Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.12.2021 · № 435-VI
«Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
21 madda · 9 sahypa
21 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ýokanç däl keseller - genetiki, fiziologik, ekologik we özüňi alyp baryş ýagdaýlarynyň utgaşmasynyň täsiriniň netijesi bolup durýan saglyk ýagdaýynyň bozulmalarynyň topary. Ýokanç däl…
2-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan/bolýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk…
4-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
1. Şular ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) ýokanç däl keselli näsaglaryň ýaşamagy hem-de saglygynyň goralmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi; 2) islendik…
5-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işiň maliýeleşdirilmegi
1. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işiň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna…
6-njy madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji…
7-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni…
8-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ygtyýarly edara: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli…
9-njy madda
Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny…
10-njy madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak çygryndaky işi guramak
1. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak çygryndaky işi guramak şular arkaly amala aşyrylýar: 1) ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça maksatnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek; 2) ýokanç däl…
11-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça çäreler
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek şular arkaly amala aşyrylýar: 1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň edilmegi, ýokanç däl keselli näsaglaryň saglygy goraýyş hyzmatlary bilen…
12-nji madda
Ýokanç däl keselli näsaglaryň dispanserleşdirilmegini we öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesini geçirmek
1. Dispanserleşdirmek ýokanç däl keselli näsaglary düýpli barlamak arkaly, şu maksatlar bilen geçirilýär: 1) Türkmenistanyň ilatynyň maýyp bolmagynyň we biwagt ölüminiň esasy sebäbi bolup durýan esasy ýokanç däl keselleri (ýagdaýlary),…
13-nji madda
Ýokanç däl keselli näsaglaryň bellige alynmagy, dispanser hasaba alynmagynyň ýöredilmegi we olara dispanser gözegçiligi
1. Ýokanç däl keselli näsaglaryň bellige alynmagy, dispanser hasaba alynmagynyň ýöredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşyrynlygyň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar. 2. Ýokanç däl keselli näsaglaryň dispanser hasaba…
14-nji madda
Ýokanç däl keselli näsaglaryň esasy hukuklary
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýokanç däl keselli näsaglara saglygynyň goralmagyna bolan hukuk döwlet tarapyndan kepillendirilýär. 2. Ýokanç däl keselli…
15-nji madda
Ýokanç däl keselli näsaglaryň esasy borçlary
Şular ýokanç däl keselli näsaglaryň esasy borçlary bolup durýar: 1) öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek hakynda alada etmek, fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, zähmet bilen dynç alyşy sazlaşykly utgaşdyrmak, bedenterbiýe we sport bilen…
16-njy madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işi amala aşyrýan saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygy
Ýokanç däl keselli näsaglary irki döwürde ýüze çykarandygy, ýokanç däl keselleriň gaýraüzülmeleriniň öňüni almaklygy we bejermekligi amala aşyrandygy üçin saglygy goraýyş işgärlerine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda höweslendirmeler…
17-nji madda
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy şulara ýardam etmek üçin amala aşyrylýar: 1) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli…
18-nji madda
Lukmançylyk syrynyň berjaý edilmegi
Gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen bagly öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesiniň geçirilmeginiň netijeleri hakynda, şeýle hem ýokanç däl keselli näsaglar hakynda maglumatlar özlerine mälim bolan saglygy goraýyş edaralarynyň…
19-njy madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
20-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
21-nji madda
Şu Kanunyň herekete girizilmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.