Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
09.06.2018 · № 29-VI
«Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
28 madda · 11 sahypa
28 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) azyk bazary - oba hojalyk önümlerini we azygy, harytlary öndürmek üçin oba hojalyk önümleriniň we azygyň, çig malyň, şeýle hem maddy-tehniki serişdeleriň dolanyşygy; 2) döwlet haryt…
2-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda gatnaşyklary…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen…
4-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmek babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Oba hojalygyny ösdürmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ýerine…
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna şular degişlidir: 1) döwlet syýasatyny kesgitlemek; 2) döwlet maksatnamalaryny tassyklamak; 3) Türkmenistanyň…
6-njy madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir: 1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek; 2) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ministrlikleriň,…
7-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ygtyýarlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
8-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine…
9-njy madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasaty
1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasaty oba hojalygynyň we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegine gönükdirilen döwlet durmuş-ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi…
10-njy madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatyny durmuşa geçirmek üçin şu çäreler: 1) oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli şertlerde karz serişdelerini bermek; 2) oba hojalyk önümlerini…
11-nji madda
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler
1. Şular oba hojalyk önümlerini öndürijiler bolup durýarlar: 1) daýhan birleşikleri; 2) oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri; 3) daýhan hojalyklary; 4) kärendeçiler; 5) kömekçi oba hojalygyny alyp barýan ýuridik şahslar we şahsy kömekçi…
12-nji madda
Oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy
1. Oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy oba hojalygy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere öndüren önümlerini eksport eden…
13-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek
1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ygtyýarlandyrylan edara, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş…
14-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy we netijeleri hakynda hasabat
1. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy we netijeleri hakynda döwürleýin (aýlyk, çärýeklik, ýyllyk)…
15-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlary
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet goldawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen tertipde ygtyýarlandyrylan banklaryň ýeňillikli karz serişdeleriniň, ygtyýarlandyrylan edaranyň ýörite…
16-njy madda
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri döwlet tarapyndan karzlaşdyrmak
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde karzlar şu maksatlar üçin berlip bilner: 1) oba hojalyk önümlerini öndürmek, satyn almak, saklamak we gaýtadan işlemek; 2) oba hojalyk önümçiliginiň…
17-nji madda
Oba hojalyk önümlerini sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak
Oba hojalyk önümlerini sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
18-nji madda
Oba hojalyk önümçiligini ätiýaçlandyrmak
1. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde, gaýtadan işlemekde, daşamakda we ýerlemekde töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak meýletinlik esasynda amala aşyrylýar. 2. Ätiýaçlandyryş goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.
19-njy madda
Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we goramak boýunça çäreleri döwlet tarapyndan goldamak
Ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we goramak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek tertibinde ýerine ýetirilýän meliorasiýa işlerini geçirmekde döwlet goldawy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we…
20-nji madda
Oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazaryny düzgünleşdirmek üçin döwlet satyn alyş interwensiýasy we döwlet haryt interwensiýasy
1. Döwlet satyn alyş interwensiýasy we döwlet haryt interwensiýasy oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň bazarynda bahalary durnuklaşdyrmak, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejileriniň derejesini…
21-nji madda
Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy
1. Ygtyýarlandyrylan edara oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän ýuridik we fiziki şahslaryň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatyny durmuşa geçirýär. 2. Oba…
22-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet maglumat üpjünçiligi
1. Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek we ösdürmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala…
23-nji madda
Oba hojalygy babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň hünär synagyny geçirmek
1. Oba hojalygy babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak başlangyç hünär bilimi, orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we…
24-nji madda
Oba hojalygy babatda ylmy taýdan üpjün etmek
1. Oba hojalygy babatda ylmy taýdan üpjün etmek ylmy-barlag edaralary we ylmy iş alyp barýan ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Ygtyýarlandyrylan edara oba hojalyk pudagynyň ylym we bilim edaralarynyň önümçiligiň…
25-nji madda
Oba hojalygyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
Oba hojalygyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki