Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.12.2021 · № 434-VI
«Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 11 sahypa
25 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) durmuş hyzmaty - adamlaryň aýratyn toparlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we (ýa-da) öz esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmekleri üçin olaryň mümkinçiliklerini…
2-nji madda
Durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara, bosgunlara, şeýle hem durmuş hyzmatlary çygrynda işi amala aşyrýan, eýeçiliginiň görnüşine…
4-nji madda
Durmuş hyzmatlarynyň maksatlary
Şular durmuş hyzmatlarynyň maksatlary bolup durýar: 1) durmuş agzybirligini berkitmeklige we durmuş taýdan aýry saklanmagyna ýol bermezlige gönükdirilen, jemgyýetiň ähli agzalary üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegine ýardam etmek; 2)…
5-nji madda
Durmuş hyzmatlary çygrynda esasy ýörelgeler
Şular durmuş hyzmatlary çygrynda esasy ýörelgeler bolup durýar: 1) durmuş hyzmatlaryny peýdalanmagyň deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi; 2) salgylylyk; 3) elýeterlilik; 4) meýletinlik; 5) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň…
6-njy madda
Durmuş hyzmatlary çygrynda maliýeleşdirmek
Şu serişdeler durmuş hyzmatlary çygrynda maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýar: 1) Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň; 2) ýerli býujetleriň; 3) hemaýatkärlik kömegi görnüşinde kärhanalardan, guramalardan, edaralardan we hususy…
7-nji madda
Durmuş hyzmatlary çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi,…
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti durmuş hyzmatlary çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar; 4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň…
9-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara durmuş hyzmatlary çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär; 2) durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça amala aşyrylýan işi utgaşdyrýar; 3) öz garamagyndaky durmuş taýdan hyzmat edýän edaralary…
10-njy madda
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ygtyýarlylygy
1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş hyzmatlary çygrynda: 1) garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işini utgaşdyrýar we olaryň işine gözegçiligi…
11-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary durmuş hyzmatlary çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler; 3) durmuş hyzmatlaryny etmegiň meseleleri boýunça…
12-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary durmuş hyzmatlary çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekligi üpjün edýärler; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler; 3) kyn…
13-nji madda
Durmuş hyzmatlary çygrynda jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanuna, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda durmuş hyzmatlary çygrynda çäreleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar.
14-nji madda
Durmuş hyzmatlary çygrynda adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň kepillikleri
Döwlet durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adam hökmünde ykrar edilen aýry-aýry adamlara, maşgalalara, adamlaryň toparlaryna şahsy zerurlyklara baha bermegiň esasynda kyn durmuş ýagdaýyny ýeňip geçmek üçin durmuş hyzmatlaryny peýdalanmak…
15-nji madda
Adamlaryň durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga bolan hukugy
Durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlaryň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, ýaşyna, saglyk ýagdaýyna ýa-da beýleki ýagdaýlara…
16-njy madda
Adamy durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýip ykrar etmegiň esaslary
Şular adamy durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýip ykrar etmegiň esaslary bolup durýar: 1) maýyplygy; 2) garrylygy; 3) önümçilikde şikes almagynyň we hünär keseliniň netijeleri; 4) ekleýjisini ýitirmegi, ýekeligi, ata-enesiniň…
17-nji madda
Durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri
Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylara olaryň şahsy zerurlyklaryny hasaba almak bilen, durmuş hyzmatlarynyň şu görnüşleri edilýär: 1) gündelik durmuşynda durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň ýaşaýyş-durmuşyny goldamaga…
18-nji madda
Durmuş hyzmatlarynyň formalary
1. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylara öýde durmuş hyzmatlary, ýarym ýatymlaýyn ýa-da ýatymlaýyn durmuş hyzmatlary edilip bilner. Adamlaryň islegi boýunça durmuş hyzmatlarynyň edilmegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda amala aşyrylyp…
19-njy madda
Durmuş hyzmatlarynyň hil standartlary
1. Durmuş hyzmatlarynyň hili bellenilen tertipde tassyklanan kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir. 2. Durmuş hyzmatlarynyň anyk görnüşleri üçin hil standartlary, olaryň hil standartlaryny ulanmak boýunça usuly…
20-nji madda
Durmuş hyzmatlary çygrynda döwlet gözegçiligi
1. Durmuş hyzmatlary çygrynda hökmany talaplaryň berjaý edilmegine döwlet gözegçiligi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Döwlet edaralarynyň garamagynda durýan durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň, durmuş hyzmatlaryny edýän…
21-nji madda
Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary
1. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şulara hukugy bardyr: 1) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiniň işgärleri tarapyndan hormat bilen we ynsanperwerlikli garalmagyna; 2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklarynyň we kanuny…
22-nji madda
Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň işgärleriniň hukuklary we borçlary
1. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň işgärleriniň şulara hukugy bardyr: 1) zähmeti goramagyň talaplaryna laýyklykda olaryň iş şertleriniň üpjün edilmegine; 2) öz hünär abraýynyň we mertebesiniň goralmagyna; 3) amaly we nazaryýet…
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Durmuş hyzmatlary çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.