Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
02.03.2019 · № 122-VI
«Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 14 sahypa
33 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ekologiýa auditi - daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, kada görkezijileriniň, kadalaşdyryjy resminamalaryň hem-de…
2-nji madda
Ekologiýa auditi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ekologiýa auditi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki…
3-nji madda
Ekologiýa auditiniň maksady we wezipeleri
1. Ekologiýa auditiniň maksady daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda işi kämilleşdirmek, şeýle hem hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeleriniň öňüni almak hem-de peseltmek bolup durýar. 2.…
4-nji madda
Ekologiýa auditiniň esasy ýörelgeleri
Ekologiýa auditi şu ýörelgelere esaslanýar: 1) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplarynyň hasaba alynmagynyň hökmanylygy; 2) çägiň tebigy we durmuş-ykdysady…
5-nji madda
Ekologiýa auditiniň obýektleri
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, önümçilikler we beýleki hojalyk obýektleri ýa-da olaryň işiniň käbir görnüşleri ekologiýa auditiniň obýektleri bolup durýarlar.
6-njy madda
Ekologiýa auditiniň subýektleri
Ekologiýa auditini buýrujylar, ekologiýa auditorlary we ekologiýa auditorlyk guramalary ekologiýa auditiniň subýektleri bolup durýarlar.
7-nji madda
Ekologiýa auditini maliýeleşdirmek
1. Ekologiýa auditi ekologiýa auditini buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. 2. Ekologiýa auditini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gyzyklanma bildirýän şahslar tarapyndan hem amala aşyrylyp…
8-nji madda
Ekologiýa auditi babatda işe salgyt salynmagy
Ekologiýa auditi babatda işe salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
9-njy madda
Ekologiýa auditi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Ekologiýa auditi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara) tarapyndan amala aşyrylýar.
10-njy madda
Ekologiýa auditi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Ekologiýa auditi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) döwlet maksatnamasyny tassyklaýar; 3) hojalyk we beýleki işiň aýry-aýry subýektleri babatda daşary ýurt auditorlyk guramalary…
11-nji madda
Ekologiýa auditi babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Ekologiýa auditi babatda ygtyýarlandyrylan edara: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär we onuň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar; 2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we öz ygtyýarlyklarynyň…
12-nji madda
Ekologiýa auditini buýrujynyň hukuklary we borçlary
1. Ekologiýa auditini buýrujynyň şulara hukugy bardyr: 1) ekologiýa auditini geçirmegiň zerurlygyny kesgitlemäge; 2) ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň seçilip alnyşyny geçirmäge; 3) ekologiýa auditiniň ölçeg…
13-nji madda
Ekologiýa auditorynyň we ekologiýa auditorlyk guramasynyň hukuklary we borçlary
1. Ekologiýa auditorynyň we ekologiýa auditorlyk guramasynyň şulara hukuklary bardyr: 1) daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa auditini geçirmegiň…
14-nji madda
Bähbitleriň gapma-garşylygy
1. Ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalary tarapyndan ekologiýa auditiniň geçirilmegi şu ýagdaýlarda amala aşyrylyp bilinmeýär, eger: 1) ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalarynyň ekologiýa…
15-nji madda
Ekologiýa auditory
1. Ekologiýa auditory - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamasy bolan we onuň geçirilmegini özbaşdak amala aşyrýan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki…
16-njy madda
Ekologiýa auditorlyk guramasy
1. Ekologiýa auditorlyk guramasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, şu guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner: 1) hususy kärhana; 2) hojalyk jemgyýeti; 3) bilelikdäki kärhana; 4) ýapyk görnüşli paýdarlar…
17-nji madda
Ekologiýa auditiniň görnüşleri
1. Ekologiýa auditi hökmany ýa-da meýletin tertipde geçirilýär. 2. Hökmany ekologiýa auditi ýa-da meýletin ekologiýa auditi doly ekologiýa auditi görnüşinde (daşky gurşawa täsir etmegiň toplumlaýyn barlagy) ýa-da ýöriteleşdirilen ekologiýa…
18-nji madda
Hökmany ekologiýa auditi
1. Hökmany ekologiýa auditi şu ýagdaýlarda geçirilýär: 1) önümler, prosesler, işler ýa-da hyzmatlar ekologiýa taýdan sertifikatlaşdyrylanda; 2) daşky gurşawa täsir edýän önümçilik kärhanalaryň we obýektleriň durky…
19-njy madda
Meýletin ekologiýa auditi
Meýletin ekologiýa auditi ekologiýa auditini buýrujynyň başlangyjy boýunça geçirilýär.
20-nji madda
Ekologiýa auditini geçirmeklige taýýarlyk
1. Ekologiýa auditini geçirmeklige taýýarlyk ekologiýa auditini buýrujynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýar. 2. Ekologiýa auditini buýrujy ekologiýa auditini geçirmek üçin ekologiýa auditoryny ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasyny…
21-nji madda
Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmek
1. Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmek şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. 2. Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasy ekologiýa auditini buýrujynyň we ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa…
22-nji madda
Ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy
1. Ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we ekologiýa auditini buýrujy bilen ylalaşylýar. 2. Ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy şulary öz…
23-nji madda
Ekologiýa auditini geçirmek üçin maglumatlary toplamak
1. Ekologiýa auditini geçirmek üçin maglumatlary toplamagyň maksady ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna laýyk gelýändigini ýa-da laýyk gelmeýändigini seljeriş we kesgitleme bolup durýar. 2. Ekologiýa…
24-nji madda
Ekologiýa auditiniň netijeleri
1. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna laýyk gelýändigini ýa-da laýyk gelmeýändigini kesgitlemek üçin, olar tarapyndan alnan ähli maglumatlary…
25-nji madda
Ekologiýa auditiniň netijenamasy
1. Ekologiýa auditiniň netijenamasy, onuň dogrulygyna we dolulygyna jogapkärçilik çekýän ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan taýýarlanylýar. 2. Ekologiýa auditiniň netijenamasynda garalýan meseleler ekologiýa…
Öňki
1 / 2
Indiki