Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.11.2017 · № 629-V
«Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
45 madda · 24 sahypa
45 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Pariž konwensiýasy - 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda Stokgolm şäherinde gaýtadan gözden geçirilen we 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda düzedilen, 1883-nji ýylyň 20-nji martyndaky senagat…
2-nji madda
Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy
Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
3-nji madda
Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirmesi
1. Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenpatent amala aşyrýar. 2. Türkmenpatent öz ygtyýaryna laýyklykda: 1) oýlap tapyş üçin haýyşnamalary garamak üçin kabul edýär, olar boýunça seljerme geçirýär; 2) oýlap…
4-nji madda
Oýlap tapyşlary döretmegiň we peýdalanmagyň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi
Ylmy-tehniki progresi ösdürmek, Türkmenistanyň intellektual mümkinçiligini pugtalandyrmak we tehniki döredijiligiň ösdürilmegine ýardam etmek maksady bilen döwlet patent eýelerine we ygtyýarnama şertnamasy boýunça oýlap tapyşy peýdalanýan…
5-nji madda
Oýlap tapyşlaryň hukuk goragynyň möçberi
1. Oýlap tapyşa bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar we patent ýa-da çäklendirilen patent bilen tassyklanylýar. Patent patent seljermesi geçirilenden we oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alnandan soň…
6-njy madda
Patentiň we çäklendirilen patentiň hereket ediş möhletleri
1. Patent oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden ýigrimi ýylyň içinde we patentiň hereketiniň her bir ýyly üçin bellenilen paç tölenen şertinde hereket edýär. 2. Çäklendirilen patent oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň…
7-nji madda
Oýlap tapyşyň patente ukyplylygynyň şertleri
1. Eger-de oýlap tapyş hökmünde haýyşnama edilen tehniki çözgüt täze, oýlap tapyş derejesi bar bolup we senagat taýdan ulanarlykly bolsa, onda oňa hukuk goragy berilýär. Eger-de oýlap tapyş öňden belli bolan tehnikanyň derejesiniň bir…
8-nji madda
Oýlap tapyşyň awtory
1. Döredijilikli zähmeti bilen oýlap tapyşy döreden fiziki şahs onuň awtory diýlip ykrar edilýär. 2. Eger oýlap tapyşyň döredilmegine birnäçe fiziki şahslar gatnaşsa, olaryň hemmesi onuň şärikli awtorlary hasap edilýär. Şärikli awtorlara…
9-njy madda
Patente ýa-da çäklendirilen patente bolan hukuk
1. Patente ýa-da çäklendirilen patente hukuk aşakdakylara degişlidir: 1) oýlap tapyşyň awtoryna (şärikli awtorlaryna) ýa-da onuň (olaryň) hukuk oruntutaryna (hukuk oruntutarlaryna); 2) şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan…
10-njy madda
Awtoryň tölege bolan hukugy
1. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti almaga degişli hukugy bolmadyk gulluk oýlap tapyşyň awtory olaryň arasyndaky ylalaşygyň esasynda kesgitlenilýän möçberde we şertlerde tölenilýän tölegi iş berijiden almak hukugyna eýedir. 2. Tölegi…
11-nji madda
Patent eýesiniň hukuklary
1. Patent eýesi patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmakda, şeýle hem başga şahslara peýdalanmaga rugsat bermekde ýa-da peýdalanmagy gadagan etmekde aýratyn hukuga eýelik edýär. Şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda hiç kimiň…
12-nji madda
Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýän hereketler
Aşakdaky hereketler patent eýesiniň oýlap tapyşa bolan aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär: 1) patentlenen oýlap tapyşyň peýdalanylmagy; 2) patentlenen oýlap tapyşyň ulanylan önüminiň taýýarlanylmagy, ulanylmagy, getirilmegi,…
13-nji madda
Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýän hereketler
Şular patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär: 1) patentlenen oýlap tapyş ulanylan önümiň ýa-da öndürilen önümiň konstruksiýada, kömekçi enjamda ýa-da görkezilen ulag serişdeleri Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn…
14-nji madda
Öňden ulanmak hukugy
1. Oýlap tapyşyň ilkinjilik senesine çenli onuň awtoryndan özbaşdak döredilen meňzeş çözgüdi Türkmenistanyň çäginde päk ýürekli peýdalanan ýa-da munuň üçin zerur taýýarlygy eden islendik şahs şeýle peýdalanmagyň möçberini giňeltmezden ony…
15-nji madda
Oýlap tapyşyň ulanylyşy
1. Oýlap tapyşyň ulanylmagy diýlip patentlenen oýlap tapyşy ulanmak bilen taýýarlanan önümiň (öndürilen önümiň) hojalyk dolanyşygyna girizilmegi, şeýle hem patent ýa-da çäklendirilen patent bilen goralýan usulyň ulanylmagy ykrar…
16-njy madda
Haýyşnamanyň berlişi
1. Haýyşnama Türkmenpatente berilýär. Haýyşnamaçy hökmünde oýlap tapyşyň awtory (şärikli awtorlary), iş beriji ýa-da olaryň hukuk oruntutarlary çykyş edip biler. 2. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmegi hakyndaky haýyşnama döwlet…
17-nji madda
Haýyşnamanyň düzümi
1. Haýyşnama bir oýlap tapyşa ýa-da özara baglanyşykly ýeke-täk oýlap tapyş mazmunyny döredýän oýlap tapyşlaryň toparyna degişli bolmalydyr, ýagny oýlap tapyşyň bitewüliginiň talabyny kanagatlandyrýan bolmalydyr. 2. Haýyşnama aşakdakylary…
18-nji madda
Oýlap tapyşyň ilkinjiligi
1. Oýlap tapyşyň ilkinjiligi oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesi boýunça bellenilýär. 2. Ilkinjilik şu Kanunyň 17-nji maddasynyň üçünji bölegi bilen bellenilen düzgünler ýerine ýetirilen şertinde Pariž konwensiýasyna…
19-njy madda
Oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi
1. Haýyşnamaçy bu haýyşnama boýunça patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky çözgüdiň ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine çenli oýlap tapyşyň düýp manysyny üýtgetmezden düzedişleri we…
20-nji madda
Oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň seljermesi
Türkmenpatent oýlap tapyş üçin haýyşnama boýunça formal seljermesini, çäklendirilen patent seljermesini, patent seljermesini geçirýär.
21-nji madda
Formal seljerme
1. Formal seljerme şu Kanunyň 17-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalar bolanda haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden üç aý geçenden soň geçirilýär. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça formal seljerme…
22-nji madda
Çäklendirilen patent seljermesi
1. Formal seljermesini geçen haýyşnamalar boýunça çäklendirilen patent seljermesi geçirilýär. Çäklendirilen patent seljermesi Türkmenpatente arza berlenden on sekiz aý geçenden soň geçirilýär we aşakdakylary öz içine alýar: 1) şu Kanunyň…
23-nji madda
Patent seljermesi
1. Oňyn netijeli çäklendirilen patent seljermesini geçen haýyşnamalar boýunça patentiň berilmegi hakynda towakganama bolanda şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilen talaplaryň berjaý edilmegini hasaba almak bilen patent seljermesi…
24-nji madda
Çäklendirilen patentiň özgerdilmegi
1. Eger-de oýlap tapyş şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen patente ukyplylygyň şertlerine jogap berse, çäklendirilen patent patent eýesiniň towakganamasy boýunça patente özgerdilip bilner. Özgertmek hakyndaky towakganama çäklendirilen…
25-nji madda
Oýlap tapyş üçin haýyşnama boýunça seljermäniň çözgüdine şikaýat edilmegi we duşdan geçirilen möhletleriň dikeldilmegi
1. Haýyşnamaçy formal, çäklendirilen patent ýa-da patent seljermesiniň çözgüdi bilen razy bolmadyk ýagdaýynda çözgüdiň iberilen senesinden üç aýyň içinde garşylygyny Apellýasiýa toparyna bermäge haklydyr. Garşylyk onuň alnan senesinden…
Öňki
1 / 2
Indiki