Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.10.2018 · № 78-VI
«Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
15 madda · 5 sahypa
15 madda
1-nji madda
Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň düzümi
Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň (mundan beýläk - döwlet edarasy), Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň…
2-nji madda
Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar (mundan beýläk - Topar) hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
3-nji madda
Toparyň maksatlary we wezipeleri
1. Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek we taraplaryň durmuş-ykdysady bähbitlerini sazlaşdyrmak Toparyň maksatlary bolup durýar. 2. Şular Toparyň wezipeleri bolup durýar: 1) üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak, Türkmenistanyň…
4-nji madda
Toparyň döredilmeginiň we işiniň ýörelgeleri
Şular Toparyň döredilmeginiň we işiniň ýörelgeleri bolup durýar: 1) Toparyň işine işgärleriň wekiliniň we iş berijileriň wekiliniň gatnaşmagynyň meýletinligi; 2) taraplaryň ygtyýarlylygy; 3) taraplaryň özbaşdaklygy we garaşsyzlygy; 4)…
5-nji madda
Toparyň döredilişi
1. Topar taraplaryň arasynda köpçülikleýin gepleşikleriň alnyp barylmagy arkaly döwlet derejesinde döredilýär. 2. Taraplaryň Toparyň düzümindäki wekilçiligi şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we degişli…
6-njy madda
Baş ylalaşyk
1. Baş ylalaşyk - Türkmenistanda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň umumy esaslaryny belleýän we taraplaryň arasynda baglaşylýan hukuk namasydyr. 2. Baş ylalaşygy işläp düzmegiň we baglaşmagyň tertibi hem-de onuň hereket ediş…
7-nji madda
Toparyň Dessury
Toparyň Dessury Topar tarapyndan işlenip düzülýär. Toparyň we onuň agzalarynyň iş tertibi Toparyň Dessury tarapyndan kesgitlenilýär.
8-nji madda
Toparyň hukuklary
Toparyň şulara hukugy bardyr: 1) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly…
9-njy madda
Toparyň çözgüt kabul etmeginiň tertibi
1. Eger oňa taraplaryň üçüsi hem ses berse, Toparyň çözgüdi kabul edilen hasaplanýar. 2. Her bir tarapyň çözgüdi kabul etmeginiň tertibi Toparyň Dessury tarapyndan kesgitlenýär. 3. Toparyň kabul edilen çözgüt bilen razylaşmaýan agzasynyň,…
10-njy madda
Döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy
1. Döwlet edarasy Toparyň işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar (mundan beýläk - Toparyň utgaşdyryjysy). 2. Toparyň utgaşdyryjysy: 1) Toparyň işini guraýar, onuň mejlislerinde başlyklyk edýär; 2) iş toparlarynyň düzümini tassyklaýar; 3) Toparyň…
11-nji madda
Taraplaryň utgaşdyryjylary
1. Her bir tarapyň işini şol tarapdan bolan utgaşdyryjy guraýar. 2. Döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. 3. Işgärleriň wekiline we iş berijileriň wekiline…
12-nji madda
Toparyň agzalarynyň hukuklary we borçlary
1. Toparyň agzalarynyň hukuklary we borçlary Toparyň Dessury tarapyndan kesgitlenýär. 2. Toparyň mejlisine gatnaşan döwründe Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda Toparyň agzalarynyň iş ýeri (wezipesi) we ortaça zähmet haky…
13-nji madda
Toparyň işini üpjün etmek
Toparyň işiniň maddy-tehniki we guramaçylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.
14-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
15-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.