Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Alyjylar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.06.2017 · № 565-V
«Alyjylar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
45 madda · 20 sahypa
45 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) alyjylar jemgyýeti - köplenç ýagdaýda ýerleşýän çäkleri boýunça onuň agzalarynyň, ilatyň we beýleki sarp edijileriň dürli harytlara we hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady…
2-nji madda
Alyjylar jemgyýetleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Alyjylar jemgyýetleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Alyjylar jemgyýetleriniň esasy wezipeleri
Şular alyjylar jemgyýetleriniň esasy wezipeleri bolup durýar: 1) lomaý we bölek söwdanyň, jemgyýetçilik iýmitiniň guralmagy; 2) taýýarlaýyş işiniň, şol sanda ilatdan, hususy telekeçilerden we ýuridik şahslardan oba hojalyk önümleriniň we…
4-nji madda
Türkmenistanyň alyjylar jemgyýetleriniň ulgamy
Obalaryň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň alyjylar jemgyýetleri, welaýatlaryň alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri we Türkmenistanyň alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Türkmenistanyň alyjylar jemgyýetleriniň…
5-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşygy
1. Alyjylar jemgyýetleri, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri döwletiň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär hem-de döwlet alyjylar jemgyýetleriniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik…
6-njy madda
Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ady
1. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň Türkmenistanyň döwlet dilinde hökmany doly ady bolmalydyr hem-de gysgaldylan adyny edinmäge haklydyr. Alyjylar jemgyýetiniň, alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň, şeýle-de…
7-nji madda
Alyjylar jemgyýeti
1. Alyjylar jemgyýeti kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligindäki kärhana görnüşinde döredilýär hem-de alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ulgamynyň esasy bölegi bolup durýar. 2. Alyjylar jemgyýeti ýuridik şahs bolup durýar, hojalyk…
8-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň döredilmeginiň we işiniň esasy ýörelgeleri
Alyjylar jemgyýeti şu ýörelgeleriň esasynda döredilýär we hereket edýär: 1) alyjylar jemgyýetine girilmeginiň we ondan çykylmagynyň meýletinligi; 2) giriş we paý gatançlarynyň hökmany tölenilmegi; 3) alyjylar jemgyýetiniň demokratik…
9-njy madda
Alyjylar jemgyýetiniň döredilmegi
1. Alyjylar jemgyýeti esaslandyryjylar tarapyndan çäk, önümçilik ýa-da gaýry alamatlar boýunça agzalygyň esasynda döredilýär. 2. Türkmenistanyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslary alyjylar jemgyýetiniň esaslandyryjylary bolup…
10-njy madda
Alyjylar jemgyýetiniň hukuklary
Alyjylar jemgyýeti şu hukuklara eýedir: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda: a) alyjylar jemgyýetiniň işinden gelip çykýan wezipeler esasynda öz emlägine eýelik etmäge, peýdalanmaga we ygtyýar etmäge; b) alyjylar jemgyýetiniň…
11-nji madda
Alyjylar jemgyýetine agzalyk etmek
1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalygyna kabul etmegiň tertibi alyjylar jemgyýetiniň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýär. 2. Türkmenistanyň kämillik ukuply fiziki şahslary we hukuk ukyply ýuridik şahslary alyjylar jemgyýetiniň agzalary bolup…
12-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň hukuklary we borçlary
1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň şulara hukugy bar: 1) alyjylar jemgyýetine meýletin esasda girmäge we ondan çykmaga; 2) alyjylar jemgyýetiniň işine gatnaşmaga, onuň dolandyryş edarasyna we gözegçilik edarasyna saýlamaga…
13-nji madda
Giriş we paý gatançlary
1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalygyna girýän şahslar giriş we paý gatançlaryny töleýär. Giriş we paý gatançlarynyň möçberi alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär. 2. Alyjylar jemgyýetinde agzalyk bes edilen mahalynda: 1)…
14-nji madda
Alyjylar jemgyýetinde agzalygyň bes edilmegi
1. Alyjylar jemgyýetinde agzalyk şu ýagdaýlarda bes edilýär: 1) alyjylar jemgyýetinden meýletin çykylanda; 2) alyjylar jemgyýetiniň agzalygyndan çykarylanda; 3) alyjylar jemgyýetiniň agzasy bolup durýan raýat aradan çykanda; 4) alyjylar…
15-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş edaralary we gözegçilik edarasy
1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetiniň ýokary dolandyryş edarasy bolup durýar. 2. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti alyjylar jemgyýetiniň ýerine ýetiriji edarasy bolup durýar. 3. Derňew topary alyjylar…
16-njy madda
Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň ygtyýarlylygy
1. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagy alyjylar jemgyýetiniň işine dahylly bolan ähli meseleleri çözmäge, şol sanda alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň kararyny tassyklamaga ýa-da ýatyrmaga hukuklydyr. 2. Şular alyjylar…
17-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karar kabul etmeginiň tertibi
1. Eger alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagyna alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň ýa-da olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň üçden iki böleginden köpüsi gatnaşýan bolsa, ol doly hukukly bolup durýar. 2. Alyjylar jemgyýetiniň…
18-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti
1. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagyna hasabat berýän bolup durýar. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklarynyň möhleti - bäş ýyl. 2. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýeti şu Kanunda,…
19-njy madda
Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklary
1. Şular alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň ygtyýarlyklaryna degişli bolup durýar: 1) alyjylar jemgyýetiniň maliýe-hojalyk işiniň guralmagy; 2) alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň gurluş düzüminiň, onuň saklanylmagynyň…
20-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy
1. Alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy: 1) alyjylar jemgyýetiniň müdiriýetini çagyrýar we onuň işine ýolbaşçylyk edýär; 2) alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişini üpjün edýär; 3) döwlet…
21-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň derňew topary
1. Alyjylar jemgyýetiniň derňew topary alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýär, onuň maliýe-hojalyk işine, şeýle hem alyjylar jemgyýeti tarapyndan döredilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň,…
22-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň emlägi we onuň emele geliş çeşmeleri
1. Alyjylar jemgyýetiniň emlägi oňa eýeçilik hukugynda degişli bolup durýar. 2. Alyjylar jemgyýetiniň emlägi bölünmeýän bolup durýar hem-de agzalaryň we alyjylar jemgyýetiniň dolandyryş diwanynyň işgärleriniň arasynda paý (goýum) boýunça…
23-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň paý we gaýry gaznalary
1. Alyjylar jemgyýeti öz işini amala aşyrýan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we alyjylar jemgyýetiniň tertipnamasynda göz öňünde tutulan paý, ätiýaçlyk we gaýry gaznalary döretmäge haklydyr. 2. Ätiýaçlyk gaznasynyň serişdeleri…
24-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň girdejisi (peýdasy)
Alyjylar jemgyýetiniň tertipnamalaýyn işinden alan girdejisi (peýdasy) salgytlar, ýygymlar we gaýry hökmany tölegler Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenenden soň onuň ygtyýarynda galýar.
25-nji madda
Alyjylar jemgyýetiniň we onuň agzalarynyň emläk jogapkärçiligi
1. Alyjylar jemgyýeti öz borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogap berýär. 2. Alyjylar jemgyýeti öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýär. 3. Alyjylar jemgyýetiniň agzalarynyň alyjylar jemgyýetiniň borçnamalary…
Öňki
1 / 2
Indiki