi
1. Notarial işi - bu döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy (mundan beýläk - döwlet notariusy), hususy notarius (mundan beýläk bilelikde ulanylanda - notariuslar) we şu Kanuna laýyklykda notarial işini amala aşyrmak wezipeleri…
5-nji madda
Notarial işiniň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanda notarial işi kanunylyk, adalatlylyk, garaşsyzlyk we notarial hereketleriniň syryny saklamak ýörelgelerine esaslanýar.
6-njy madda
Notarial işi amala aşyrylanda kanunylyk
Türkmenistanda notarial işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
7-nji madda
Notarial işi amala aşyrylanda adalatlylyk
1. Notarial işi ähli adamlar üçin olaryň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan deň şertlerde amala…
8-nji madda
Notarial işi amala aşyrylanda garaşsyzlyk
1. Notarial işini amala aşyrýan adamlar üstlerine ýüklenilen borçlary ýerine ýetirenlerinde garaşsyzdyrlar we diňe Türkmenistanyň kanunlaryna tabyndyrlar. 2. Notarial işini amala aşyrýan adamlara ýüklenilen borçlar ýerine ýetirilende olara…
9-njy madda
Notarial hereketleriň syryny saklamak we maglumatlary bermek
1. Fiziki we ýuridik şahslara olar babatda amala aşyrylan notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagy kepillendirilýär. 2. Notarial işini amala aşyrýan adamlar amala aşyran notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagyny üpjün etmäge…
10-njy madda
Notarial hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuk
1. Ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen halatlarda we çäklerde şular notarial hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuga eýedirler: 1) döwlet notariuslary; 2) hususy notariuslar; 3) Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli…
11-nji madda
Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi
1. Notarial hereketleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2. Notarial hereketleri amala aşyrylanda notarial işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan notarial nama - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen…
12-nji madda
Notarial iş önümçiligi
1. Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerine laýyklykda amala…
13-nji madda
Notarial iş önümçiliginiň dili
Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar, notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijeleri boýunça berilýän resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.
14-nji madda
Notarial arhiwi
1. Notarial işiniň netijesinde emele gelýän resminamalary toplamak, hasaba almak, peýdalanmak we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen möhletleriň dowamynda abat saklamak üçin döwlet notarial edaralarynda hem-de notarial işini amala…
15-nji madda
Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň esasy düzgünleri
1. Notarial işi hakynda maglumatlary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň alnyp barylmagyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak we maglumatlar babatda bilelikde hereket etmegiň (alyş-çalşyň) ähli görnüşlerini üpjün etmek üçin niýetlenilen elektron…
16-njy madda
Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna maglumatlaryň girizilmegi
1. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna maglumatlaryň girizilmegi notariuslar tarapyndan amala aşyrylýar. Notariuslar şu görkezilen maglumatlary Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna girizmäge borçludyrlar: 1) notarial hereketleriň…
17-nji madda
Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlaryň berilmegi
1. Notariuslar maglumat-telekommunikasiýa toruny ulanmak bilen şahslaryň Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda saklanylýan şu aşakdaky maglumatlara göni girişi üpjün edýärler: 1) ynanç hatlary barada maglumatlara (tassyklanan we…
18-nji madda
Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna maglumatlary girizmek üçin tehniki şertleriň üpjün edilmegi
Döwlet notarial edaralary, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumatlary notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna öz wagtynda girizilmegi üçin tehniki şertleri üpjün etmäge borçludyrlar.
19-njy madda
Döwlet notariusy
1. Ýokary hukuk bilimi bolan, döwlet notarial edarasynda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty döwlet notariusy bolup biler. 2. Öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan, şeýle…
20-nji madda
Hususy notarius
1. Ýokary hukuk bilimi bolan, hukuk hünäri boýunça azyndan 2 ýyl üznüksiz iş döwri bolan, notariusda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty hususy notarius bolup biler. 2. Hususy notariusyň notarial…
21-nji madda
Notariusyň kömekçisi
1. Türkmenistanyň raýatlary notariusyň kömekçileri bolup bilerler. Şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji böleginde we 20-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen adamlar notariusyň kömekçisi bolup bilmezler. 2. Döwlet notariusynyň…
22-nji madda
Notariusyň tälim alyjysy
1. Notariusyň tälim alyjysynyň hukuklary, borçlary we iş şertleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär. 2. Ýokary hukuk bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary notariusyň tälim alyjysy bolup biler. Notariusyň…
23-nji madda
Notariuslaryň hukuklary
Notariuslaryň şulara hukugy bardyr: 1) ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketlerini amala aşyrmaga; 2) geleşikleriň,…
24-nji madda
Notariuslaryň borçlary
1. Notariuslar şulara borçludyr: 1) şu Kanuna we kabul eden Kasamyna laýyklykda öz hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge; 2) hünär etikasyny berjaý etmäge; 3) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna…
25-nji madda
Notariuslaryň iş çägi
1. Notariuslaryň iş çägi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinde kesgitlenilýär. 2. Notariuslaryň edara jaýy şu maddada göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen iş çäginde…
Öňki
1 / 6
Indiki