Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.11.2017 · № 630-V
«Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
44 madda · 22 sahypa
44 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Türkmenpatent - Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugy; 2) Pariž konwensiýasy - 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda Stokgolm şäherinde…
2-nji madda
Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
3-nji madda
Senagat nusgalarynyň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirilmesi
1. Senagat nusgalarynyň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirilmesini Türkmenpatent amala aşyrýar. 2. Türkmenpatent öz ygtyýaryna laýyklykda: 1) senagat nusgalary üçin haýyşnamalary garamak üçin kabul edýär, olar boýunça seljerme…
4-nji madda
Senagat nusgalarynyň hukuk goragynyň möçberi
1. Senagat nusgasyna bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar we patent ýa-da halkara bellige almak bilen tassyklanylýar. Senagat nusgasyna bolan aýratyn hukuk ol senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda bellige alnandan soň…
5-nji madda
Patentiň we halkara bellige almagyň hereket ediş möhletleri
1. Patentiň we halkara bellige almagyň hereketiniň aňyrbaşy möhleti on bäş ýyldyr. 2. Patent ilkibaşda Türkmenpatente haýyşnamanyň berlen senesinden başlap bäş ýyl hereket edýär. Halkara bellige almak ilkibaşda Halkara býurosyna…
6-njy madda
Senagat nusgasynyň patente ukyplylygynyň şertleri
1. Senagat nusgasy hökmünde haýyşnama edilen obýekte, eger ol täze, hakyky we senagat taýdan ulanarlykly bolsa, hukuk goragy berilýär. 2. Eger-de bellige almak ýa-da ilkinjilik üçin haýyşnamanyň berilmeginden öň onuň düýpli…
7-nji madda
Patenti bermekden ýa-da halkara bellige almakdan ýüz döndermek üçin esaslar
1. Senagat nusgalaryna şu ýagdaýlarda hukuk goragynyň berilmegine ýol berilmeýär: 1) jemgyýetçilik bähbitlerine, ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ters gelýän; 2) öndüriji we (ýa-da) öndürilen önümiň we (ýa-da) öndürilen önümiň hyzmat…
8-nji madda
Senagat nusgasynyň awtory
1. Senagat nusgasynyň awtory diýlip döredijilikli zähmeti bilen ony döreden fiziki şahs ykrar edilýär. 2. Eger senagat nusgasynyň döredilmegine fiziki şahslaryň birnäçesi gatnaşsa, olaryň hemmesi onuň şärikli awtorlary hasap edilýär.…
9-njy madda
Patente ýa-da halkara bellige aldyrmaga bolan hukuk
1. Patente ýa-da halkara bellige aldyrmaga bolan hukuk aşakdakylara degişlidir: 1) senagat nusgasynyň awtoryna (şärikli awtorlaryna) ýa-da onuň (olaryň) hukuk oruntutaryna (hukuk oruntutarlaryna); 2) şu maddanyň ikinji böleginiň…
10-njy madda
Awtoryň tölege bolan hukugy
1. Patenti ýa-da halkara bellige alnyşy almaga hukuk degişli bolmadyk gulluk senagat nusgasynyň awtory iş berijiden olaryň arasynda ylalaşygyň esasynda kesgitlenilýän möçberde we şertlerde tölenilýän tölegi almak hukugyna eýedir. 2. Tölegi…
11-nji madda
Hukuga eýelik edijiniň hukuklary
1. Hukuga eýelik ediji senagat nusgasyny peýdalanmakda, ony beýleki şahslara peýdalanmaga rugsat bermekde ýa-da gadagan etmekde aýratyn hukuga eýedir. Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy bolup durýan hereketleri amala…
12-nji madda
Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýän hereketler
Aşakdakylar senagat nusgasyna bolan aýratyn hukugyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär: 1) hukuga eýelik edijiniň rugsady bolmazdan patentlenen senagat nusgasynyň ýa-da halkara bellige alnyşynyň peýdalanylmagy; 2) hukuga eýelik edijiniň…
13-nji madda
Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýän hereketler
Aşakdakylar hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär: 1) senagat nusgasy ulanylyp öndürilen önümiň konstruksiýada, kömekçi enjamda ýa-da daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleri ulanylanda (suw, howa,…
14-nji madda
Öňden ulanmak hukugy
1. Senagat nusgasynyň ilkinjilik senesine çenli onuň awtoryna garamazdan döredilen meňzeş çözgüdi Türkmenistanyň çäginde päk ýürekli peýdalanan ýa-da munuň üçin zerur taýýarlygy eden islendik şahs şeýle peýdalanmagyň möçberini giňeltmezden…
15-nji madda
Senagat nusgasynyň ulanylmagy
1. Senagat nusgasynyň ulanylmagy diýlip senagat nusgasy ulanylyp öndürilen önümiň hojalyk dolanyşygyna girizilmegi ykrar edilýär. 2. Eger ol öndürilen önümiň şekillerinde (maketlerde, ergonometrik çyzgylarda, konfeksion kartalarda)…
16-njy madda
Haýyşnamanyň berilmegi
1. Haýyşnama Türkmenpatente berilýär. Haýyşnamaçy hökmünde senagat nusgasynyň awtory (şärikli awtorlary), iş beriji ýa-da olaryň hukuk oruntutarlary çykyş edip bilerler. 2. Haýyşnama senagat nusgasynyň birine ýa-da olaryň ýeke-täk…
17-nji madda
Senagat nusgasynyň ilkinjiligi
1. Senagat nusgasynyň ilkinjiligi haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesi boýunça bellenilýär. 2. Ilkinjilik şu Kanunyň 16-njy maddasynyň altynjy böleginde bellenen düzgünler ýerine ýetirilen şertinde Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy…
18-nji madda
Haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi
1. Haýyşnamaçy bu haýyşnama boýunça patenti bermek hakyndaky çözgüdiň ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine çenli senagat nusgasynyň düýp manysyny üýtgetmezden haýyşnamanyň resminamalaryna düzedişler we…
19-njy madda
Haýyşnamanyň seljermesi
Haýyşnama boýunça Türkmenpatent formal seljermäni we düýp manysy boýunça seljermäni geçirýär.
20-nji madda
Formal seljerme
1. Haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden üç aý geçenden soň we 17-nji maddanyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünleri bilen göz öňünde tutulan resminamalar bolanda, şeýle hem şu Kanunyň 17-nji maddasynyň dördünji böleginiň…
21-nji madda
Düýp manysy boýunça seljerme
1. Düýp manysy boýunça seljerme haýyşnama berlen senesinden alty aý geçenden soň, formal seljermäniň tamamlanmak şertinde geçirilýär. 2. Düýp manysy boýunça seljerme geçirilende haýyşnama edilen senagat nusgasynyň şu Kanunyň…
22-nji madda
Haýyşnama boýunça seljermäniň çözgüdine şikaýat edilmegi we duşdan geçirilen möhletleriň dikeldilmegi 1. Formal seljermäniň ýa-da düýp manysy boýunça seljermäniň çözgüdi bilen razy bolunmadyk mahalynda haýyşnamaçy çözgüdiň iberilen…
23-nji madda
Senagat nusgasynyň bellige alynmagy
1. Patentiň bellige alnandygy we berlendigi üçin pajyň tölenendigi hakynda resminama alnandan soň Türkmenpatent senagat nusgasyny senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda bellige alýar. Pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama patenti bermek…
24-nji madda
Senagat nusgasynyň bellige alnyşyna üýtgetmeleriň girizilmegi
1. Senagat nusgasynyň bellige alynmagyna hukuga eýelik edijiniň adynyň we (ýa-da) salgysynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly üýtgetmeler, şeýle hem bellige almaga degişli beýleki üýtgetmeler girizilýär. 2. Üýtgetmeleri girizmek degişli paç…
25-nji madda
Patent hakyndaky maglumatlaryň çap edilmegi
1. Türkmenpatent senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda onuň bellige alnan senesinden alty aý möhletde patenti bermek hakyndaky maglumatlary Býulletende çap edýär. 2. Awtor patent hakyndaky çap edilýän maglumatlarda awtor hökmünde…
Öňki
1 / 2
Indiki