Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
05.10.2019 · № 177-VI
«Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
27 madda · 13 sahypa
27 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki…
2-nji madda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
1. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (mundan beýläk - Birleşme) öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine goldaw berýän, eýeçiligiň hususy we…
3-nji madda
Birleşmäniň maksatlary we esasy wezipeleri
1. Şular Birleşmäniň maksatlary bolup durýar: 1) döwletiň senagatçylyk we telekeçilik işjeňliginiň ösmegine, döwletiň çäginde, şonuň ýaly-da halkara derejede özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berýän ykdysady…
4-nji madda
Birleşmäniň işleri
1. Birleşme şu Kanunda kesgitlenilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda şu işleri amala aşyrýar, ol: 1) öz agzalarynyň adyndan hereket edýär we olaryň döwlet häkimiýet edaralary, Türkmenistandaky we onuň çäginden daşardaky beýleki…
5-nji madda
Birleşmäniň işiniň ýörelgeleri
1. Birleşmäniň işi şu ýörelgelere esaslanýar: 1) özbaşdaklyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we hasabatlylyk; 2) telekeçiligiň Birleşmä agza bolan ähli subýektleriniň deňhukuklylygy; 3) kabul edilýän çözgütleriň döwletiň içeri we daşary…
6-njy madda
Birleşmäniň we döwletiň özara gatnaşyklary
1. Birleşme döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we döwlet hem Birleşmäniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli…
7-nji madda
Birleşmäni döretmegiň umumy şertleri
1. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň eýeçiligiň hususy we (ýa-da) gatyşyk (birleşen) görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzalary bolup bilerler. Holdingler, kompaniýalaryň…
8-nji madda
Birleşmäniň Tertipnamasy
1. Birleşmäniň Tertipnamasy onuň esaslandyryjy resminamasy bolup durýar. 2. Birleşmäniň Tertipnamasynda şular bolmalydyr: 1) Birleşmäniň ady, maksatlary, wezipeleri we işleri, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşi; 2) Birleşmäniň gurluşy, onuň…
9-njy madda
Birleşmäniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy
Birleşmäniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Birleşmäniň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
10-njy madda
Birleşmäniň eýeçiligi we eýeçilik hukugynyň subýektleri
1. Birleşme tertipnamalaýyn maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak üçin zerur bolan aýrybaşgalanan emläge eýelik edýär. 2. Birleşmäniň agzalarynyň Birleşmä degişli emläge eýeçilik hukugy ýokdur. 3. Birleşme şu Kanunda göz öňünde…
11-nji madda
Birleşmäniň işiniň maliýeleşdirilmegi
Birleşmäniň serişdeleriniň çeşmeleri: 1) möçberi Birleşmäniň Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýan giriş, ýyllyk we maksatlaýyn agzalyk gatançlar; 2) fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin gatançlarynyň ähli görnüşleri, şol sanda Birleşmä…
12-nji madda
Birleşmäniň hukuklary
1. Birleşme öz Tertipnamasyna laýyklykda maksatlaryny, wezipelerini we işlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuklara eýedir. 2. Birleşmäniň şulara hukugy bardyr: 1) öz hukuklaryna wekilçilik etmäge we olary goramaga, Birleşmäniň…
13-nji madda
Birleşmäniň borçlary
Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygyny, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri hakynda, işleriň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerini amala aşyran mahalynda işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygy, halkara hukugynyň…
14-nji madda
Birleşmäniň telekeçilik işi
Tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek üçin Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işi bilen meşgullanyp biler. Ol işden alnan girdejiler diňe Tertipnamada görkezilen maksatlar üçin peýdalanylyp bilner.
15-nji madda
Birleşmä salgyt salynmagy
Birleşmä salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
16-njy madda
Birleşmäniň işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy
Döwlet Birleşmäniň we onuň agzalarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär, onuň işine goldaw berýär.
17-nji madda
Birleşmäniň ýolbaşçy edaralary
1. Şular Birleşmäniň ýolbaşçy edaralary bolup durýarlar: 1) Birleşmäniň umumy ýygnagy; 2) Birleşmäniň Müdiriýeti. 2. Azyndan ýylda bir gezek çagyrylýan umumy ýygnagy Birleşmäniň ýokary ýolbaşçy edarasy bolup durýar. Nobatdan daşary umumy…
18-nji madda
Umumy ýygnagyň ygtyýarlyklary
1. Umumy ýygnagyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir: 1) Birleşmäniň Tertipnamasyny tassyklamak, oňa üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizmek; 2) Birleşmäniň Müdiriýetiniň agzalaryny, Birleşmäniň gözegçilik-derňew toparynyň agzalaryny…
19-njy madda
Birleşmäniň Müdiriýeti we onuň başlygy
1. Birleşmäniň Müdiriýeti (mundan beýläk - Müdiriýet) onuň işine gündelik ýolbaşçylygy amala aşyrýar. 2. Müdiriýet umumy ýygnaga hasabat berýär. Müdiriýetiň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti we san düzümi Birleşmäniň Tertipnamasynda…
20-nji madda
Birleşmäniň gözegçilik-derňew topary
Birleşmäniň maliýe-hojalyk işine gözegçilik etmek üçin Birleşmäniň umumy ýygnagy Müdiriýetiň düzümine girmeýän agzalaryndan gözegçilik-derňew toparyny saýlaýar. Gözegçilik-derňew toparynyň agzalarynyň sany Birleşmäniň umumy ýygnagy…
21-nji madda
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk
Birleşme buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygy düzmegi we bermegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyp barýar.
22-nji madda
Birleşme tarapyndan resminamalaryň hasabynyň ýöredilişi we saklanylyşy
Birleşme resminamalaryň hasabynyň ýöredilmegini we saklanylmagyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyp barmaga borçludyr.
23-nji madda
Birleşmäniň agzalarynyň hukuklary we borçlary
1. Birleşmäniň agzalarynyň şulara hukugy bardyr: 1) Birleşmäniň hünärmençilik goldawyndan we goragyndan, şeýle hem onuň Tertipnamasynda görkezilen hyzmatlardan peýdalanmaga; 2) Birleşmäniň ýolbaşçy edaralaryna saýlamaga we saýlanylmaga; 3)…
24-nji madda
Hökmany agzalyk gatançlary we gaýry tölegler
1. Hökmany agzalyk gatançlarynyň Müdiriýet tarapyndan tassyklanylýan möçberi Birleşme tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär, şol sanda Internet ulgamynda ýerleşdirilýär. 2. Müdiriýet tarapyndan hökmany agzalyk…
25-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Birleşmäniň işiniň barşynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
Öňki
1 / 2
Indiki