Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ganyň donorlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.08.2017 · № 595-V
«Ganyň donorlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
29 madda · 10 sahypa
29 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) donoryň gany (mundan beýläk - gan) - resipiýente goýberilmegi, düzüm bölekleriniň öndürilmegi, şeýle hem başga bejeriş maksatlarynda ulanylmagy üçin donordan alnan gan; 2)…
2-nji madda
Türkmenistanyň donorlyk hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň donorlyk hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.
4-nji madda
Donorlygyň esasy ýörelgeleri
Donorlyk şu ýörelgelere esaslanýar: 1) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň tabşyrylmagynyň meýletinligi; 2) donorlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegi; 3) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz bolmagynyň we…
5-nji madda
Donorlyk çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular donorlyk çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň goralmagy; 2) donoryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegi, oňa durmuş…
6-njy madda
Donorlygyň wagyz edilmegi
1. Donorlygyň wagyz edilmegi ilata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, şeýle hem ylym, edebiýat eserleriniň we mahabat materiallarynyň neşir edilmegi hem ýaýradylmagy, mowzuklaýyn sergileriň, ylmy maslahatlaryň guralmagy…
7-nji madda
Donorlyk çygrynda maliýeleşdirmek
Donorlyk çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
8-nji madda
Donorlyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmegini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), ygtyýarly edaranyň garamagynda durýan gan gullugy edaralary, öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki…
9-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) donorlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar; 3) donorlyk çygrynda gözegçiligi amala aşyrýar; 4) donorlyk çygrynda halkara…
10-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) donorlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) şulary tassyklaýar: a) Gan gullugy edaralarynyň iş tertibini; b) Donoryň lukmançylyk…
11-nji madda
Gan gullugy edaralarynyň ygtyýarlylygy
Gan gullugy edaralary: 1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) şulary işläp düzýärler we ygtyýarly edaranyň tassyklamagyna berýärler; a) Gan gullugy edaralarynyň iş tertibini; b) Donoryň lukmançylyk güwä…
12-nji madda
Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde: 1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine…
13-nji madda
Donorlyga hukuk
1. Milletine, ýaşaýan ýerine, durmuş ýagdaýyna garamazdan, ýaşy on sekizden altmyşa çenli, gany ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmagy üçin saglygy boýunça garşy görkezijileri bolmadyk kämillik ukyby bar bolan adamyň donor bolmaga hukugy…
14-nji madda
Donoryň hukuklary
Donoryň şulara hukugy bardyr: 1) gany ýa-da onuň düzüm böleklerini muzdly ýa-da muzdsuz esasda tabşyrmaga; 2) öz hukuklarynyň we saglygynyň goralmagyna; 3) islendik pursatda gany ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmakdan ýüz öwürmäge, muňa…
15-nji madda
Donoryň borçlary
Donor şulara borçludyr: 1) öz saglygy barada alada etmäge; 2) ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyran mahalynda pasportyny ýa-da özüniň şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezmäge; 3) ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini…
16-njy madda
«Türkmenistanyň hormatly donory» döşe dakylýan nyşany bolan donora berilýän ýeňillikler
1. Eger donor şu aşakdaky möçberlerde gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrsa, oňa «Türkmenistanyň hormatly donory» döşe dakylýan nyşany berlip bilner: 1) muzdsuz esasda - azyndan 20 gezek gan, azyndan 40 gezek onuň düzüm böleklerini; 2)…
17-nji madda
Donoryň lukmançylyk güwä geçmegi
1. Donor her gezek gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmazyndan öň lukmançylyk güwä geçirilmesine degişlidir. 2. Donoryň we resipiýentiň şahsy maglumatlary ýaýradylmaga degişli däldir. 3. Donoryň lukmançylyk güwä geçilmegi ygtyýarly…
18-nji madda
Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň alynmagy
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bцlekleriniň alynmagy gan gullugy edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan gцrkezilen edaralaryň ýerleşýän ýeri boýunça, şeýle hem olaryň gцçme toparynyň ýerleşýän ýeri boýunça amala aşyrylýar. 2. Şu…
19-njy madda
Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň resipiýente goýberilmeginiň şertleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi diňe resipiýentiň deslapky ýazmaça razylygy bar bolan şertinde geçirilip bilner. Şonda resipiýent ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi netijesinde onuň janyna we saglygyna…
20-nji madda
Gan ýa-da onuň düzüm bölekleri goýberilýän mahalynda resipiýentiň janynyň we saglygynyň, onuň nesil yzarlaýjylylygynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň kepillikleri 1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegini üpjün edýän saglygy…
21-nji madda
Iş berijileriň donorlygy amala aşyrmak üçin şertleriň döredilmegi boýunça borçlary
Iş berijiler şulara borçludyr: 1) işgärleri donorlygy amala aşyrmaklyga çekmekde gan gullugy edaralaryna ýardam bermeklige; 2) donorlardan gany ýa-da onuň düzüm böleklerini almagy amala aşyrýan gan gullugy edaralarynyň saglygy goraýyş…
22-nji madda
Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylyşy, saklanylyşy, goýberilişi
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylyşy we saklanylyşy diňe gan gullugy edaralary tarapyndan amala aşyrylyp bilner. 2. Diňe bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hem-de ylmy-kliniki merkezleriň ganyň ýa-da onuň düzüm…
23-nji madda
Donorlaryň ýeke-täk sanawy
1. Donorlaryň hasabyny ýöretmek, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz we oňat hilli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Donorlaryň ýeke-täk sanawy döredilýär. 2. Donorlaryň ýeke-täk sanawynda donor barada şu maglumatlar…
24-nji madda
Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistanyň çäginde ýerlenilmeginiň şertleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistanyň çäginde ýerlenilmegine diňe olar bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gana ýa-da onuň düzüm böleklerine bolan mätäçliginiň hökmany üpjün edilmeginiň bellenen möçberlerinden artyk taýýarlanan…
25-nji madda
Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistana getirilmeginiň we Türkmenistandan çykarylmagynyň şertleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistana getirilmegine derman serişdeleri öndürilýän, epidemik keselleriň netijeleri ýok edilýän halatlarda, resipiýentleriň aýratyn toparyna, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde…
Öňki
1 / 2
Indiki