Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Rasionalizatorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
02.03.2019 · № 123-VI
«Rasionalizatorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 8 sahypa
25 madda
1-nji madda
Rasionalizatorçylyk işi düşünjesi
Rasionalizatorçylyk işi diýlip adam ýa-da adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylýan, ulanylmagy maddy we maliýe serişdeleriniň tygşytlanylmagyna ýardam edýän desgalaryň, gurluşlaryň, harytlaryň we önümleriň, tehniki serişdeleriň ýa-da…
2-nji madda
Rasionalizatorçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Rasionalizatorçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Rasionalizatorçylyk işiniň ýörelgeleri
Rasionalizatorçylyk işi kanunylyk, aýanlyk, meýletinlik, onuň gatnaşyjylarynyň bähbitleriniň umumylygy we hukuklarynyň deňligi ýörelgelerinde amala aşyrylýar.
4-nji madda
Rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak; 2) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlaryny…
5-nji madda
Rasionalizatorçylyk işiniň maliýeleşdirilmegi
Rasionalizatorçylyk işiniň maliýeleşdirilmegi kärhanalaryň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. Görkezilen serişdeler tejribe-synag işleriniň geçirilmegine,…
6-njy madda
Rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar; 4)…
8-nji madda
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler; 3) rasionalizatorlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara ylalaşykly…
9-njy madda
Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti
1. Rasionalizatorçylyk işini ösdürmek we utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti döredilip bilner. 2. Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti jemgyýetiň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan umumy maksatlaryň…
10-njy madda
Rasionalizatorçylyk işiniň guralyşy
1. Kärhanada rasionalizatorçylyk işini guramak maksady bilen, onuň ýolbaşçysy tarapyndan rasionalizatorçylyk işi hakynda düzgünnama, rasionalizatorçylyk tekliplerine seretmegiň tertibi, sylaglary tölemegiň tertibi tassyklanylýar. 2.…
11-nji madda
Rasionalizatorçylyk işini guramak boýunça kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň borçlary
Kärhanalaryň ýolbaşçylary şulara borçludyrlar: 1) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlaryna öz döredijilik işleri üçin şertleri döretmäge, rasionalizatorçylyk tekliplerini durmuşa geçirmeklerinde olara hemme taraplaýyn kömegi bermäge,…
12-nji madda
Teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi baradaky arzanyň berilmegi
1. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adam (adamlar) teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi baradaky arza bilen (mundan beýläk - arza) kärhananyň ýolbaşçysyna ýüz tutmaga haklydyr. Kärhananyň ýolbaşçysy arza seretmek…
13-nji madda
Arza seredilmegi
1. Arza topar tarapyndan bir aýyň dowamynda seredilýär, şu maddanyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir. Görkezilen arzanyň şu Kanunyň 14-nji maddasynda bellenen kadalara laýyklygyna barlag geçirilenden soň,…
14-nji madda
Teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmeginiň şertleri
1. Teklip, eger ol şulary özünde saklaýan bolsa, rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilýär: 1) desgalaryň, gurluşlaryň, harytlaryň we önümleriň, tehniki serişdeleriň ýa-da tehnologiýa iş ýöredişiniň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýan,…
15-nji madda
Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory
1. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory diýlip, ony öz döredijilik zähmeti bilen döreden fiziki şahs ykrar edilýär. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtoryna rasionalizatorçylyk teklibiniň bellige alnandygy baradaky şahadatnama berilýär. 2.…
16-njy madda
Rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagynyň ykrar edilmegi
1. Rasionalizatorçylyk teklibi onuň ulanylyp başlanan gününden beýläk ulanylan diýlip ykrar edilýär. 2. Önümiň tejribe nusgasynyň synag barlagyndan geçirilmegi, taýýarlanylmagy we synagdan geçirilmegi, şeýle hem rasionalizatorçylyk…
17-nji madda
Arzanyň yzyna alynmagy
1. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adam arzasyny oňa seredilmeginiň islendik döwründe yzyna almaga haklydyr. 2. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adamlaryň birnäçesi tarapyndan ýazylan arza diňe olaryň her biriniň…
18-nji madda
Arza seredilmeginde nobatlylyk
Eger meňzeş rasionalizatorçylyk teklipleri üçin arzalar şol bir senede berlen bolsa, bellige alynmagynyň has irki belgisi bolan arza ilkinji nobatda seredilýär.
19-njy madda
Teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi hakynda çözgüdiň ýatyrylmagy
1. Şu Kanunyň talaplarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylan halatynda teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi hakynda çözgüt topar tarapyndan ýatyrylyp bilner. Şu ýagdaýda awtora tölenilen sylag yzyna gaýtarylmaga degişlidir. 2.…
20-nji madda
Sylaga bolan hukuk
Eger teklip kärhana tarapyndan rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilse, awtoryň (şärikli awtorlaryň) sylaga hukugy bardyr.
21-nji madda
Sylagyň tölenilmeginiň amala aşyrylmagy üçin esaslar
1. Sylag aşakdaky ýagdaýlarda tölenilýär: 1) rasionalizatorçylyk teklibi kärhana tarapyndan ulanylanda (ornaşdyrylanda); 2) rasionalizatorçylyk teklibi şertnama esasynda başga bir kärhana berlen tehniki resminama girizilende. 2. Sylag şu…
22-nji madda
Sylagyň möçberi we tölenilmeginiň möhletleri
1. Sylagyň möçberi awtor (şärikli awtorlar) bilen ylalaşyk boýunça kärhana tarapyndan kesgitlenilýär we olaryň arasynda baglaşylan şertnamada görkezilýär. Şunda rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylan halatynda onuň awtoryna (şärikli…
23-nji madda
Jedellere seredilmegi
Rasionalizatorçylyk işi bilen baglanyşykly jedellere kazyýet tertibinde seredilýär.
24-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
25-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.