Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
05.06.2021 · № 380-VI
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
60 madda · 53 sahypa
60 madda
1-nji madda
Bilim düşünjesi
Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri…
2-nji madda
Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri
1. Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň bilim hakyndaky meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Bilim babatda…
3-nji madda
Bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Bilim babatda döwlet syýasaty aşakdaky ýörelgelere esaslanýar: 1) özüniň ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagynda her bir adamyň hukugynyň deňligine; 2) bilimiň ynsanperwer häsiýetine, umumadamzat gymmatlyklarynyň, adamyň ömrüniň we…
4-nji madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri
1. Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna…
5-nji madda
Okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri
1. Bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýär. 2. Türkmen dili döwlet dili hökmünde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň bilim…
6-njy madda
Bilim ulgamynyň gurluşy
1. Türkmenistanyň bilim ulgamy aşakdakylary öz içine alýar: 1) döwlet bilim standartlaryny; 2) bilim maksatnamalaryny; 3) bilim edaralarynyň ulgamyny; 4) bilim babatda dolandyryşy amala aşyrýan edaralary we olar tarapyndan döredilen…
7-nji madda
Döwlet bilim standartlary
1. Türkmenistanda bilimiň ähli derejelerinde şu aşakdakylary üpjün edýän döwlet bilim standartlary girizilýär: 1) bilim maksatnamalarynyň mazmunyna bildirilýän umumy talaplary; 2) okaýanlaryň okuw ýükleriniň aňryçäk möçberini; 3)…
8-nji madda
Bilim maksatnamalary
1. Bilim maksatnamasy - bu okuwyň mazmunynyň, möçberiniň we amala aşyrylýan wagtynyň, meýilnamalaşdyrylýan netijeleriniň jemi bolup, ol okuw meýilnamasy, senenamalaýyn okuw çyzgydy, dersler (tapgyrlar, modullar, okuwlar) boýunça okuw…
9-njy madda
Bilimiň derejeleri
1. Türkmenistanda bilimiň derejeleriniň toparlara bölünişi ÝUNESKO-nyň Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartyna esaslanýar we bilim maksatnamalarynyň mazmunyna laýyklykda, olaryň çylşyrymlylygyna, ele alynýan bilimlere we endiklere,…
10-njy madda
Bilimiň mazmunyna we hiline bildirilýän umumy talaplar
1. Bilimiň mazmuny aşakdakylary üpjün etmelidir: 1) okaýanlarda halkara derejesine laýyk gelýän umumy we hünär medeniýetiniň kemala gelmegini; 2) şahsyýetiň milli we dünýä medeniýetine goşulyşmagyny; 3) şahsyýetiň belent ruhy-ahlak…
11-nji madda
Bilim almagyň we okatmagyň görnüşleri
1. Bilim maksatnamalary okaýanlaryň isleglerine we mümkinçiliklerine görä, bilim almagyň görnüşleri - bilim edarasynda okamak, özbaşdak bilim almak, eksternat arkaly özleşdirilip bilner. 2. Umumybilim ýa-da hünär bilimi maksatnamalarynyň…
12-nji madda
Okaýanlaryň toparlary
Okaýanlara bilim maksatnamasyna, okatmagyň görnüşine, bilim edarasynda bolmagyň düzgünine görä aşakdakylar degişlidirler: 1) terbiýelenýänler - mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalar hem-de şol bir wagtda bilim edarasynda…
13-nji madda
Bilim edaralary
1. Bilim edarasy okaýanlar üçin bir ýa-da birnäçe bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem olaryň terbiýelenmegini göz öňünde tutýan we bilim işini amala aşyrýan edara bolup durýar. 2. Bilim edarasy ýuridik şahs bolup…
14-nji madda
Bilim edaralarynyň esaslandyryjylary we olary döretmegiň şertleri
1. Aşakdakylar bilim edaralaryny esaslandyryjylar bolup bilerler: 1) döwlet häkimiýet edaralary; 2) ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary; 3) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary; 4) Türkmenistanyň çäginde bellige…
15-nji madda
Bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertleri
1. Bilim edaralary döwlet bilim standartlary tarapyndan kesgitlenilýän bilim işini amala aşyrmaga bildirilýän bitewi talaplara laýyklykda hereket edýärler. Bilim edaralary görkezilen talaplary berjaý etmek maksady bilen, bilim bermek we…
16-njy madda
Bilim edarasynda bilim işiniň guralyşyna bildirilýän umumy talaplar
1. Bilim edarasynda bilim işiniň guralyşy okuw meýilnamasy, dersler (tapgyrlar, modullar, okuwlar) boýunça okuw maksatnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär. 2. Bilim edaralary…
17-nji madda
Elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi
1. Elektron okuw arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek aşakdakylara esaslanýar: 1) maglumatlar binýadynda saklanýan we bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ulanylýan maglumata; 2) maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegini üpjün…
18-nji madda
Türkmenistanyň bilim edaralaryna okuwa kabul etmäge bildirilýän umumy talaplar
1. Türkmenistanyň bilim edaralaryna okuwa kabul etmäge bildirilýän umumy talaplar şu Kanun, degişli kysymdaky we eýeçiligiň degişli görnüşindäki bilim edaralary hakynda düzgünnamalar, şeýle hem olaryň tertipnamalary bilen…
19-njy madda
Ýörite bilim edaralary
1. Ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar üçin doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan ýörite bilim edaralary döredilýär. Döwlet maşgala kysymdaky çagalar öýleriniň döredilmegine hem-de olaryň işine…
20-nji madda
Mekdebe çenli bilim
1. Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan ösüşiniň esaslarynyň kemala getirilmegini, onuň milli we umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrylmagyny, onda ukyplaryň we zehiniň ýüze çykarylmagyny…
21-nji madda
Başlangyç bilim
1. Başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň bilim işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini,…
22-nji madda
Esasy orta bilim
1. Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçylarda ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak; onuň höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmak; ýokary ahlakly dünýägaraýşy, gözellik duýgusyny we…
23-nji madda
Doly orta bilim
1. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň akyl ýetirijilik gyzyklanmalarynyň we döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine; bilimiň mazmunynyň ugurlara gönükdirilenliginiň, differensirlenenliginiň, hünärlere…
24-nji madda
Umumybilim edaralarynda ugur boýunça okuwlar
1. Doly orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalarynyň mazmuny okuwyň ugurlaşdyrylmagy, ýagny bilim maksatnamalarynyň bilimleriň anyk ugurlaryna, ugur boýunca okuwyň netijelerine bildirilýän talaplara gönükdirilmegi esasynda…
25-nji madda
Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi
1. Okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimi bilim ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we ol çagalaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, olaryň akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini…
Öňki
1 / 3
Indiki