Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
05.01.2018 · № 684-V
«Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
53 madda · 20 sahypa
53 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) abonent - teleradioýaýradyşyň hyzmatlaryndan peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs; 2) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek - köpçülikleýin kabul…
2-nji madda
Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de teleradio babatda meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi teleradio babatda eýeçiliginiň görnüşlerine, şeýle hem adamlaryň çäklendirilmedik topary tarapyndan köpçülikleýin (özbaşdak) kabul edilmegine niýetlenen teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri)…
4-nji madda
Teleradioýaýradyş babatynda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
1. Teleradioýaýradyş babatynda döwlet syýasaty «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, köpçülikleýin habaryň erkinligi, senzuranyň ýolberilmesizligi we köpçülikleýin habar beriş…
5-nji madda
Teleradioýaýradyşyň çelgileri we görnüşleriniň sanawy
1. Teleradioýaýradyşyň görnüşleri şu çelgiler boýunça kesgitlenilýär: 1) ýaýradyşyň tehniki serişdeleri boýunça; 2) eýeçiliginiň görnüşleri boýunça; 3) çäk ýörelgesi boýunça. 2. Ýaýradyşyň tehniki serişdeleri boýunça teleradioýaýradyş…
6-njy madda
Analog ýaýlym teleradioýaýradyş
1. Analog ýaýlym teleradioýaýradyş, bu teleradioýaýradyş signalyny işläp geçmegiň analog usullaryny peýdalanmak bilen teleradioýaýlymlary ýaýratmagyň ulgamydyr. 2. Analog ýaýlym teleradioýaýradyş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda…
7-nji madda
Sanly ýaýlym teleradioýaýradyş
1. Sanly ýaýlym teleradioýaýradyş, bu teleradioýaýradyşyň asyl nusgadaky signalynyň sanlaşdyrylma (gysyş) usulyny peýdalanmak bilen ýerüsti ýaýradyjy beketler arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamydyr. 2. Türkmenistanda sanly ýaýlym…
8-nji madda
Emeli hemra teleradioýaýradyş
1. Emeli hemra teleradioýaýradyş hemra aragatnaşyklarynda ýerleşdirilýän aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beketler we tele ýa-da radioýaýradyş hemra ulgamlarynyň ýerüsti beketlerini peýdalanmak arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmagyň…
9-njy madda
Kabel teleradioýaýradyş
1. Kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamydyr. 2. Kabel toruny döretmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, kabel ýaýradyşyň signallar ulgamyny ulanmak, teleradioýaýradyşyň ýygylyklaryny we…
10-njy madda
IP-teleradioýaýradyş
IP-teleradioýaýradyş kompýuter ulgamlary we torlary üçin häsiýetli IP-niň işleýiş usullary hem-de tehnologiýalary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamydyr.
11-nji madda
Internet-teleradioýaýradyş
Internet-teleradioýaýradyş Internet torunyň serişdeleri arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmagyň ulgamydyr.
12-nji madda
Milli (umumydöwlet) we ýerli teleradioýaýradyş
1. Milli (umumydöwlet) teleradioýaýradyş Türkmenistanyň ilatynyň azyndan 90 göterimine elýeter bolan ýaýradyşdyr. 2. Ýerli teleradioýaýradyş ygtyýarnama bilen kesgitlenilen hyzmat ediş zolagynyň ilatynyň azyndan 90 göterimine elýeter bolan…
13-nji madda
Serhetýaka teleradioýaýradyş
1. Serhetýaka teleradioýaýradyş, munuň özi teleradioýaýradyş bolup, onda teleradioýaýradyşyň örtüş zolagy bir ýa-da birnäçe daşary ýurt döwletleriniň çägini öz içine alýar. 2. Türkmenistanyň çäginden ýa-da çägine serhetýaka…
14-nji madda
Teleradioýaýradyşyň subýektleri
Teleradioýaýradyşyň subýektlerine teleradioýaýradyş babatda işi amala aşyrmak hukugyna degişli ygtyýarnamasy bolan teleradioýaýradyjylar we teleradioýaýradyşyň operatorlary degişlidir, olar jemlenişip Türkmenistanda teleradioýaýradyş…
15-nji madda
Teleradioguramalar, olaryň hukuklary we borçlary
1. Türkmenistanda teleradioýaýradyşyň esasyny teleradioguramalar düzýärler, olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda esaslandyrylan teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýratmagyň usulyna garamazdan döwlet, hususy…
16-njy madda
Döwlet teleradioguramalary
1. Döwlet teleradioguramalary döwlet häkimiýetiniň edaralary tarapyndan esaslandyrylýar. 2. Döwlet teleradioguramalary guramaçylyk-hukuk - döwlet kärhanasy görnüşinde döredilýär. 3. Döwlet teleradioguramalarynyň esasy wezipeleri…
17-nji madda
Jemgyýetçilik teleradioguramalary
1. Jemgyýetçilik teleradioguramalary raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda döwlet häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan döredilýär. 2. Jemgyýetçilik teleradioguramalary tarapyndan öz teleradioönümleriniň…
18-nji madda
Hususy teleradioguramalar
1. Raýatlaryň maglumat isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, eýeçiligiň döwlete dahylly bolmadyk görnüşindäki fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar hususy teleradioguramalary döretmäge haklydyrlar. 2. Hususy teleradioguramalary döwlet…
19-njy madda
Teleradioýaýradyşyň operatorlary
1. Teleradioýaýradyşyň operatorlary ýaýlym, kabel, emeli hemra teleradioýaýradyş arkaly teleradioýaýlymlaryň ýaýlyma berilmegini we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilmegini üpjün edýärler. 2.…
20-nji madda
Teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasy
1. Teleradioguramanyň hökmany tertipde teleradioýaýradyş maksatnamalaýyn konsepsiýasy bolmalydyr. 2. Teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasy şulary kesgitleýär: 1) jemgyýetiň oňyn fiziki, akyl we ahlak ösüşine niýetlenen…
21-nji madda
Teleradioýaýradyş bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak
Teleradioýaýradyş bilen baglanyşykly iş «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
22-nji madda
Teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşy
Teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin radioýygylyk spektrini ulanmak bilen bagly iş «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
23-nji madda
Hökmany teleradioýaýlymlaryň sanawynyň döredilmegi
1. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi çygrynda döwlet syýasatyny düşündirmek we Türkmenistanyň ýeke-täk maglumat giňişligini aýap saklamak hem-de üpjün etmek, onuň medeni mirasyny aýap saklamak we ösdürmek maksady bilen, durmuş ähmiýetli…
24-nji madda
Erkin we şertli elýeter teleradioýaýlymlaryň sanawynyň döredilmegi
1. Erkin elýeter teleradioýaýlym seretmek hukugy üçin sarp edijilerden töleg almazdan adamlaryň çäklendirilmedik topary üçin ýaýradylýan teleradioýaýlymdyr. 2. Erkin elýeter teleradioýaýlymlaryň sanawy hökmany teleradioýaýlymlaryň…
25-nji madda
Teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek
1. Türkmenistanyň çäginde teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek çäklendirilmeýär. 2. Aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermäge maksady bolan…
Öňki
1 / 3
Indiki