Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
13.03.2021 · № 336-VI
«Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
31 madda · 15 sahypa
31 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ýokanç keseller - ýokanç keselleri dörediji mikroorganizmleriň adam bedeni bilen täsir edişmeginiň netijesinde ýüze çykyp, ýokançlygy daş-töwerege tiz ýa-da yzygiderli ýaýrap, adamyň…
2-nji madda
Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna degişlidir. 2. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan/bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şu Kanunda bellenen hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary berjaý edýärler.
4-nji madda
Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasaty
1. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasaty ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna, ýaýramagynyň çäklendirilmegine we ýok edilmegine gönükdirilendir. 2. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri…
5-nji madda
Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek
1. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. 2. Öňüni alyş…
6-njy madda
Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalaryny…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalaryny amala aşyrýar; 3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 4)…
9-njy madda
Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna…
10-njy madda
Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibi
Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibi, olary geçirmegiň möhletleri we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlary ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
11-nji madda
Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary
1. Raýatlara epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary, sanawy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän, ýokanç keselleriň döremek howpy bolan mahalynda geçirilýär. 2. Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlaryny…
12-nji madda
Öňüni alyş sanjymlary
1. Ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda ýokanç kesellere garşy ilat arasynda geçirilýän öňüni alyş sanjymlary hökmany bolup durýar. 2. Işleri özlerine ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň…
13-nji madda
Immunobiologik serişdelerine bildirilýän talaplar
1. Öňüni alyş sanjymlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanda bellige alnan ýurdumyzyň we daşary ýurtda öndürilen immunobiologik serişdeleri ulanylýar. 2. Ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde…
14-nji madda
Öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň guralyşy we geçirilişi
1. Öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleri, hususan-da, Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy boýunça, ýokanç keselli syrkawlar we ýokanç keselleri döredijini göterijiler babatda çäklendiriş çäreleri, önümçilik gözegçiligi, şol…
15-nji madda
Çagalar edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak
1. Bilim we sagaldyş edaralaryna çagalary kabul etmek çaganyň gözegçilik astynda durýan degişli saglygy goraýyş edarasynyň kepilnamasy bolan mahalynda geçirilýär. Kepilnama çaganyň lukmançylyk gözden geçirilmeginiň maglumatlary esasynda…
16-njy madda
Ilatyň haýwanlar we adamlar üçin umumy bolan ýokanç kesellerden goralmagy
1. Ilatyň haýwanlar we adamlar üçin umumy bolan ýokanç kesellerden goralmagy haýwanlara saklanylýan, maldarçylyk önümleriniň öndürilýän, gaýtadan işlenilýän we ýerlenilýän wagtynda weterinar-sanitariýa, epizootiýa we epidemiýa garşy…
17-nji madda
Raýatlaryň we ýuridik şahslaryň ýokanç keselleriň öňüni almak çygryndaky borçlary
1. Raýatlar we ýuridik şahslar ýaşaýyş, önümçilik we beýleki jaýlarda (binalarda) hem-de olara eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýa-da ulanmaga berlen ýer böleklerinde öňüni alyş zyýansyzlandyryş çäreleriniň geçirilmegini üpjün…
18-nji madda
Ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň, ýokanç keselleri döredijini göterijileriň hukuklary we borçlary
1. Ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň, ýokanç keselleri döredijini göterijileriň şulara hukugy bardyr: 1) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda we döwlet ylmy edaralarynda tölegsiz bejergi almaga; 2)…
19-njy madda
Hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmeleri
1. Işi ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna getirip biljek aýry-aýry hünärleriň, önümçilikleriň we guramalaryň işgärleriniň hökmany deslapky (işe giren mahalynda) we döwürleýin öňüni alyş lukmançylyk…
20-nji madda
Ýokanç keselli syrkawlar, galtaşykda bolan we güman edilýän adamlar we ýokanç keselleri döredijini göterijiler babatda çäreler
1. Töwerekdäkilere ýokuşdyrmagyň ýokary howpuny döredýän ýokanç keselli syrkawlar, galtaşykda bolan we güman edilýän adamlar we ýokanç keselleri döredijini göterijiler öz wagtyndaky hem-de oňat hilli bejergä, lukmançylyk barlagyna we…
21-nji madda
Ýokanç keselli syrkawlaryň bejerilmegi
Ýokanç keselli syrkawlaryň bejerilmegi saglygy goramagyň ýöriteleşdirilen edaralarynda (bölümlerinde) we ylmy barlag klinikalarynda ýörite lukmançylyk bilimi bolan hünärmenler tarapyndan geçirilýär.
22-nji madda
Inçekeselli syrkawlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň bejerilmegi we olaryň durmuş taýdan goraglylygy
1. Inçekeselli syrkawlaryň bejerilmegi ýöriteleşdirilen inçekesele garşy saglygy goraýyş edaralarynda tölegsiz geçirilýär. Inçekeselli, goşmaça barlaga we bejergä mätäç syrkawlar bejerişden ýüz dönderendigi we ýokanjy ýaýradandygy üçin…
23-nji madda
Ýokanç keselleri döredijini göterijiler bolup durýan adamlaryň işden çetleşdirilmegi
1. Işleri ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly bolan hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna getirip biljek adamlar ýokanç keselleri döredijini göterijiler bolan halatynda, ol adamlar ýokanç keselleriň ýaýramagynyň töwekgelçiligi bilen…
24-nji madda
Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy
1. Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde we Türkmenistanyň bütin çäginde öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň hem-de sanitariýa-epidemiologiýa…
25-nji madda
Türkmenistanyň çägine adamlaryň, ulag serişdeleriniň girmegi, ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi
1. Türkmenistanyň çägine ýokanjyň geçmegine sebäp bolup biljek ýa-da adamlaryň janyna we saglygyna howp döredip biljek adamlaryň, ulag serişdeleriniň girmegi, ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi diňe sanitariýa-karantin…
Öňki
1 / 2
Indiki