Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.08.2017 · № 596-V
«Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
44 madda · 23 sahypa
44 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) muzeý - tebigy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamagy, öwrenmegi, gorap saklamagy amala aşyrýan, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata…
2-nji madda
Muzeýler we muzeý işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri
1. Türkmenistanyň muzeýler we muzeý işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň muzeýler we muzeý işi bilen baglanyşykly meseleleri…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde muzeýleriň döredilmegi, olaryň işleýşi we muzeý işi bilen baglanyşykly hukuk we gaýry gatnaşyklara degişlidir.
4-nji madda
Muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri we döwletiň wezipeleri
1. Muzeý işi babatda döwlet syýasaty şu esasy ýörelgelere esaslanýar: 1) muzeýleriň ygtyýarynda duran muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň ählumumy elýeterli bolmagy üçin şertleriň döredilmegi; 2) muzeýlere gelýänleriň hukuklarynyň…
5-nji madda
Muzeý işi babatda düzgünleşdirmäni amala aşyrýan edaralar
Muzeý işi babatda düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we öz-özüňi dolandyryş edaralary, öz ygtyýarynda muzeýleri bolan…
6-njy madda
Muzeý işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Türkmenistanyň muzeý ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny…
7-nji madda
Muzeý işi babatda düzgünleşdirmek böleginde medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy: 1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Türkmenistanyň muzeý ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär; 3) döwlet…
8-nji madda
Muzeý işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) raýatlaryň muzeý hyzmatyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler; 2) öz tabynlygyndaky çäkde muzeý hyzmatynyň guralyşyna gözegçiligi amala…
9-njy madda
Öz ygtyýarynda muzeýleri bolan ýuridik we fiziki şahslaryň ygtyýarlylygy Öz ygtyýarynda muzeýleri bolan ýuridik we fiziki şahslar: 1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) öz tabynlygyndaky muzeý ulgamlaryny…
10-njy madda
Muzeýleriň öz-özüni dolandyrmagy
Muzeýleriň öz-özüni dolandyrmak boýunça edaralary, ýagny: muzeýiň işini guramak, muzeý esbaplarynyň we toplamalarynyň durkuny dikeltmek, muzeý işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak we muzeý işiniň beýleki ugurlary…
11-nji madda
Muzeýleriň esasy görnüşleri we derejeleri
1. Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň düzümine döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, gaýry ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler degişlidir. 2. Muzeýleriň görnüşleri: 1) eýeçiliginiň…
12-nji madda
Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler
1. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler - şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýän tertipde muzeý işini amala aşyrýan ýörite muzeý edaralarydyr. 2. Döwlet häkimiýet…
13-nji madda
Goraghana muzeýleri
1. Goraghana muzeýleri bitewi taryhy-medeni we tebigy toplumlaryň, ylmy-barlag, medeni aň-bilim we syýahatçylyk-ekskursion maksatlar bilen, öz taryhy, medeni we tebigy gurşawynda maddy we ruhy gymmatlyklaryň abat saklanylmagyny,…
14-nji madda
Döwlete dahylsyz muzeýler
1. Döwlete dahylsyz muzeýlere ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiligiň döwlete dahylsyz beýleki ýuridik şahslar we fiziki şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt…
15-nji madda
Muzeýleriň işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Muzeýleriň işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
16-njy madda
Muzeýleriň döredilmegi
1. Muzeýler şu maksatlar bilen döredilip bilner: 1) muzeý esbaplaryny we toplamalaryny ýüze çykarmak, ýygnamak we öwrenmek; 2) muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny saklamak; 3) muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny çap etmek we…
17-nji madda
Muzeý gaznasy we onuň muzeýler tarapyndan döredilişi
1. Muzeý gaznasy muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň ýygyndysy bolmak bilen: 1) olaryň görnüşine, döredilen ýerine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan we Türkmenistanyň çäklerinde saklanylýan tebigy, taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da…
18-nji madda
Muzeýiň çägi
Muzeý üçin bölünip berlen çäkde onuň wezipe boýunça ýerine ýetirmeli işine garşy gelýän ýa-da muzeý gaznasynyň saklanyş ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljek iş, şeýle hem medeniýet edarasy hökmünde muzeýiň işi bilen bir ýere sygyşmaýan…
19-njy madda
Tebigy serişdelerden peýdalanmak
Muzeý ýerden, beýleki tebigy serişdelerden peýdalanýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň goragy we olardan rejeli peýdalanmak boýunça kadalaryň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.
20-nji madda
Muzeýleriň üýtgedilip guralmagy
1. Muzeý ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda üýtgedilip guralyp bilner. 2. Muzeýiň goşulmak, birleşmek, bölünmek, bölünip aýrylmak, özgertmek görnüşinde üýtgedilip…
21-nji madda
Muzeýleriň ýatyrylmagy
1. Muzeý ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýatyrylyp bilner. 2. Muzeý ýatyrylanda onuň muzeý gaznasyny edinmegiň artykmaç hukugyna döwlet häkimiýet edaralary,…
22-nji madda
Muzeýleriň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri
1. Şu aşakdakylar muzeýleriň esasy wezipeleridir: 1) raýatlaryň ruhy, intellektual we medeni isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen medeni, ylmy, bilim we aň-bilim işini amala aşyrmak; 2) ilata muzeý hyzmatlaryny etmek; 3) muzeý…
23-nji madda
Muzeýleriň hukuklary
Muzeýler şu aşakdakylara hukuklydyrlar: 1) muzeýleriň tertipnamalarynda (düzgünnamalarynda) görkezilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda öz işiniň mazmunyny we anyk görnüşlerini özbaşdak kesgitlemäge, şunda muzeý gaznasynyň…
24-nji madda
Muzeýleriň borçlary
1.Muzeýler şulara borçludyrlar: 1) raýatyň taryhyň, medeniýetiň we ylmyň gymmatlyklaryna goşulmagyna bolan aýrylmaz hukugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge, şahsyýeti ösdürmek we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ylmy taýdan…
25-nji madda
Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümi we ýöredilişi
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 2. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý…
Öňki
1 / 2
Indiki