Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
05.01.2018 · № 683-V
«Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
17 madda · 16 sahypa
17 madda
1-nji madda
Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler peýdalanylýar: 1) bikanun gatyşmak - ulag toplumynyň howpsuz işine wehim salýan, adamlaryň janyna we saglygyna zyýan, maddy zelel ýetirilmegine getiren ýa-da şeýle netijeleriň bolmagyna wehim…
2-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlary we wezipeleri
1. Ulag toplumynyň durnukly we howpsuz işlemegi, ulag toplumy çygrynda bikanun gatyşmakdan şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagy ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlary bolup durýar. 2. Ulag howpsuzlygyny üpjün…
3-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgeleri
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýar: 1) kanunylyk; 2) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň deň agramlylygyny berjaý etmek; 3) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we…
4-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek
1. Eger şu Kanunda we gaýry kanunlarda başgaça bellenmedik bolsa, ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek ulag infrastrukturasynyň subýektlerine we daşaýjylara ýüklenýär. 2. Şu Kanun,…
5-nji madda
Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek
1. Bikanun gatyşmakdan goramak üçin ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegiň tertibi degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan…
6-njy madda
Ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini toparlandyrmak
1. Bikanun gatyşmak wehiminiň derejesini we onuň mümkin bolan netijelerini hasaba almak bilen ulag infrastrukturasynyň obýektleri we ulag serişdeleri hökmany toparlandyrylmaga degişlidirler, muňa şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlar…
7-nji madda
Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň howpsuzlyk derejeleri
1. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmek maksatlary bilen ulag toplumynda dürli howpsuzlyk derejeleri bellenýär. 2. Howpsuzlyk derejeleriniň sanawy we ulag toplumynyň işine bikanun gatyşmak wehiminiň derejesi…
8-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplar
1. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň dürli toparlary üçin şu Kanunyň 7-nji maddasynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk derejelerini hasaba alýan ulagyň görnüşleri boýunça ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça…
9-njy madda
Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek
1. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegi geçirmegiň netijeleriniň esasynda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag…
10-njy madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işler ýerine ýetirilende çäklendirmeler
1. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işleri ýerine ýetirmäge şu şahslaryň haky ýokdur: 1) bilkastlaýyn jenaýat edenligi üçin öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýby bolanlar; 2) psihiki kesellerden,…
11-nji madda
Ulag howpsuzlygy çygrynda maglumat taýdan üpjün etmek
1. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrmak maksatlary bilen ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň bir bitewi maglumat ulgamy döredilýär. 2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen…
12-nji madda
Ulag howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi
1. Ulag howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi ygtyýarly döwlet edaralary (mundan beýläk - döwlet gözegçiligi edaralary) tarapyndan olaryň ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler…
13-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň we daşaýjylaryň hukuklary we borçlary
1. Ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň we daşaýjylaryň şulara hukugy bardyr: 1) ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde döwlet edaralaryndan maglumat almaga; 2) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça…
14-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleri taýýarlamak we olaryň hünär synagy, ulag howpsuzlygy bölünmelerini akkreditirlemek
1. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleri taýýarlamak degişli döwlet edaralary, şeýle hem bilim edaralary bilen ylalaşmak boýunça ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar. 2. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän…
15-nji madda
Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek we gaýtadan gözden geçirmek
1. Şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda bellenilen ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplarda göz öňünde tutulan halatlarda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek, gaýtadan gözden…
16-njy madda
Ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini bikanun gatyşmakdan goramagyň aýratynlyklary
1. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriiniň ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini bikanun gatyşmakdan goramak üçin, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ýörite serişdeleri we gulluk ok atýan ýaragy…
17-nji madda
Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girýär.