Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.08.2017 · № 597-V
«Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
37 madda · 11 sahypa
37 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) pagtaçylyk - gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan we pagta çig malyny öndürýän ösümlikçilik pudagy; 2) pagta çig maly - gowaça tohumyndan aýrylmadyk pagta süýümi; 3) pagta süýümi…
2-nji madda
Türkmenistanyň pagtaçylyk hakynda kanunçylygy
Pagtaçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de pagtaçylyk babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Şu Kanunyň maksady
Türkmenistanda pagtaçylygy ösdürmek, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda pagta çig malyny gaýtadan işleýän subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, dünýä bazarynda pagta önüminiň bäsleşige ukyplylygyny ösdürmek,…
4-nji madda
Pagtaçylyk babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar
Pagtaçylyk babatda döwlet dolandyryşyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara) we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) pagtaçylyk babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) pagtaçylyk babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň işini utgaşdyrýar; 3) pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul…
6-njy madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) pagtaçylyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşýar; 3) pagtaçylyk…
7-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) pagtaçylyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin pagtaçylyk babatda ygtyýarlandyrylan…
8-nji madda
Pagtaçylyk babatda döwlet goldawy
1. Pagtaçylyk babatda döwlet goldawy şu görnüşlerde amala aşyrylýar: 1) sortlaryň naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklaryna ýardam bermek; 2) tohumlyk pagta çig malynyň döwlet satyn…
9-njy madda
Pagtaçylyk babatda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar
1. Pagtaçylyk babatda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. 2. Pagtaçylyk babatda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary tassyklamak standartlaşdyrmak…
10-njy madda
Pagta önüminiň eksporty we importy
1. Pagta önüminiň eksporty Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Ylmy barlaglar, seleksiýa işleri, şeýle hem sergilere çykarmak (eksponirlemek) üçin niýetlenen pagta önüminiň…
11-nji madda
Pagta çig malynyň we pagta önüminiň howpsuzlygyna we hiline gözegçilik
1. Pagta çig malynyň we pagta önüminiň howpsuzlygyna hem-de hiline gözegçilik ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan onuň ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar we tehniki dessurlaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge, pagta çig malynyň we…
12-nji madda
Pagta çig malynyň hiliniň seljermesi
1. Pagta çig malynyň hiliniň seljermesi gaýtadan işleýän kärhanalaryň hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 2. Pagta çig malynyň hiliniň seljermesini standartlaşdyrmak babatda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen…
13-nji madda
Pagta önüminiň hiliniň seljermesi
1. Pagta önüminiň hiliniň seljermesi satyn alyjynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 2. Ekiş we tehniki tohumlaryň hiliniň seljermesi gaýtadan işleýän kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. 3. Pagta önüminiň hiliniň…
14-nji madda
Pagta çig malyny öndürmek
1. Pagta çig malyny öndürmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Pagta çig malyny ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, kabul etmek, saklamak we ony gaýtadan işlemek üçin kärhanalara…
15-nji madda
Tohumlyk pagta çig malynyň öndürilişi
Tohumlyk pagta çig malynyň öndürilişi tohumçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tohum materiallaryny almak üçin tohumçylyk hojalygy tarapyndan amala aşyrylýar.
16-njy madda
Tehniki pagta çig malynyň öndürilişi
Tehniki pagta çig malyny öndürmek, senagat maksatlarynda çig mal görnüşinde peýdalanmak üçin ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
17-nji madda
Pagta çig malyny öndürijileriň hukuklary we borçlary
1. Pagta çig malyny öndürijiler şulara haklydyr: 1) şertnamalara laýyklykda ýer böleklerinde gowaça ösdürip ýetişdirmäge; 2) önümçilik harajatlary boýunça döwlet ýeňilliklerini almaga; 3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga…
18-nji madda
Pagtany gaýtadan işleýän kärhana
1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek we pagta önümini saklamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň pagta kabul ediş nokady (harmanhanasy) pagta çig malynyň…
19-njy madda
Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň hukuklary we borçlary
1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň şulara hukuklary bardyr: 1) ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri öz wagtynda tölemegi ýuridik we fiziki şahslardan talap etmäge; 2) pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň kabul ediş nokatlarynda…
20-nji madda
Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň hyzmatlarynyň tölegi
Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň hyzmatlarynyň tölegi ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan baglaşylýan şertnamalaryň esasynda bellenilýär.
21-nji madda
Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işini çäklendirme
1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalara pagta çig malynyň ilkinji gezek gaýtadan işlenilip, pagta önüminiň öndürilmegine degişli bolmadyk telekeçilik işini amala aşyrmak, şeýle hem üçünji şahslaryň borçnamalary boýunça kepillikleri bermek…
22-nji madda
Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarda hasaba alyş we hasabatlylyk
1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta çig maly bilen geçirilen amallary beýan edýän resminamalaryň berk hasaba alnyşyny we saklanylyşyny üpjün etmäge borçludyr. 2. Hasaba alnyş resminamalarynyň sanawy we görnüşleri, şeýle hem pagta çig…
23-nji madda
Pagta dilhatlary boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepillikleri
Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta dilhatlary boýunça pagta dilhatlaryny saklaýjylaryň öňündäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepilliklerini üpjün etmäge borçludyr.
24-nji madda
Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň meýilnamalaýyn auditi
Ygtyýarlandyrylan edara pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň maliýe-hojalyk işini barlamak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýilnamalaýyn auditi geçirýär.
25-nji madda
Pagta dilhatyny bermek
1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta çig malyny kabul etmek, saklamak we (ýa-da) gaýtadan işlemek baradaky şertnamanyň esasynda pagta dilhatyny berýär. 2. Pagta dilhaty pagta çig malynyň hili boýunça birmeňzeş her bir tapgyryna…
Öňki
1 / 2
Indiki