Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
30.11.2019 · № 205-VI
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
26 madda · 17 sahypa
26 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ygtyýarnama - ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý etmek şerti bilen ygtyýarnamala berilýän, Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda…
2-nji madda
Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Şu Kanunyň…
3-nji madda
Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri
1. Şular ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir: 1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek; 2) ygtyýarlylandyrmagyň aýdyňlygyny üpjün etmek, bellenilen ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine…
4-nji madda
Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary
Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary aşakdakylardyr: 1) sarp edijileriň hukuklaryny goramak; 2) ösýän bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etmek; 3) harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak; 4) raýatlaryň ömri, saglygy, emlägi,…
5-nji madda
Işiň görnüşini ygtyýarlylandyrmaga degişli etmek üçin esaslar
Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerine amala aşyrylmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky gurşawa zyýan (zelel)…
6-njy madda
Ygtyýarlylandyrmagyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi
Ygtyýarlylandyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem ygtyýarnama gözegçiligini amala aşyrýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarnama gözegçiligi…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna…
8-nji madda
Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň ygtyýarlylygy
1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy: 1) şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär; 2) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini…
9-njy madda
Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklary
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar: 1) ygtyýarnamany bermek hakyndaky arza we oňa goşulan resminamalara seredýärler, ygtyýarnamany berýärler ýa-da ony bermekden ýüz öwürýärler; 2) ygtyýarnama goşmaça girizýärler ýa-da goşmaçany girizmekden ýüz…
10-njy madda
Ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek
1. Ygtyýarlylandyrmak işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksadyna…
11-nji madda
Ygtyýarnamanyň hereketi
1. Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda berilýär. 2. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi ygtyýarnama alan şahs tarapyndan ýerine ýetirilip bilner we beýleki bir tarapa berlip bilinmez. 3.…
12-nji madda
Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti
1. Ygtyýarnama: 1) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan hünärmenlik hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi bolan bank işiniň amala aşyrylmagy üçin hereket ediş möhleti çäklendirilmezden; 2)…
13-nji madda
Ygtyýarnama talaplary we şertleri
Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen ygtyýarnamaly tarapyndan şu aşakdakylaryň berjaý edilmeginiň hökmanylygy bellenilýär: 1) Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem ekologik, sanitariýa-epidemiologik, gigiýena, ýangyna…
14-nji madda
Ygtyýarnamany bermegiň tertibi
1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu aşakdakylar görkezilýär: 1) ýuridik şahs üçin - doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi…
15-nji madda
Ygtyýarnamanyň görnüşine bildirilýän talaplar
1. Ygtyýarnamada şu aşakdakylar görkezilýär: 1) ygtyýarlylandyryjy edaranyň ady; 2) ýuridik şahsyň doly ady, hukuk salgysy, guramaçylyk-hukuk görnüşi ýa-da fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary; 3)…
16-njy madda
Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň tertibi
1. Ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady, hukuk salgysy ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän mahalynda, şeýle hem fiziki şahsyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan…
17-nji madda
Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ýatyrmak
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýa-da gödek…
18-nji madda
Ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamalynyň işi hakyndaky maglumatlara barlag geçirmegiň tertibi
1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamaly…
19-njy madda
Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen möçberde işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny döredýärler we: 1) ygtyýarnamany bermek,…
20-nji madda
Döwlet pajy
Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi (kanunçylygyň üýtgänligi üçin girizilýän goşmaçalardan başga), ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi, ygtyýarnamanyň öwezliginiň (dublikatynyň) berilmegi üçin möçberi…
21-nji madda
Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň we ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek
1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 2. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek: 1) býujetden maliýeleşdirilýänlerde -…
22-nji madda
Amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawy
1. Işiň aşakdaky görnüşleri şu Kanuna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir: 1) lukmançylyk işi; 2) farmasewtik iş; 3) lukmançylyk-tehniki işi; 4) dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirmek boýunça iş; 5)…
23-nji madda
Işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan ýuridik şahslar
1. Şu aşakdakylar işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyrlar: 1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda döredilip, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasynda işiň degişli görnüşleri göz…
24-nji madda
Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň wezipeli adamlary ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmedik we hukuga garşy hereketleri (hereketsizligi) amala aşyran halatlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna…
25-nji madda
Jedelleri çözmek
Ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
Öňki
1 / 2
Indiki