Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
01.12.2018 · № 99-VI
«Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
31 madda · 16 sahypa
31 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) alkogol (mundan beýläk, şeýle hem - alkogolly önümler) - iýmit çig malyndan we (ýa-da) düzüminde spirt bolan iýmit önüminden taýýarlanan, etil spirtiniň ulanylmagy ýa-da ulanylmazlygy…
2-nji madda
Türkmenistanyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli bolup durýar. 2. Şu Kanunyň hereketi sarp edijä satylmak üçin niýetlenen, düzüminde…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary şular bolup durýar: 1) Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesillerini alkogolly önümleri ulanýan adamlaryň sezewar bolup biljek howpundan we olar bilen baglanyşykly olaryň jany ýa-da saglygy, nesli üçin ýaramaz…
5-nji madda
Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almaklyga, alkogolly önümleriň dolanyşygyny çäklendirmeklige we olaryň ulanylyşyny azaltmaklyga,…
6-njy madda
Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet kepillikleri
1. Döwlet Türkmenistanda öndürilýän we Türkmenistana getirilýän alkogolly önümleriň adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin howpsuzlygyna we hiline baha bermegiň düzgünleriniň we tertipleriniň bellenilmegini we berjaý edilmegini…
7-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça işe gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanuna we özleriniň tertipnamalaryna laýyklykda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar.
8-nji madda
Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek
Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
9-njy madda
Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler…
10-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni…
11-nji madda
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ygtyýarlylygy
1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça işi utgaşdyrýar, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri, Türkmenistana howpsuz we oňat hilli…
12-nji madda
Beýleki döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ygtyýarlylygy
Beýleki döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) kadalaşdyryjy hukuk…
13-nji madda
Alkogolly önümleriň öndürilişine bildirilýän talaplar
1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary Türkmenistanyň çäginde alkogolly önümleri öndürmegi amala aşyrmaga haklydyr. 2. Türkmenistanyň hususy telekeçileri Türkmenistanyň çäginde piwo öndürmegi amala aşyrmaga…
14-nji madda
Alkogolly önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar
1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar, şeýle hem hususy telekeçiler Türkmenistanyň çäginde alkogolly önümleriň dolanyşygyny amala aşyryp bilerler. 2. Alkogolly önümleriň dolanyşygy boýunça işiň amala aşyrylmagyna degişli…
15-nji madda
Alkogolly önümler barada maglumata bildirilýän esasy talaplar
1. Sarp edijilere hödürlenýän alkogolly önümler barada maglumat kadalaşdyryjy resminamalarda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esasy talaplara laýyk gelmelidir. 2. Alkogolly önümler barada maglumat Türkmenistanyň döwlet dilinde…
16-njy madda
Alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary we ýörite belgiler bilen belgilenmegine bildirilýän talaplar
Alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary we paçsyz söwda dükanynda satylýan önüm üçin ýörite belgiler bilen belgilenmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
17-nji madda
Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryna bildirilýän talaplar
1. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary we hususy telekeçileri (mundan beýläk - söwdanyň subýektleri) tarapyndan Türkmenistanyň…
18-nji madda
Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny amala aşyrýan söwda obýektlerine çäklendirmeler
Şulara alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny etmäge ýol berilmeýär: 1) bilim edaralarynyň (şol sanda bilim edaralaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň) çäginde we eýeçiliginde, ygtyýarlygynda we (ýa-da) peýdalanmagynda duran, olaryň…
19-njy madda
Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna çäklendirmeler
Şu ýagdaýlarda alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna ýol berilmeýär: 1) degişli ygtyýarnamasy bolmadyk söwda subýektleri tarapyndan; 2) goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilenmedik ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bolan; 3)…
20-nji madda
Alkogolly önümleriň ulanylmagyna çäklendirmeler
Alkogolly önümleriň ulanylmagyna (içilmegine) şu aşakdaky ýerlerde ýol berilmeýär (alkogolly önümler guýlup satylmaga rugsat berlen, jemgyýetçilik iýmiti obýektleri (restoranlar, barlar, kafeler), şeýle hem toýlaryň, şanly seneleriň we…
21-nji madda
Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny amala aşyrýan söwda obýektlerine bildirilýän talaplar
1. Şäher ilatly ýerlerde alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy umumy meýdany elli inedördül metrden az bolmadyk ammar jaýlary bar bolan hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), şeýle hem hemişelik duran söwda…
22-nji madda
Söwda hyzmatyna bildirilýän talaplar
1. Söwdanyň subýektleri sarp edijilere alkogolly önümleriň söwda hyzmatyny edenlerinde şulara borçludyrlar: 1) şu Kanunyň we söwda işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge; 2) alyja alkogolly önümleriň…
23-nji madda
Alkogolly önümleriň mahabatlandyrylmagyna bildirilýän talaplar
1. Alkogolly önümleriň islendik mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär. Alkogolly önümleriň mahabatlandyrylmagyna bildirilýän talaplar «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. 2. Raýatlary, ilki bilen, ýigrimi bir…
24-nji madda
Alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilmegine bildirilýän talaplar
1. Alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berilýän degişli ygtyýarnamasy bolan şahslar tarapyndan amala aşyrylýar, şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen ýagdaý muňa degişli…
25-nji madda
Alkogolly önümleriň bikanun söwdasynyň öňüniň alynmagy
Alkogolly önümleriň bikanun söwdasynyň öňüni almak maksatlary bilen şular amala aşyrylýar: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alkogolly önümleriň bikanun söwdasynyň ýagdaýlaryny ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça çäreleriň…
Öňki
1 / 2
Indiki