Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
13.11.2021 · № 414-VI
«Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 11 sahypa
25 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler: 1) ynançly dolandyrmak - bu dolandyrmagyň usuly bolup, oňa laýyklykda eýeçiligiň eýesi ynançly dolandyryjy bilen döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda şertnama baglaşýar; 2) eýeçiligiň eýesi -…
2-nji madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistanyň döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlary
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlary şular bolup durýar: 1) döwlet emlägini peýdalanmagyň netijeliligini we onuň girdejililigini ýokarlandyrmak; 2) ýurduň ykdysadyýetine daşarky we içerki maýa goýumlaryny çekmek; 3) ynançly…
4-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi aşakdaky döwlet emlägine degişlidir: 1) hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň maýalaryndaky paýlar we paýnamalar; 2) emläk toplumy hökmünde - döwlet kärhanalary, olaryň emläkleri (strategik ähmiýetli emläk toplumlary…
5-nji madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň…
6-njy madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça ynançly dolandyrmaga…
7-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda ygtyýarly edara: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar; 3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen…
8-nji madda
Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk…
9-njy madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmagy maliýe taýdan goldamagyň görnüşleri
Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi amala aşyrylanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, olar boýunça oňyn netijeleri gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi…
10-njy madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi
1. Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi eýeçiligiň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek bäsleşik esasynda ýa-da göni (salgyly) bermek ýoly bilen amala aşyrylýar. 3. Döwlet emlägi…
11-nji madda
Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) berilmegi
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar. 2. Göni (salgyly) bermek şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar: 1) eger döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga…
12-nji madda
Döwlet emläginiň bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga berilmegi
1. Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. 2. Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly…
13-nji madda
Bäsleşik topary we bäsleşigi geçirmegiň tertibi
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşik geçirmek üçin eýeçiligiň eýesi tarapyndan bäsleşik topary döredilýär. 2. Bäsleşik toparynyň düzümine hökmany tertipde ygtyýarly edaranyň wekilleri girýärler. Zerur…
14-nji madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek üçin ynançly dolandyryja bildirilýän esasy talaplar
1. Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi üçin ynançly dolandyryjy: 1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýuridik şahs hökmünde bellige alnan bolmalydyr; 2) azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmalydyr; 3) soňky iki ýylyň…
15-nji madda
Kepillik gatanjy
1. Kepillik gatanjynyň (üpjünçiligiň) möçberi ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň bazar bahasynyň on göterimi möçberinde bellenilýär. 2. Kepillik gatanjy aşakdaky ýagdaýlarda bäsleşigiň jemleri yglan edilenden soň, on iş gününiň…
16-njy madda
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşigi yglan etmek we onuň netijeleri barada habar bermek
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşigi geçirmegiň bellenen senesinden azyndan otuz senenama gün öň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ygtyýarly edaranyň hem-de eýeçiligiň eýesiniň resmi web-saýtynda…
17-nji madda
Ynançly dolandyrmak hakynda şertnamany baglaşmak
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklary, eýeçiligiň eýesi bilen ynançly dolandyryjynyň arasynda ýazmaça görnüşde baglaşylýan şertnamanyň esasynda ýüze çykýar. 2. Bäsleşigiň jemleri yglan edilenden soň…
18-nji madda
Ynançly dolandyrmak hakynda şertnamanyň mazmunyna bildirilýän hökmany talaplar
1. Şertnama şular barada maglumatlary öz içine almalydyr: 1) eýeçiligiň eýesiniň ady we salgysy hem-de ynançly dolandyryjynyň ady we salgysy; 2) ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň düzümi, iş görnüşi; 3) döwlet emläginiň bazar…
19-njy madda
Ynançly dolandyryja hak-heşdek tölemek we onuň çykdajylarynyň öwezini dolmak
1. Ynançly dolandyryjynyň şertnamada göz öňünde tutulan hak-heşdegiň tölenilmegine, şeýle hem özüne ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň ulanylmagyndan alnan girdejileriň hasabyna, emma degişli döwür üçin girdejileriň 20…
20-nji madda
Ynançly dolandyrmak hakynda şertnamanyň ýatyrylmagy
1. Şertnama şu ýagdaýlarda ýatyrylýar: 1) taraplaryň biriniň şertnama boýunça şertleri we borçnamalary ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin beýleki tarap şertnamany möhletinden öň ýatyrmak barada ýüz tutan…
21-nji madda
Eýeçiligiň eýesiniň hukuklary we borçlary
1. Eýeçiligiň eýesiniň şulara hukuklary bardyr: 1) ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň bitewüligini we abatlygyny barlamaga; 2) ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň işi bilen bagly maglumatlary almaga; 3) paýdarlaryň we…
22-nji madda
Ynançly dolandyryjynyň hukuklary we borçlary
1. Ynançly dolandyryjynyň şulara hukuklary bardyr: 1) şertnama laýyklykda eýeçiligiň eýesiniň ýa-da onuň görkezen şahsynyň (bähbit görüjiniň) bähbitlerine islendik ýuridik we hakyky hereketleri amala aşyrmaga; 2) şertnama laýyklykda…
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda
Jedelleri çözmek
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda
Şu Kanunyň herekete girizilmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.