Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
13.11.2021 · № 416-VI
«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
42 madda · 18 sahypa
42 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Döwlet ýer kadastry - ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de olara ykdysady baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýerleri we ölçegleri, şeýle…
2-nji madda
Döwlet ýer kadastry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Döwlet ýer kadastry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyndan, şeýle hem ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak we olary goramak babatda…
3-nji madda
Döwlet ýer kadastrynyň maksatlary
Döwlet ýer kadastry şu maksatlar bilen ýöredilýär: 1) ýer serişdelerini durnukly dolandyrmagy üpjün etmek; 2) ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna, şeýle hem olaryň ýagdaýynyň üýtgemelerine gözegçiligiň…
4-nji madda
Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň esasy ýörelgeleri
Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň esasy ýörelgeleri şulardyr: 1) Türkmenistanyň çäginde Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň usulyýetiniň ýeke-täkligi; 2) Türkmenistanyň çäginde ähli ýerleri öz içine almagy; 3) döwlet ýer kadastr…
5-nji madda
Döwlet ýer kadastrynyň obýekti we subýektleri. Wekillige bolan hukuk
1. Türkmenistanyň ýer gaznasy ýerleriň kimiň eýelik etmeginde durýandygyna garamazdan Döwlet ýer kadastrynyň obýekti bolup durýar. 2. Ýerleriň hukuk eýeleri we döwlet hasaba alyjylary Döwlet ýer kadastrynyň subýektleri bolup durýarlar. 3.…
6-njy madda
Döwlet ýer kadastry babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
1. Döwlet ýer kadastry babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler tarapyndan…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Döwlet ýer kadastry babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 4) maliýeleşdirmegiň we maýa goýum işiniň…
8-nji madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
1. Ygtyýarlandyrylan edara: 1) Döwlet ýer kadastry babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Döwlet ýer kadastry babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine…
9-njy madda
Gullugyň, müdirlikleriň we ýerli edaralaryň ygtyýarlylyklary
1. Gulluk: 1) Türkmenistanda ýer gatnaşyklary babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär, ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar; 2) ýer serişdeleriniň rejeli…
10-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýarlylyklary
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) Döwlet ýer kadastry babatda çäreleri öz içine alýan döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde ýardam berýärler; 2) kadastr işlerini geçirmekde we döwlet ýer kadastr…
11-nji madda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýörite bölümçesiniň (kärhanasynyň) we bellige alyş Gullugyň ygtyýarlylyklary
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýörite bölümçesiniň (kärhanasynyň) we bellige alyş Gullugyň Döwlet ýer kadastry babatdaky ygtyýarlylyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
12-nji madda
Döwlet ýer kadastryny ýöretmek we onuň düzümi
1. Türkmenistanyň çäginde Döwlet ýer kadastrynyň ýöredilmegi ýeke-täk usulyýet boýunça amala aşyrylýar hem-de ýer bölekleri baradaky maglumatlary toplamak, resmileşdirmek, ulgamlaşdyrmak, täzelemek, işläp taýýarlamak, hasaba almak we…
13-nji madda
Ýer böleklerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan bellige almak
1. Ýer böleklerine bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy bellige alyş Gullygyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Ýerleriň hukuk eýeleriniň ýer böleklerine bolan hukuklaryny döwlet tarapyndan bellige…
14-nji madda
Ýerleriň mukdaryny we hilini hasaba almak
1. Ähli ýer bölekleriniň we ilatly ýerleriň ýerleşýän ýerlerini, olaryň geometrik ölçeglerini, araçäklerini hem-de konfigurasiýasyny toplumlaýyn ölçemeleriň esasynda kesgitlemek maksady bilen ýerleriň mukdaryny we hilini hasaba almak…
15-nji madda
Topraklaryň bonitirowkasy
1. Topraklaryň bonitirowkasy ýerlere ykdysady baha bermek, ýer gurluşygyny amala aşyrmak we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmagy hem-de olary goramagy höweslendirmek üçin esas bolup durýar. 2. Topraklaryň tebigy anyklanylyş alamatlary…
16-njy madda
Ýerlere ykdysady baha bermek
1. Ýerlere ykdysady baha bermek ýer üçin tölegi hasaplamak, oba hojalyk önümçiligini ýöriteleşdirmek we ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerler döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnan mahalynda…
17-nji madda
Döwlet ýer kadastry ýöredilen mahalynda işleriň görnüşleri
Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işleriň şu görnüşlerini öz içine alýar: 1) kartografiki we aerokosmos surata düşürmeleriň materiallaryny peýdalanmaklygy, topografiki, toprak, agrohimiki, geobotaniki we beýleki barlaglary hem-de gözlegleri…
18-nji madda
Döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizmek üçin maglumatlaryň toplanylmagy
1. Ýer bölekleriniň mukdar we hil häsiýetnamalary, topraklaryň bonitirowkasy hem-de ýerleriň ykdysady bahasy barada maglumatlar ygtyýarlandyrylan edaranyň «Türkmenýertaslama» döwlet taslama instituty tarapyndan geçirilýän ýer gurluşyk,…
19-njy madda
Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň görnüşleri
1. Türkmenistanda Döwlet ýer kadastryny emele getirýän döwlet ýer kadastr resminamalarynyň ýeke-täk ulgamy ulanylýar. 2. Döwlet ýer kadastr resminamalary esasy, kömekçi we jemleýji görnüşlere bölünýärler. 3. Döwlet ýer kadastr…
20-nji madda
Ýerleriň döwlet sanawy
1. Ýerleriň döwlet sanawy Döwlet ýer kadastryny ýöretmek üçin niýetlenen resminamadyr. Ýerleriň döwlet sanawy ýer bölekleriniň Döwlet ýer kadastrynyň obýekti hökmünde ýüze çykmagy we bolmagynyň bes edilmegi barada maglumatlary özünde…
21-nji madda
Ýerleriň döwlet sanawynyň resminamalary
1. Ýerleriň döwlet sanawy şu resminamalardan ybaratdyr: 1) döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizmek üçin gelip gowuşýan resminamalary hasaba alyş kitabyndan; 2) döwlet ýer kadastr kitaplaryndan; 3) ýuridik we fiziki şahslaryň döwlet ýer…
22-nji madda
Döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizmek üçin gelip gowuşýan resminamalary hasaba alyş kitaby
1. Döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizmek üçin gelip gowuşýan resminamalary hasaba alyş kitaby ýerli edaralar tarapyndan döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizmek üçin bellenilen tertipde berlen resminamalary hasaba almak maksady…
23-nji madda
Döwlet ýer kadastr kitaby
1. Döwlet ýer kadastr kitaby Döwlet ýer kadastrynyň obýekti hökmünde ýüze çykýan we bes edilýän her bir ýer bölegi barada maglumatlary saklaýan bölümlerden ybaratdyr. Bölümler ýer böleginiň kadastr belgisini, ýerleşýän ýerini, maksatlaýyn…
24-nji madda
Döwlet ýer kadastr kitabyna girizilýän maglumatlar we oňa goşulýan maglumatlar toplumy
1. Döwlet ýer kadastr kitabyna ýer bölekleri barada esasy we goşmaça maglumatlar girizilýär. 2. Ýer bölekleri barada esasy maglumatlara ýer böleklerini belli bir obýekt hökmünde kesgitlemäge mümkinçilik berýän häsiýetnamalar, şeýle hem ýer…
25-nji madda
Ýuridik we fiziki şahslaryň döwlet ýer kadastr resminamalaryndan maglumatyň berilmegi baradaky ýüztutmalaryny hasaba alyş kitaby
1. Ýuridik we fiziki şahslaryň döwlet ýer kadastr resminamalaryndan maglumatyň berilmegi baradaky ýüztutmalaryny hasaba alyş kitaby ýerli edaralar tarapyndan gelip gowşan ýüztutmalary we berlen maglumatlary hasaba almak maksady bilen…
Öňki
1 / 2
Indiki