Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
14.03.2020 · № 227-VI
«Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
20 madda · 9 sahypa
20 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ekologiýa maglumaty - ýazmaça, audiowizual, elektron ýa-da şu Kanunda göz öňünde tutulan başga maddy görnüşdäki, ekologiýa babatda islendik maglumat; 2) ekologiýa maglumatyna eýelik…
2-nji madda
Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Intellektual eýeçiligi, awtorlyk hukugy we…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanun ekologiýa maglumatyna eýelik edijilerde bar bolan ekologiýa maglumatyna elýeterlilik hukugyny, ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan onuň berilmegini ýa-da ýaýradylmagyny üpjün etmek bilen bagly gatnaşyklary…
4-nji madda
Ekologiýa maglumatynyň görnüşleri
1. Ekologiýa maglumaty umumy elýeterli ekologiýa maglumatyna we ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumatyna bölünýär. 2. Ýöriteleşdirilen ekologiýa maglumatyna degişli bolmadyk, hemmelere elýeterli bolan, berilmegine we ýaýradylmagyna rugsady…
5-nji madda
Ekologiýa maglumatynyň düzümi
Ekologiýa maglumaty şu maglumatlary öz içine alýar: 1) daşky gurşawyň ýagdaýy, şol sanda ýerleriň, topraklaryň, ýerasty baýlyklaryň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň, tokaýlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hem-de onuň biologik dürlüliginiň,…
6-njy madda
Ekologiýa maglumatynyň emele gelmeginiň çeşmeleri
Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan berilýän ýa-da ýaýradylýan ekologiýa maglumaty şularyň netijesinde emele gelýär: 1) daşky gurşawa gözegçiligiň (monitoring); 2) daşky gurşawy goramak babatynda ölçegleri geçirmegiň; 3) daşky…
7-nji madda
Ekologiýa maglumatynyň döwlet gaznasy
1. Ekologiýa maglumatynyň döwlet gaznasy (mundan beýläk - Gazna) - döwlet edaralaryny we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny hem-de beýleki ýuridik we fiziki şahslary daşky gurşawyň we onuň obýektleriniň ýagdaýy, daşky gurşawa täsir…
8-nji madda
Ekologiýa maglumaty babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) ekologiýa maglumaty babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) ekologiýa maglumatyny ýygnamak, saklamak, seljeriş geçirmek, bermek we ýaýratmak boýunça çäreleri amala aşyrýar; 3) ekologiýa maglumatyny…
9-njy madda
Ekologiýa maglumatyna elýeterlilige bolan hukuk
1. Ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylara ekologiýa maglumatyna eýelik edijilerde bar bolan ekologiýa maglumatyna erkin elýeterlilik hukugy kepillendirilýär. Ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylaryň şu Kanunda bellenilen talaplary berjaý…
10-njy madda
Ekologiýa maglumatyna elýeterlilik hukugyny üpjün etmegiň kepillikleri
1. Ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylaryň ekologiýa maglumatyna eýelik edijilere şu Kanunda bellenilen tertipde we şertlerde ekologiýa maglumatyny almak üçin päsgelçiliksiz ýüz tutmaga hukugy bardyr. 2. Ekologiýa maglumatynyň berilmegi bir…
11-nji madda
Ekologiýa maglumatyna elýeterlilige çäklendirmeler
1. Ekologiýa maglumaty şu ýagdaýlarda berilmäge ýa-da ýaýradylmaga degişli däldir, eger-de: 1) ekologiýa maglumatynyň berilmegi ýa-da ýaýradylmagy adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň düzgünleriniň, deslapky derňew önümçiliginiň, administratiw…
12-nji madda
Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüz tutmagyň tertibi
1. Ekologiýa maglumatyny bir gezeklik ýa-da şertnama esasynda almaga bolan gyzyklanma ýüz tutýan şahsyň ýazmaça ýüztutmasy ýa-da haýyşnamasy esasynda, ýa-da ekologiýa maglumatyny almaga bildirilýän gyzyklanmanyň sebäplerini düşündirmezden,…
13-nji madda
Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalara we haýyşnamalara seretmek
1. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmany ýa-da haýyşnamany alan ekologiýa maglumatyna eýelik ediji ony ýüztutmalar we haýyşnamalar üçin ýörite kitapda hasaba almaga borçludyr. 2. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmany ýa-da…
14-nji madda
Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalar we haýyşnamalar boýunça çözgütler
1. Ekologiýa maglumatyny almak üçin ýüztutmalar we haýyşnamalar boýunça çözgütler ekologiýa maglumatyna eýelik edijiniň ýolbaşçysy ýa-da ýörite wezipeli adamy tarapyndan kabul edilýär. 2. Soralýan ekologiýa maglumatyny bermek baradaky…
15-nji madda
Ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan ekologiýa maglumatyny özara alşylmagy
Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan özlerinde bar bolan ekologiýa maglumatlary öz haýyşnamalary boýunça özara alyşmak arkaly amala aşyrylyp bilner.
16-njy madda
Ekologiýa maglumatynyň ýaýradylmagy
1. Türkmenistanda ekologiýa maglumatynyň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmek bilen erkin amala aşyrylýar. 2. Umumy elýeterli ekologiýa maglumaty ekologiýa maglumatyna eýelik edijiler tarapyndan…
17-nji madda
Ekologiýa maglumatynyň tölegliligi
1. Ekologiýa maglumaty ekologiýa maglumatyny peýdalanyjylara muzdsuz ýa-da ekologiýa maglumatyny gözlemegiň, nusgasyny almagyň we taýýarlamagyň özüne düşýän gymmatyndan ýokary bolmadyk möçberde tölegli berilýär. 2. Ekologiýa maglumatynyň…
18-nji madda
Ekologiýa maglumaty babatda halkara hyzmatdaşlygy
Ekologiýa maglumaty babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
19-njy madda
Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
20-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. Şu Kanunyň 7-nji maddasy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.