Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.08.2020 · № 260-VI
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
75 madda · 41 sahypa
75 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler: 1) bedenterbiýe - medeniýetiň düzüm bölegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, jemgyýet…
2-nji madda
Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de bedenterbiýe we sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksady we wezipeleri
1. Şu Kanunyň maksady türkmen jemgyýetinde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny peýdaly…
4-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary
1. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlary şu hukuklara eýedirler: 1) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak; 2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmek; 3) bedenterbiýe we…
5-nji madda
Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektleri
Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine şular degişlidir: 1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn…
6-njy madda
Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty
1. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge,…
7-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak
1. Döwlet bedenterbiýe we sport babatda işi goldaýar we şulary üpjün edýär: 1) Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna, Aziýa…
8-nji madda
Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary
1. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň goldanylmagyny we ösdürilmegini, döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini, bedenterbiýe we sport babatda wajyp meseleleriň çözülmegini üpjün etmek maksady bilen, bedenterbiýäni…
9-njy madda
Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we…
10-njy madda
Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 3) halkara derejeli sport…
11-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy
Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy: 1) döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär; 3) bedenterbiýäniň we sportuň…
12-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde: 1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar; 2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet…
13-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz garamagyndaky çäklerde: 1) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň sebit maksatnamalaryny tassyklaýarlar; 2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet we sebit…
14-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Öz garamagyndaky çäklerde bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini guramak üçin şertleri üpjün etmek boýunça ýerli ähmiýetli meseleleri…
15-nji madda
Bedenterbiýe we sport guramalarynyň görnüşleri
1. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport guramalary aşakdaky görnüşlere bölünýärler: 1) ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary; 2) sport klublary; 3) bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary (merkezleri), sport toplumlary (merkezleri); 4)…
16-njy madda
Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary
1. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary sport ätiýaçlygyny we (ýa-da) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işi amala aşyrmak üçin niýetlenilýärler. 2. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralaryna şular degişlidir: 1) sport mekdepleri…
17-nji madda
Sport klublary
1. Sport klublary aşakdaky ýaly bolup bilerler: 1) sportuň aýry-aýry görnüşlerini kämilleşdirýän; 2) toplumlaýyn (şol bir wagtda sportuň birnäçe görnüşlerini kämilleşdirýän); 3) höwesjeň; 4) professional; 5) mekdep; 6) talyplar; 7) şu…
18-nji madda
Bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary (merkezleri), sport toplumlary (merkezleri)
1. Degişli pudagyň işgärleri we degişli sebitiň ilaty bilen bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport işini geçirmek maksady bilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we…
19-njy madda
Sport-sagaldyş merkezleri
1. Sport-sagaldyş merkezi bedenterbiýe-sagaldyş işiniň, şeýle hem sport ätiýaçlygyny we (ýa-da) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň okuw-türgenleşik işiniň üznüksizligini üpjün etmek üçin bedenterbiýe we sport guramasy ýa-da…
20-nji madda
Professional sportuň subýektleri
1. Professional sportuň esasy subýektlerine sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli federasiýalary, professional sport klublary, professional sport ligalary, sport agentleri, şeýle hem professional sport ýaryşlaryna gatnaşýan sport…
21-nji madda
Professional sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak
Döwlet professional sport babatda işi goldamagy şular arkaly amala aşyrýar: 1) professional sport babatda türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň we beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem zähmet…
22-nji madda
Türgeniň professional sport klubundan beýleki bir professional sport klubuna geçmegi (transferi)
1. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen şu ýagdaýlarda professional sport klubundan beýleki bir professional sport klubuna geçmek (transfer), şol sanda wagtlaýyn geçmek hukugyna eýedir: 1) professional sport babatda zähmet…
23-nji madda
Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeni, tälimçini ýa-da beýleki hünärmenleri sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna çekmek
1. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgen, tälimçi ýa-da beýleki hünärmenler sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzümine çekilip bilnerler. 2. Professional sport babatda işi amala aşyrýan…
24-nji madda
Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeniň, tälimçiniň ýa-da beýleki hünärmenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary
1. Professional sport babatda işi amala aşyrýan türgeniň, tälimçiniň ýa-da beýleki hünärmenleriň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary…
25-nji madda
Professional sporty maliýeleşdirmek
1. Şular Türkmenistanda professional sporty maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir: 1) professional sport klublaryny esaslandyryjylaryň serişdeleri; 2) professional sport klublarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň sport…
Öňki
1 / 3
Indiki