Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.06.2017 · № 566-V
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
63 madda · 21 sahypa
63 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu esasy düşünjeler ulanylýar: 1) administratiw edara - ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslar; 2) administratiw nama -…
2-nji madda
Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Şu Kanunyň ulanylýan çygry
1. Şu Kanunyň düzgünleri administratiw edaralaryň işi babatynda ulanylýar, şu Kanunyň 11¹-nji maddasynda görkezilen halatlar muňa degişli däldir. 2. Şu Kanunyň hereketi şulara degişli däldir: 1) kadalaşdyryjy hukuk namalaryň…
4-nji madda
Administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri
Şular administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir: 1) kanunylyk - administratiw edara tarapyndan öz ygtyýarlylygynyň çäginde we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda administratiw…
5-nji madda
Administratiw önümçiligiň görnüşi
Eger önümçiligiň görnüşi barada ýörite düzgünler bolmasa, administratiw önümçiligi kesgitlenilen görnüşi berjaý etmek bilen bagly däldir.
6-njy madda
Çäk degişliligi
1. Administratiw önümçiligi administratiw edaralar tarapyndan öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda gyzyklanýan şahsyň ýaşaýan (ýerleşýän) ýeri boýunça ýa-da olaryň ýokarda durýan edaralary tarapyndan şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda amala…
7-nji madda
Administratiw önümçilikde wekilçilik
1. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda gyzyklanýan şahsyň hut özi we (ýa-da) wekiliň üsti bilen gatnaşmaga haklydyr. 2. Gyzyklanýan şahsyň özüniň…
8-nji madda
Administratiw edara ýüz tutmaga bolan hukuk
1. Her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr. 2. Administratiw…
9-njy madda
Administratiw önümçilikde hukuk ukyby we kämillik ukyby
1. Administratiw önümçilige gatnaşmak hukugyna şular eýedirler: 1) fiziki we ýuridik şahslar; 2) administratiw edaralar. 2. Administratiw önümçiligi boýunça hereketleri amala aşyrmaga şular ukyply bolup durýarlar: 1) kämillik ukyby bolan…
10-njy madda
Administratiw önümçiligiň gatnaşyjylary
1. Administratiw önümçilige gatnaşyjylar şular bolup durýarlar: 1) administratiw namanyň kabul edilmegi ýa-da hereketiň amala aşyrylmagy barada haýyşnama bilen ýüz tutýan şahs; 2) administratiw nama ýa-da hereket gönükdirilen şahs; 3)…
11-nji madda
Administratiw önümçiligiň başlanmagy
1. Şular administratiw önümçilige başlamak üçin esas bolup durýarlar: 1) fiziki ýa-da ýuridik şahsyň arzasy (şikaýaty); 2) administratiw edaranyň başlangyjy ýa-da kanunda göz öňünde tutulan halatlarda administratiw edaranyň administratiw…
11¹-nji madda
Gaýry ýüz tutmalaryň seredilmegi
Administratiw önümçiligi we şu Kanunyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ýagdaýlar bilen bagly bolmadyk ýüz tutmalaryň kabul edilmegini, hasaba alynmagyny, seredilmegini hem-de saklanylmagyny guramak boýunça iş ýöretmegiň…
12-nji madda
Işlere seredilende tarapgöýsüzlik
1. Administratiw edaralar öz ygtyýarlyklaryny tarapgöýsiz amala aşyrmaga borçludyrlar. 2. Işiň ahyrky netijesine gyzyklanýan wezipeli adam administratiw önümçilige gatnaşyp bilmez.
13-nji madda
Işiň ýagdaýlaryny dogry barlamak
1. Administratiw edara administratiw önümçiligiň barşynda işiň çözülmegi üçin ähmiýeti bar bolan ähli hakyky ýagdaýlary hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlamaga borçludyr. 2. Administratiw edara işe degişli bolan ýagdaýlary barlamakdan we…
14-nji madda
Administratiw edaranyň maslahatlary we administratiw edara tarapyndan zerur maglumatlaryň berilmegi
1. Administratiw edara gyzyklanýan şahsa arza ýa-da haýyşnama bermekde, arzada ýa-da haýyşnamada ýol berlen ýalňyşlary ýüze çykarmakda we aradan aýyrmakda ýardam etmäge, administratiw önümçilige gatnaşýan şahsa hukuklaryny we borçlaryny…
15-nji madda
Subut etmegiň serişdeleri
1. Administratiw edara işiň ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmak üçin zerur hasaplaýan subut etmegiň serişdelerini ulanýar. Administratiw edara subut etmegiň şu serişdelerini peýdalanyp biler: 1) resminamalary; 2) taraplaryň we gatnaşyjy üçünji…
16-njy madda
Administratiw önümçilige gatnaşyjylary diňlemek
1. Administratiw önümçilige gatnaşyjynyň hukuklaryna täsir edýän administratiw namasy kabul edilmezinden öň, bu gatnaşyja çözgüt kabul etmek üçin möhüm faktlar babatda öz pikirini aýtmaga mümkinçilik döredilmelidir. 2. Administratiw…
17-nji madda
Administratiw önümçiligiň materiallary bilen tanyşmak hukugy
1. Gyzyklanýan şahslar administratiw önümçiligiň materiallary bilen tanyşmaga hukuklydyrlar, ýagny onda saklanýan resminamalary bilmek olaryň kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmek ýa-da goramak üçin zerur bolup durýar, döwlet ýa-da kanun…
18-nji madda
Kanun arkaly goralýan syry saklaýan resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmek
Administratiw edara gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça onuň şahsy ýa-da maşgala durmuşynyň syryny, şeýle hem hünär ýa-da täjirçilik syryny saklaýan resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmäge borçludyr.
19-njy madda
Administratiw önümçiligi alyp barmagyň dili
1. Administratiw önümçilik Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar. 2. Administratiw önümçiligiň dilini bilmeýän gatnaşyjylara terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmak hukugy düşündirilýär. 3. Daşary ýurt dilinde düzülen ýüz tutmalar,…
20-nji madda
Administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň möhletleri
1. Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr. 2. Administratiw önümçilik, administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalary we (ýa-da) maglumatlary almak we…
21-nji madda
Möhletleri hasaplamak
1. Administratiw önümçiligi bilen bagly hereketler şu Kanunda bellenilen möhletlerde amala aşyrylýar. Eger iş ýöredişiň möhletleri kanun tarapyndan bellenilmedik halatynda, olar administratiw edara tarapyndan bellenilýär. 2. Kanunda…
22-nji madda
Möhletleri uzaltmak
1. Administratiw edara tarapyndan bellenen möhletler gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça bu edara tarapyndan uzaldylyp bilner. 2. Administratiw edara gyzyklanýan şahsa bellenilen möhletiň berjaý edilmezliginiň netijeleri barada duýdurmaga…
23-nji madda
Möhletleri dikeltmek
1. Kanunda bellenilen möhletiň geçirilmeginiň sebäpleri esasly diýlip ykrar edilende, administratiw edara gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça geçirilen möhleti dikeldip biler. 2. Gyzyklanýan şahs geçirilen möhletiň dikeldilmegi barada…
24-nji madda
Resmi şaýatlyk etmek
1. Resmi şaýatlyk etmek - bu administratiw edara tarapyndan resminamalardan nusganyň ýa-da göçürmäniň dogrulygynyň, şeýle hem goluň hakykylygynyň tassyklanmagydyr. 2. Resmi şaýatlyk etmegiň subut ediji güýji şaýatlyk etmek hakynda bellikde…
Öňki
1 / 3
Indiki