Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
13.11.2021 · № 417-VI
«Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
41 madda · 18 sahypa
41 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) daşary ýurt raýaty - Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bar bolan adam; 2) daşary…
2-nji madda
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagynyň ykrar edilmegine esaslanýar we şu…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kanun tarapyndan raýatlygy bolmadyk adamlara daşary ýurt raýatlary üçin bellenilen kadalardan tapawutlanýan ýörite kadalar bellenen ýagdaýlardan başga halatlarda, şu…
4-nji madda
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri
Eger Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda…
5-nji madda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmek
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryna berlen hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen borçlary ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary…
6-njy madda
Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna goşulyşmagyna ýardam etmek
1. Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde bolýan we (ýa-da) ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň döwletiň durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna goşulyşmagy üçin…
7-nji madda
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslara laýyklykda Türkmenistanda…
8-nji madda
Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar
Wiza esasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda wiza resmileşdirilmegi talap edilmeýän başga tertipde Türkmenistana gelen hem-de Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy…
9-njy madda
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatynyň we raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar
1. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar şular bolup durýar: 1) daşary ýurt raýatynyň pasporty; 2) Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama; 3) daşary ýurt raýatynyň ýurduna dolanyp barmak üçin…
10-njy madda
Şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň şahsyýetini anyklamak
1. Türkmenistanyň çäginde bolýan we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek we onuň şahsyýetini tassyklaýan hakyky resminamalary bilen üpjün edilmegine ýardam bermek…
11-nji madda
Gaçybatalga bermek
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gaçybatalga berilýär. Gaçybatalga bermek hakyndaky mesele…
12-nji madda
Zähmet, telekeçilik we girdeji getirýän beýleki görnüşli işler
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary üçin zähmet kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde Türkmenistanyň çäginde zähmet, telekeçilik we girdeji getirýän beýleki görnüşli işleri amala aşyryp bilerler.…
13-nji madda
Dynç alyş
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede dynç almaga hukugy bardyr.
14-nji madda
Saglygy goramak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygyny goramakda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyndan we…
15-nji madda
Durmuş üpjünçiligi
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.
16-njy madda
Ýaşaýyş jaýyna hukuk
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr.
17-nji madda
Emläk we şahsy emläk däl hukuklar
Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýy we başga emlägi bolup biler. Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda…
18-nji madda
Bilim almak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bilim almaga hukugy bardyr. Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede mekdebe çenli çagalar edaralarynda we umumybilim…
19-njy madda
Medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukugy bardyr. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary taryhy we medeni ýadygärliklere, beýleki medeni…
20-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak
Eger jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň şol guramalara girmek hukugy bardyr. Daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerindäki agzalygy Türkmenistanyň…
21-nji madda
Dine uýmagyň erkinligi
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dine uýmagyň erkinligi kepillendirilýär. Dini düşünjeler bilen baglanyşykly duşmançylygy we ýigrenç duýgusyny…
22-nji madda
Nika we maşgala gatnaşyklary
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen we öz aralarynda nika baglaşyp we nikany bozup bilerler. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary nika we maşgala gatnaşyklarynda…
23-nji madda
Şahsyýetiň we ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi
Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda olaryň şahsyýetiniň, ýaşaýyş jaýynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň eldegrilmesizligi hem-de beýleki şahsy hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär.
24-nji madda
Türkmenistanyň çägi boýunça hereket etmek we ýaşajak ýerini saýlap almak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çägi boýunça erkin hereket edip we ýaşajak ýerini saýlap alyp bilerler. Milli howpsuzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň…
25-nji madda
Salgytlar we ýygymlar
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryndan Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede salgytlar we ýygymlar alynýar.
Öňki
1 / 2
Indiki