Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
09.10.2017 · № 620-V
«Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
39 madda · 20 sahypa
39 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) erkin ykdysady zolak - bu çäklerinde erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary üçin aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen administratiw serhetleri bolan ýörite bölünip berlen…
2-nji madda
Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Eger şu Kanunda Türkmenistanyň…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi ol güýje gireninden soňra ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişli edilýär. Aýratyn hukuk düzgüni erkin ykdysady zolagynyň gatnaşyjylarynyň diňe erkin ykdysady zolagynyň çäklerinde amala aşyrýan işine degişli edilýär.
4-nji madda
Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň maksatlary
Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi şu aşakdaky maksatlara gönükdirilendir: 1) aýry-aýry sebitleriň hem-de çägiň täze infrastrukturasynyň döredilmegine we bar bolanlaryň ösdürilmegine; 2) telekeçilik işiniň netijeliliginiň…
5-nji madda
Erkin ykdysady zolaklaryň kysymlary
1. Türkmenistanyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň şu aşakdaky işleýiş taýdan niýetleniliş kysymlary döredilip bilner: 1) erkin söwda zolaklaryny we eksport zolaklaryny hem goşmak bilen, söwda; 2) eksport-import zolaklaryny we senagat…
6-njy madda
Erkin ykdysady zolaklardaky işiň görnüşleri
1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary erkin ykdysady zolagyň çägindäki işiň erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi hakynda kararda we şertnamada göz öňünde tutulan görnüşlerini amala aşyrmaga haklydyr. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary…
7-nji madda
Erkin ykdysady zolaklaryň dörediliş şertleri
1. Erkin ykdysady zolaklar bir dolandyryş-çäk birliginiň çäginde döredilýär, syýahatçylyk-rekreasion erkin ykdysady zolaklary muňa degişli däldir. Erkin ykdysady zolagyň çägi haýsy-da bolsa bir dolandyryş-çäk birliginiň çägini dolulygyna…
8-nji madda
Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary
1. Şular erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary bolup bilerler: 1) eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary; 2) şahamçalarynyň we wekillikleriniň üsti bilen, erkin ykdysady zolaklaryň çäginde…
9-njy madda
Erkin ykdysady zolaklaryň döredilişi
1. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda karar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýär. 2. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda kararda şular…
10-njy madda
Erkin ykdysady zolaklaryň ýatyrylyşy
1. Erkin ykdysady zolaklar döredilen möhleti geçenden soň ýatyrylýar, şu Kanunyň 9-njy maddasynyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir. 2. Erkin ykdysady zolaklaryň möhletinden öň ýatyrylmagyna…
11-nji madda
Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, saklanylmagynyň we ösdürilmeginiň maliýeleşdirilişi
1. Erkin ykdysady zolaklaryň Komitetiň garamagynda duran ýerleriň, binalaryň we desgalaryň kärendesine berilmeginden hem-de şu Kanunda we bu erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda kararda bellenilen dürli hyzmatlaryň edilmeginden…
12-nji madda
Erkin ykdysady zolaklar babatynda döwlet syýasaty
Erkin ykdysady zolaklar babatynda döwlet syýasatynyň işlenilip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - Ygtyýarly edara) tarapyndan amala…
13-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklar babatynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagy…
14-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy we hukugy
1.Ygtyýarly edara: 1) Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklar babatynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) döredilýän erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň geljegini kesgitleýär; 3) şulary işläp düzýär we…
15-nji madda
Komitetiň ygtyýarlylygy
1. Komitet Ygtyýarly edara tarapyndan esaslandyrylýan döwlet kärhanasy bolup durýar. Komitet ýuridik şahs bolup durýar we erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyndan peýdalanýar. 2. Komitet: 1) erkin ykdysady zolaklaryň…
16-njy madda
Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde döwlet häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi
1. Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz konstitusion ygtyýarlyklaryny doly möçberde amala aşyrýarlar. 2. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda kararda…
17-nji madda
Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň işi
1. Hukuk goraýjy we gözegçilik edaralary erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň işine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet gözegçiligini amala aşyrýarlar. 2. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň işine döwlet…
17¹-nji madda
Erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň aýratynlyklary
1. Erkin ykdysady zolaklary döretmegiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak…
18-nji madda
Şertnamanyň mazmuny
1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy üçin - erkin ykdysady zolaklarda ýüz tutulan işleriň meýilnamalarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmegi, Komitet üçin bolsa - şertnamanyň hereket edýän döwründe erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysyna berlen…
19-njy madda
Şertnamanyň baglaşylmagy üçin zerur bolan resminamalar. Ýüz tutmalara seretmegiň tertibi
1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyny almagy niýet edinýän şahs şertnamanyň baglaşylmagy üçin ýüz tutmany Komitete berýär, onda şu maglumatlar bolmalydyr: 1) erkin ykdysady zolagyň işleýiş taýdan niýetleniliş kysymyna laýyk…
20-nji madda
Şertnamany baglaşmakdan ýüz dönderilmegi
1. Şertnamany baglaşmakdan ýüz dönderilmegine şu halatlarda ýol berilýär: 1) şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar berilmese; 2) erkin ykdysady zolagyň çäklerinde şertnama baglaşylmagy üçin…
21-nji madda
Şertnamanyň baglaşylmagynyň tertibi
1. Komitet ýüztutujy bilen şertnama baglaşylmagy hakynda karar kabul edilenden soňra on iş gününiň dowamynda şertnamany taýýarlaýar we ýüztutujy bilen baglaşýar. 2. Taraplaryň gol çeken gününden şertnama güýje girýär.
22-nji madda
Şertnamanyň hereket ediş möhleti
Şertnama erkin ykdysady zolagyň ýatyrylmagyna çenli galan döwürden köp bolmadyk möhlete baglaşylýar.
23-nji madda
Taslama resminamalarynyň bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň tertibi
1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy şertnamada göz öňünde tutulan möhletde Komitete, onuň bilermenler seljermesiniň we ylalaşylmagynyň geçirilmegi üçin täjirçilik-meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy üçin zerur…
24-nji madda
Şertnamanyň hereketiniň bes edilmegi
1. Şertnamanyň hereketi şu halatlarda bes edilýär: 1) onuň baglaşylan möhletiniň gutarmagy boýunça; 2) şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen esaslarda, möhletinden öň; 3) şertnamanyň ýer böleginiň kärendesine berilmeginiň düzgünleri…
Öňki
1 / 2
Indiki