Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.08.2017 · № 594-V
«Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
23 madda · 9 sahypa
23 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şu aşakdakylary aňladýar: 1) haýyr-sahawat işi - haýyr-sahawatçylar tarapyndan haýyr-sahawat bagyş etmeleri görnüşinde haýyr-sahawaty kabul edijilere durmuş we başga goldawlary bermek…
2-nji madda
Türkmenistanyň haýyr-sahawat işi hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň haýyr-sahawat işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň haýyr-sahawat işi çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Haýyr-sahawat işiniň maksatlary
Haýyr-sahawat işi şu maksatlar üçin amala aşyrylýar: 1) ilatyň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilen milli we halkara maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek; 2) ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara, agyr durmuş…
4-nji madda
Haýyr-sahawat işiniň ýörelgeleri
Haýyr-sahawat işi kanunylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deňligi ýörelgelerinde amala aşyrylýar.
5-nji madda
Haýyr-sahawat işini amala aşyrmagyň döwlet kepillikleri
1. Döwlet haýyr-sahawatçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýär we üpjün edýär. 2. Haýyr-sahawatçylaryň haýyr-sahawat işiniň maksatlaryny we ony amala aşyrmagyň görnüşlerini saýlap almakda erkinligiň…
6-njy madda
Haýyr-sahawat işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy
Döwlet şu aşakdaky görnüşlerde haýyr-sahawat işini goldaýar: 1) haýyr-sahawatçylar tarapyndan işlenip düzülýän haýyr-sahawat taslamalarynyň we maksatnamalarynyň döwlet tarapyndan bäsleşik esasynda maliýeleşdirilmegi; 2) gümrük töleglerini,…
7-nji madda
Haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga bolan hukuk
1. Haýyr-sahawatçylar meýletinlik esasynda özbaşdak ýa-da bileleşip, gaznany döredip ýa-da döretmän haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga haklydyr. Olar haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň maksatlaryny we görnüşlerini, şeýle hem olary…
8-nji madda
Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň amala aşyrylmagy
1. Fiziki we ýuridik şahslaryň haýyr-sahawat işini haýyr-sahawatçy bilen haýyr-sahawaty kabul edijiniň arasynda dilden ýa-da ýazmaça görnüşinde şertnamanyň (ylalaşygyň) baglaşylmagy arkaly öz adyndan ýa-da ynanylan wekilleriniň üsti bilen…
9-njy madda
Halkara haýyr-sahawat işiniň amala aşyrylmagy
1. Haýyr-sahawatçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde halkara haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga hukugy bardyr. 2. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, halkara…
10-njy madda
Gaznanyň dörediliş tertibi
1. Gazna Türkmenistanyň raýatlary bolan esaslandyryjylaryň başlangyjy boýunça döredilip bilner, şonda olaryň sany bäş adamdan az bolup bilmez. 2. Gaznany döretmek hakynda karar onuň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagynda kabul edilýär. 3.…
11-nji madda
Gaznanyň esaslandyryjylary we gatnaşyjylary
1. On sekiz ýaşyny dolduran fiziki şahslar we (ýa-da) ýuridik şahslar gaznanyň esaslandyryjylary bolup bilerler, muňa şu maddanyň 3-nji böleginde görkezilen ýuridik şahslar degişli däldir. 2. Gaznanyň esaslandyryjylaryndan başga-da,…
12-nji madda
Gaznanyň Tertipnamasy
1. Gaznanyň Tertipnamasy onuň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagynda tassyklanylýar. 2. Gaznanyň Tertipnamasynda şular bolmalydyr: 1) gaznanyň ady we ýerleşýän ýeri, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew guramalary; 2) haýyr-sahawat işiniň…
13-nji madda
Gaznanyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Gaznanyň döwlet belligine alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär. 2. Gazna Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen pursadyndan ýuridik şahs…
14-nji madda
Gaznanyň eýeçiligi
1. Gazna özüniň Tertipnamasynda bellenilen işini maddy taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan jaýlary, binalary, desgalary, ýaşaýyş jaý gaznasyny, ulaglary, enjamlary, gurallary, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emlägi, pul serişdelerini,…
15-nji madda
Gaznanyň emläginiň emele geliş çeşmeleri
Şular gaznanyň emläginiň emele geliş çeşmeleri bolup durýar: 1) esaslandyryjylarynyň meýletin gatançlary, onuň gatnaşyjylarynyň goýumlary; 2) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan pul ýa-da özlük görnüşinde berilýän haýyr-sahawat bagyş…
16-njy madda
Gaznanyň ýolbaşçy dolandyryş guramalary
1. Gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagy we onuň Müdiriýeti gaznanyň ýolbaşçy dolandyryş guramalary bolup durýar. 2. Gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagy gaznanyň ýokary ýolbaşçy dolandyryş guramasy bolup durýar. 3. Gaznanyň…
17-nji madda
Gaznanyň hukuklary we borçlary
1. Gaznanyň şulara hukugy bardyr: 1) döwlet häkimiýet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda gaznanyň adyndan wekilçilik etmäge, onuň hukuklaryny goramaga, şeýle hem esaslandyryjylaryň we gatnaşyjylaryň hukuklaryny we…
18-nji madda
Gaznanyň haýyr-sahawat işi hakynda hasabatlylygy
1. Gaznanyň hemişelik işleýän ýolbaşçy edarasynyň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we gaznanyň ýolbaşçylary baradaky maglumatlary Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň möçberinde görkezmek bilen, öz işi…
19-njy madda
Gaznanyň işiniň bes edilmegi. Gaznany üýtgedip gurmak we ýatyrmak
1. Gaznanyň işiniň bes edilmegi gaznanyň Tertipnamasyna laýyklykda esaslandyryjylarynyň ýa-da umumy ýygnagyň karary boýunça amala aşyrylýar. 2. Gaznany üýtgedip gurmak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde…
20-nji madda
Gaznanyň işine gözegçilik etmek
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi öz ygtyýarlygynyň çäklerinde gaznanyň işiniň esaslandyryjy Tertipnamasyna laýyk gelşine gözegçiligi amala aşyrýar. 2. Gaznanyň maliýeleşdirilmeginiň çeşmelerine we girdejilerine, salgytlaryň, ýygymlaryň…
21-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Haýyr-sahawat işiniň çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
22-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
23-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.