Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
25.11.2017 · № 655-V
«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 19 sahypa
33 madda
1-nji madda
Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýynyň hukuk esaslary
Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýynyň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we şu Kanundan, harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän beýleki hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda hem-de kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerinde ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda harby gullugy geçýän…
3-nji madda
Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy
1. Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy - munuň özi harby gullukçylaryň döwlet tarapyndan kepillendirlen hukuklarynyň, azatlyklarynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen borçlarynyň we jogapkärçiliginiň belli bir jemidir. 2. Harby…
4-nji madda
Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyna eýe bolýan raýatlar
1. Harby gulluga başlanlaryndan soň raýatlar (çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin çagyryş nokadyndan ugradylan gününden başlap) harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyna eýe bolýarlar we harby gullugy tamamlanlaryndan soň (harby hasaba durmak…
5-nji madda
Harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleri
1. Şu Kanun bilen harby gullukçylara hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň, şeýle hem eýeleýän harby wezipelerini, dakylan harby atlaryny, harby gullugyň umumy dowamlylygyny, amala aşyrýan wezipelerini, harby gullugy geçmegiň şertlerini we…
6-njy madda
Harby gullukçylaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, at-abraýyny we mertebesini goramak
1. Harby gullukçylaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. 2. Harby gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda harby gullukçylaryň janyna,…
7-nji madda
Harby gullukçylaryň erkin hereket etmäge we ýaşaýan ýerini saýlap almaga hukugy
1. Harby gullukçylar erkin hereket etmäge hukugyny harby bölümleriň söweşjeň taýýarlygyny saklamagyň hem-de harby gullukçylaryň öz gulluk ýerine öz wagtynda gelmegini üpjün etmegiň zerurlygyny nazara alyp amala aşyrýarlar. 2. Harby gullugy…
8-nji madda
Harby gullukçylaryň dine uýmak erkinligi
1. Harby gullukçylar dine bolan garaýyşlaryny özbaşdak kesgitleýärler we bu barada ynam-ygtykatlaryny beýan edýärler, şeýle hem olar özleriniň gullukdan boş wagtlary dini ybadatlara gatnaşmaga we dini däp-dessurlary berjaý etmäge…
9-njy madda
Harby gullukçylaryň söz azatlygyna, erk-islegini erkin beýan etmäge, ýygnaklara, ýygnanyşyklara, ýörişlere gatnaşmaga bolan hukugy
1. Harby gullukçylar söz azatlygy, pikirini hem ynam-ygtykadyny beýan etmek hukugyny, maglumatlary almak hem ýaýratmak baradaky hukugyny amala aşyranda döwlet syryny we gulluk syry aýan etmeli däldirler, serkerdeleriň beren buýruklaryny…
10-njy madda
Harby gullukçylaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugy
1. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlamaga hem saýlanmaga hukugy bardyr. Wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlanan harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýynyň…
11-nji madda
Harby gullukçylaryň zähmet çekmäge bolan hukugy
1. Harby gullukçylar zähmet çekmäge bolan hukugyny harby gullugy geçmekleri bilen durmuşa geçirýärler. 2. Döwlet harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara şu aşakdakylary kepillendirýär: 1) alan hünär derejesine, gulluk…
12-nji madda
Harby gullukçylaryň gulluk wagty we olaryň dynç almaga bolan hukugy
1. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylaryň her hepdedäki gulluk wagtynyň umumy dowamlylygy şu maddanyň dördünji böleginde görkezilenden başga halatlarda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bilen bellenen hepdelik iş wagtynyň…
13-nji madda
Harby gullukçylaryň pul hak-heşdegi
1. Harby gullukçylaryň pul hak-heşdegi eýeleýän harby wezipesine laýyklykda her aýda alýan aýlygyndan (mundan beýläk harby wezipesi boýunça aýlygy) hem-de harby adyna laýyklykda her aýda alýan aýlygyndan (mundan beýläk harby ady boýunça…
14-nji madda
Harby gullukçylara goşmaça pul tölegleri
1. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylara, harby okuw mekdepleriniň talyplaryna ýarawsyzlygy sebäpli (harby-lukmançylyk toparynyň beren netijenamasy esasynda) rugsada giden mahalynda, olaryň alýan bir aýlyk hak-heşdeginden…
15-nji madda
Azyk, harby geýim lybaslar we goş-golamlar üpjünçiligi
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda azyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda azyk…
16-njy madda
Harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy
1. Döwlet harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýär. Döwlete degişli bolan ýaşaýyş jaý gaznasyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, beýleki ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ulanmak üçin berlen…
17-nji madda
Harby gullukçylaryň saglygyny goramaga, lukmançylyk kömegini almaga bolan hukugy
1. Döwlet harby gullukçylaryň saglygynyň goragyny, şeýle-de olaryň lukmançylyk kömegini almagyny kepillendirýär. 2. Harby gullukçylaryň saglygyny goramak işi sagdyn harby gulluk, durmuş şertleriniň döredilmegi hem-de howply harby gulluk…
18-nji madda
Eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, harby gullukçylaryň eýeçiliginde emlägi bolup biler, olaryň eýelik etmäge, öz emlägine we beýleki eýeçilik obýektlerine eýelik etmäge, olardan peýdalanmaga hem-de olara ygtyýar etmäge hukugy…
19-njy madda
Harby gullukçylaryň ätiýaçlandyryş kepillendirmeleri we olara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna bolan hukugy
1. Harby gullukçylar we harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar harby gullugy (harby ýygnanyşyklary) geçýän döwründe wepat bolan (aradan çykan), maýyp bolan, şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän), kesellän, şeýle hem harby…
20-nji madda
Harby gullukçylaryň bilim almaga bolan hukugy we medeniýet babatda hukuklary
1. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar orta ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga hukuga eýedirler. Görkezilen adamlaryň orta ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagynyň kadalary Borçnama boýunça harby…
21-nji madda
Ulaglarda gatnamaga we poçta ýollanmalaryny ibermäge bolan hukuk
1. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna tölenilýän demir ýol, howa we suw,…
22-nji madda
Harby gullukçylaryň bikanun hereketler barada şikaýat etmäge bolan hukugy
1. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde kazyýete ýüz tutmak arkaly öz hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goramaga hukugy bardyr. 2. Harby dolandyryş edaralarynyň we serkerdeleriň kada-kanuna bikanun çözgütleri…
23-nji madda
Raýatlaryň harby gullukdan boşamagy we olaryň işe ýerleşdirilmegi
1. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde harby gullukdan pensiýa almak hukugy berilmän boşan harby gullukçylara boşandan soň bir ýylyň dowamynda…
24-nji madda
Harby gullukçylaryň ekleýjisini ýitiren maşgala agzalaryny durmuş taýdan goramak
1. Ekleýjisini ýitirenligi üçin harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bellenilýär. 2. Harby gullukçylaryň ekleýjisini ýitiren…
25-nji madda
Pensiýa üpjünçiligine bolan hukuk
Harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde pensiýa üpjünçiligine hukugy bardyr.
Öňki
1 / 2
Indiki