Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
01.09.2022 · № 505-VI
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
57 madda · 32 sahypa
57 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) watançylyk - Türkmenistanyň raýatynyň öz Watanyna, halkyna bolan söýgüsinden, Watan öňündäki raýatlyk borjuna wepaly bolmakdan we ony berjaý etmäge ýokary jogapkärçilikli çemeleşmekden,…
2-nji madda
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň gatnaşyjylary
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty şu aşakdakylara degişlidir: 1) kämillik ýaşyna ýetmediklere; 2) okuwçy ýaşlara; 3) talyp ýaşlara; 4) işçi ýaşlara; 5) daýhan ýaşlara; 6) ýaş maşgalalara; 7) ýaşlar birleşiklerine; 8) ýaşlar…
3-nji madda
Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
4-nji madda
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar: 1) umumadamzat gymmatlyklaryny, ýaşlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmak, şeýle hem şahsyýetiň erkin ösüşi, ynsanperwerlik we…
5-nji madda
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary şulardan ybaratdyr: 1) ýaşlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek; 2) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň goşandyny…
6-njy madda
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr: 1) döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklary üçin şertleri döretmek; 2) ýaşlaryň hukuklarynyň we…
7-nji madda
Ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň düzümi (gurluşy). Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatdaky işiň esasy ugurlary
1. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň düzümi (gurluşy) şulary öz içine alýar: 1) ruhy-ahlak terbiýe - şahsyýetiň ýokary gymmatlyklara, nusgalyk göreldelere we gözükdirmelere, hakyky durmuşda durmuş taýdan ähmiýetli dowam edýän ýagdaýlara we…
8-nji madda
Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi ulgamy
1. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgamda köptaraplaýyn işi pugtalandyrmaga we utgaşdyrmaga gönükdirilen ýaşlaryň watançylyk terbiýesi ulgamy döredilýär. 2. Ýaşlaryň watançylyk…
9-njy madda
Ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň gatnaşyjylary
Şu Kanunyň 10-njy maddasynda görkezilen, ýaşlar syýasaty babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hem-de wezipeli adamlar ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň gatnaşyjylary bolup durýarlar.
10-njy madda
Ýaşlar barada döwlet syýasaty babatynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hem-de wezipeli adamlar
Şular ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hem-de wezipeli adamlar bolup durýarlar: 1) Türkmenistanyň Prezidenti; 2) Türkmenistanyň Mejlisi; 3) Türkmenistanyň Ministrler…
11-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) umumy guramaçylyk, durmuş, ykdysady, syýasy we hukuk esaslaryny…
12-nji madda
Ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylanyň ygtyýarlylygy
Ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylan ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda: 1) döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny üpjün edýär, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklatmak üçin hödürleýär we durmuşa…
13-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna…
14-nji madda
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýärler; 3) sanly ulgamy ornaşdyrýarlar we…
15-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda: 1) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň sebitlerde durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler; 2) döwlet ýaşlar…
16-njy madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri: 1) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar; 2) ýaşlarda durmuşa bolan berk ynamyň we garaýyşlaryň kemala gelmegine, ýaşlary…
17-nji madda
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işi guramak
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde, şu Kanunyň 10-njy maddasynda kesgitlenen edaralaryň hem-de wezipeli adamlaryň üstüne ýüklenilýär. 2. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny…
18-nji madda
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gatnaşmagy
1. Ýaşlar Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine aşakdakylar arkaly, şol sanda sanly ulgamyň üsti bilen hem gatnaşyp bilerler: 1) ýaşlaryň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlary boýunça…
19-njy madda
Ýaşlar bilen işi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen guramalar
1. Ýaşlar bilen işi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen guramalara şular degişlidir: 1) jemgyýetçilik birleşikleri, ýaşlar merkezleri, ýetginjekler we bedenterbiýe-sport merkezleri; 2) ýaşlar üçin durmuş gulluklary; 3) ýaşlaryň iş bilen…
20-nji madda
Ýaşlar üçin durmuş gulluklary
1. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we ýaşlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kepillikler bilen üpjün etmek maksady bilen, döwlet-jemgyýetçilik esasynda ýaşlar üçin durmuş gulluklary döredilip bilner. 2.…
21-nji madda
Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary
Türkmenistanyň ýaşlary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen berilýän ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar.
22-nji madda
Ýaşlaryň hukuk goraglylygy we ony üpjün etmek
1. Ýaşlaryň hukuk goraglylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Ýaşlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň haýsydyr…
23-nji madda
Türkmenistanda ýaşlaryň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýaşlara beýleki raýatlar üçin bellenen borçlar bilen deňeşdirilende haýsydyr bir goşmaça borçlaryň ýüklenilmegine ýol berilmeýär. 2. 18 ýaşa (kämillik ýaşyna)…
24-nji madda
Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygy
1. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň çärelerine şular degişlidir: 1) tölegsiz umumy orta bilimi hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bilim edaralarynda tölegli ýa-da tölegsiz esasda hünär bilimini almak; 2) Türkmenistanyň…
25-nji madda
Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlary
Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlary şulardyr: 1) bilim çygrynda ýaşlary goldamak; 2) zehinli ýaşlary goldamak; 3) medeniýet we sungat çygrynda ýaşlary goldamak; 4) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary goldamak; 5) ýaş…
Öňki
1 / 3
Indiki