Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
05.06.2021 · № 379-VI
«Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
38 madda · 18 sahypa
38 madda
1-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we ulanylýan çygry
1. Şu Kanunyň maksatlary döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we gaýry serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmek, bähbitleriň we…
2-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy - döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi üçin özleriniň serişdelerini birleşdirmeklige…
4-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri: 1) kanunyň hökmürowanlygy; 2) ykdysady işiň düzgünleşdirilmeginiň durmuş ugurlylygy; 3) ynsaply bäsleşik; 4) döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň arasyndaky bähbitleriň we töwekgelçilikleriň…
5-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: ykdysady ösüşi höweslendirmek we Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek; döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa…
6-njy madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan amala aşyrylýar.
7-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; Ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamalary üçin döwlet hyzmatdaşyny…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlyklary
Ygtyýarly edara: döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrýar; döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga gatnaşýar; döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy…
9-njy madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary
1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary döwlet we hususy hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny maliýeleşdirýän maliýe we gaýry guramalar hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda…
10-njy madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taraplarynyň hukuklary we borçlary
1. Döwlet hyzmatdaşynyň şulara hukugy bardyr: hususy hyzmatdaşdan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň şertleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda hasabaty talap etmäge we almaga; döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň…
11-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň başynyň başlanylmagy
1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy döwlet edarasy (guramasy) (mundan beýläk - döwlet başyny başlaýjy) we (ýa-da) hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs (mundan beýläk - hususy başyny başlaýjy) tarapyndan başlanylyp bilner. 2.…
12-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň döwlet başyny başlaýjy tarapyndan taýýarlanylmagy
1. Döwlet başyny başlaýjy döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny, düzgün boýunça, özüniň ygtyýarlylygyna girýän ykdysady we durmuş çygyrlarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça işläp düzýär. 2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy…
13-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň hususy başyny başlaýjy tarapyndan taýýarlanylmagy
1. Hususy başyny başlaýjynyň bolup biljek döwlet hyzmatdaşyna döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny işläp düzmäge we bermäge haky bardyr. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynda bar bolan meseleleriň…
14-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy
1. Umumy bahasy bellenen aňryçäk mukdaryň çäklerindäki döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy döwlet hyzmatdaşy tarapyndan ygtyýarly edara bilen ylalaşmak esasynda özbaşdak amala aşyrylýar. 2. Umumy bahasy…
15-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawy
1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýan taslamalary hakynda maglumatlary we habarlary özünde jemleýän ýeke-täk maglumatlar ulgamy bolup durýar. 2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy…
16-njy madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalary hakynda maglumatlar
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalary hakynda maglumatlar, şol sanda olaryň konsepsiýalary, hususy hyzmatdaşlary saýlap almagyň şertleri we ölçegleri hakynda maglumatlar, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň esasy düzgünleri,…
17-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmaga hukugy gazanmak üçin bäsleşik
1. Döwlet hyzmatdaşy bäsleşigiň ýa-da göni gepleşikleriň netijesi boýunça kesgitlenýän hususy hyzmatdaş bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk baglaşýar. 2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy boýunça iki tapgyrly bäsleşik…
18-nji madda
Bäsleşik resminamalary
1. Döwlet hyzmatdaşy döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşygy baglaşmaga hukuk üçin bäsleşigiň geçirilmegini düzgünleşdirýän bäsleşigiň resminamalaryny taýýarlap, ygtyýarly edara bilen ylalaşyp tassyklaýar. 2. Bäsleşigiň…
19-njy madda
Bäsleşik ölçegleri
1. Bäsleşik ölçegleri aýdyň bolmalydyr we olarda hukuklar kemsidilýän düzgünler bolmaly däldir. 2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etmek üçin bäsleşige gatnaşan mahalynda…
20-nji madda
Bäsleşik topary
1. Döwlet hyzmatdaşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyk boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmak hukugy üçin bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek üçin bäsleşik toparyny emele getirýär. 2. Bäsleşik…
21-nji madda
Göni gepleşikler
Taraplar döwlet hyzmatdaşynyň karary bilen göni gepleşikleriň geçirilmegi arkaly bäsleşik geçirmezden, şu aşakdaky ýagdaýlarda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşyp bilerler: intellektual işiň netijelerine aýratyn…
22-nji madda
Bäsleşigiň ýeňijisi bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy
1. Döwlet hyzmatdaşy bäsleşik resminamalarynda beýan edilen şertlere, möhletlere we düzgünlere laýyklykda Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşýar. 2. Eger bäsleşik resminamalarynda göz öňünde tutulan möhlet geçenden soň,…
23-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň esasy şertleri
1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk döwlet hyzmatdaşy bilen hususy hyzmatdaşyň arasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde baglaşylan resminama bolup durýar. 2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda şu…
24-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti
1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti üç ýyldan az we kyrk bäş ýyldan köp bolmaly däldir. 2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda…
25-nji madda
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň üýtgedilmeginiň, oňa goşmaça girizilmeginiň ýa-da ýatyrylmagynyň esaslary
1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, taraplaryň ylalaşmagy boýunça ýa-da kazyýetiň karary boýunça…
Öňki
1 / 2
Indiki