Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.06.2017 · № 567-V
«Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
37 madda · 23 sahypa
37 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) hossarlyk - ata-enesiniň howandarlygyndan galan ýedi ýaşa çenli çagalaryň, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň kanunda göz öňünde…
2-nji madda
Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bellenilmegi, amala aşyrylmagy, bes edilmegi bilen ýüze çykýan gatnaşyklara, hossarlyk we howandarlyk boýunça işleriň guralmagyna we amala aşyrylmagyna degişlidir. 2. Şu Kanunyň…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksady
Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň we hossarlykda bolýan adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, olaryň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi, hossarlaryň, howandarlaryň, hossarlyk we howandarlyk…
5-nji madda
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda maliýeleşdirmek
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
6-njy madda
Hossarlygyň we howandarlygyň esasy ýörelgeleri
Hossarlygyň we howandarlygyň esasy ýörelgeleri: 1) kanunylyk; 2) ynsanperwerlik we rehimdarlyk; 3) aç-açanlyk; 4) gizlin syrlary gorap saklamak; 5) hossarlyk we howandarlyk boýunça borçlary ýerine ýetirmegi kabul etmegiň ýa-da boýun…
7-nji madda
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary: 1) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň, şeýle hem hossarlykda bolýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak; 2) Türkmenistanyň…
8-nji madda
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, hossarlyk we howandarlyk edaralary, beýleki döwlet edaralary hossarlyk we howandarlyk çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar. 2. Ýerli…
9-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) hossarlyk we howandarlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) hossarlyk ýa-da howandarlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar; 3) hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň…
10-njy madda
Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň hossarlyk we howandarlyk çygrynda iş alyp barýan bölümi hossarlyk we howandarlyk edaralary bolup durýarlar. 2. Hossarlyk we howandarlyk edaralary: 1) hossarlyk…
11-nji madda
Beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hossarlyk we howandarlyk çygryndaky işi alyp barýan beýleki döwlet edaralary…
12-nji madda
Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykarmagyň we hasaba almagyň tertibi
1. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlar barada maglumatlary alan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda olaryň ýaşaýyş şertleriniň barlagyny geçirmäge, olary ýerleşdirmek baradaky mesele…
13-nji madda
Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň, beýleki döwlet edaralarynyň hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykarmakdaky we hasaba almakdaky borçlary
1. Hossarlyk we howandarlyk edaralary, beýleki döwlet edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykaran halatlarynda şulara borçludyr: 1) görkezilen adamlar baradaky maglumatlary olaryň hakykatda bolýan ýeri boýunça…
14-nji madda
Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan mahalynda olara bildirilýän talaplar
1. Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan mahalynda olaryň şahsy häsiýetleri, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmäge ukyby, hossar ýa-da howandar bilen hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle…
15-nji madda
Hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bellenilmegi
1. Hossarlyk ýa-da howandarlyk häkimiň karary esasynda bellenilýär. 2. Hossarlyk ýa-da howandarlyk hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň ýaşaýan ýeri boýunça, aýry-aýry ýagdaýlarda bolsa, hossaryň ýa-da howandaryň ýaşaýan ýeri boýunça…
16-njy madda
Ata-eneler wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça bolmadyk mahalynda hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bellenilmegi
1. Ata-eneler wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça bolmadyk mahalynda, eger çaga olar tarapyndan alty aýdan köp wagtlap ýakyn garyndaşlarynyň, garyndaşlarynyň hossarlygyna we gözegçiligine goýlan bolsa, çaga hossarlyk ýa-da howandarlyk…
17-nji madda
Hossaryň ýa-da howandaryň bellenilmeginiň tertibi
1. Kämillik ýaşyna ýeten adam diňe özüniň razylygy bilen hossar ýa-da howandar bellenilip bilner, şu maddanyň ýedinji böleginde görkezilen adamlar muňa degişli däldir. 2. Hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bellenilýän ýeri boýunça hossarlyk…
18-nji madda
Hossary ýa-da howandary deslapdan bellemek
1. Eger hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň bähbitlerine görä hossary ýa-da howandary gaýragoýmazdan bellemek talap edilýän bolsa, şol sanda çagalar ata-eneleriň elinden alnanda häkim bir aý möhlete deslapdan hossar ýa-da howandar…
19-njy madda
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar babatda olaryň ata-enesiniň arzasy boýunça hossar ýa-da howandar bellemek
1. Ata-enäniň esasly sebäpler boýunça ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändikleri sebäpli, anyk adamy, hossaryň ýa-da howandaryň ygtyýarlygynyň hereket edýän möhletini görkezmek bilen, eger-de muňa onuň razylygy bar bolsa, belli…
20-nji madda
Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmedik ata-enesi bolan kämillik ýaşyna ýetmedik çaga hossar ýa-da howandar bellenilmegi
1. Eger hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmedik kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesi bilen bile bolmagy onuň iň gowy bähbitlerine laýyk gelmeýär we onuň janyna ýa-da saglygyna…
21-nji madda
Hossarlaryň we howandarlaryňhukuklary
1. Hossarlar özleriniň hossarlygynda bolýan adamyň kanuny wekilleri hasaplanýarlar we olaryň adyndan ýa-da olaryň bähbidi üçin ähli zerur geleşikleri amala aşyrmaga hukuklydyrlar. 2. Howandarlar özleriniň hossarlygynda bolýan adamyň kanuny…
22-nji madda
Hossaryň we howandaryň borçlary
1. Hossarlar we howandarlar şulara borçludyrlar: 1) hossarlykda bolýan adamy terbiýelemäge, ony eklemäge, saglygy, fiziki, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösüşi barada alada etmäge, onuň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini…
23-nji madda
Hossarlyk ýa-da howandarlyk boýunça borçlaryň tölegsiz ýa-da tölegli esaslarda ýerine ýetirilmegi
1. Hossarlyk we howandarlyk boýunça borçlar tölegsiz ýerine ýetirilýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlar muňa degişli däldir. 2. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň hossarlykda bolýan adamyň bähbitlerinden ugur alyp,…
24-nji madda
Hossarlykda bolýan adamlaryň hukuklary
Hossarlykda bolýan adamlaryň şulara hukugy bardyr: 1) özlerine hormat bilen we ynsanperwerlikli garalmagyna; 2) hossar ýa-da howandar tarapyndan özüniň ekläp-saklanylmagy, terbiýesi, bilim almagy we saglygy barada alada edilmegine; 3) öz…
25-nji madda
Hossarlykda bolýan adamlaryň emläk hukuklary
1. Hossarlykda bolýan adamlara, hossarlara ýa-da howandarlara emläk Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça umumy eýeçilik hukugynda degişli bolup biler. Hossarlykda bolýan adamlaryň öz hossarlarynyň ýa-da…
Öňki
1 / 2
Indiki