Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.06.2017 · № 569-V
«Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
41 madda · 15 sahypa
41 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ekologiýa howpsuzlygy - hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolaýjak ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň…
2-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri
Ekologiýa howpsuzlygy şu esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar: 1) adamyň we raýatyň ekologiýa howpsuzlygyna bolan konstitusion hukuklarynyň hökmürowanlygy; 2) durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmegiň…
4-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan esasy talaplar
1. Ekologiýa howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düzüm bölegidir. 2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet syýasaty Türkmenistanyň ähli döwlet häkimiýet edaralarynyň bu babatdaky hereketleriniň bitewiligini we…
5-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwletи düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ekologiýa howpsuzlygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär we onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýär; 2) ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 3) ekologiýa…
7-nji madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär; 2) adamyň we raýatyň amatly daşky gurşawa we…
8-nji madda
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary: 1) ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) ekologiýa howpsuzlygyna ekologiýa taýdan howply ýagdaýlaryň…
9-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde ýardam edýärler; 2) kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan…
10-njy madda
Raýatlaryň hukuklary we borçlary
1. Her bir raýatyň şulara hukugy bardyr: 1) ýaşaýyş we saglyk üçin amatly daşky gurşawa we ekologiýa howpsuzlygyna; 2) özüniň ýaşaýan ýerlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň ýagdaýy baradaky ygtybarly maglumata; 3) özüniň ýaşaýan ýerlerinde…
11-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary
1. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy babatda işi amala aşyrýan jemgyýetçilik birleşikleri, öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde raýatlaryň ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrmaga…
12-nji madda
Raýatlaryň ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça döwlet çäreleriniň ulgamy
1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde raýatlara we jemgyýetçilik birleşiklerine olaryň ekologiýa howpsuzlygyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde ýardam etmäge…
13-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek
1. Ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreler, daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda çaklamalar hem-de maksatnamalar işlenip taýýarlanylan mahalynda nazara alynýar we ýurdy syýasy,…
14-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maksatnamalary we ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek
1. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maksatnamalary we ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek şularyň hasabyna geçirilýär: 1) hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça gelip…
15-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygy babatda hojalyk we beýleki işi döwlet tarapyndan ykdysady taýdan höweslendirmek
1. Ekologiýa howpsuzlygy babatda hojalyk we beýleki işi döwlet tarapyndan ykdysady taýdan höweslendirmek, ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça hojalyk subýektlerini işjeňleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýar. 2.…
16-njy madda
Ekologiýa howpsuzlygy babatda telekeçilik işi
1. Ekologiýa howpsuzlygy babatda telekeçilik işi döwlet tarapyndan goldanylýar. 2. Ekologiýa howpsuzlygy babatda telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldamak döwlet tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgyt we beýleki…
17-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygy babatda kadalaşdyrmagyň esaslary
1. Ekologiýa howpsuzlygy babatda kadalaşdyrma ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň öňüniň alynmagyny üpjün edýän hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawyň ýagdaýyna we ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek…
18-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygynyň kada görkezijileri
1. Ekologiýa howpsuzlygynyň kada görkezijileri meýilleşdirilýän hem-de amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň netijesinde daşky gurşaw, ilatyň saglygy, ýuridik we fiziki şahslaryň emlägi üçin aňryçäk töwekgelçiligine baha bermek üçin…
19-njy madda
Ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini işläp taýýarlamaga bolan talaplar
Ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini işläp taýýarlamak şulary öz içine alýar: 1) ekologiýa howpsuzlygy babatda kada görkezijilerini esaslandyrmak boýunça ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini; 2) olary iş ýüzünde ulanmagyň…
20-nji madda
Meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki iş barada çözgütleri kabul etmek
1. Meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki iş onuň daşky gurşawa mümkin bolaýjak göni ýa-da gytaklaýyn täsir etmegi we onuň ekologiýa howpunyň derejesini kesgitlemek nukdaýnazaryndan bellenilen tertipde baha berilmegine degişlidir. 2. Daşky…
21-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesi
1. Ekologiýa howpsuzlygynyň döwlet seljermesi şulary kesgitlemek maksady bilen geçirilýär: 1) meýilleşdirilýän ýa-da amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplara laýyklygyny; 2)…
22-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygynyň auditi
1. Ekologiýa howpsuzlygynyň auditi ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplaryň döremegine garşy seresaplylyk çäreleriniň netijeliligini hemişe gözegçilikde saklamak maksady bilen, ekologiýa töwekgelçiligi bilen baglanyşykly hojalyk we…
23-nji madda
Ekologiýa howpsuzlygy babatda işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak
Ekologiýa howpsuzlygy babatda işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
24-nji madda
Himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleriniň, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlarynyň, hereketleriň, işleriň we hyzmatlaryň ekologiýa howpsuzlygyny sertifikatlaşdyrmak
1. Türkmenistanyň çäginde öndürilen himiýa we nebit-himiýa önümçilikleriniň önümleri, maşyn gurluşyk we elektroenergetika senagatynyň harytlary, ýerine ýetirilýän hereketler, işler we hyzmatlar ekologiýa howpsuzlygynyň kepilliklerine eýe…
25-nji madda
Kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri
Kärhanalaryň we önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygynyň kepillikleri, bellenilen tehnologik kada görkezijilerini we dessurlary, daşky gurşawyň hiliniň kada görkezijilerini, daşky gurşawa täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kada…
Öňki
1 / 2
Indiki