Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.03.2017 · № 520-V
«Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
53 madda · 25 sahypa
53 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) kitaphana - resminamalaryň guralan gaznasyna eýelik edýän we kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, ylmy, bilim, medeni we beýleki isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün…
2-nji madda
Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de kitaphana işi babatda meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň…
3-nji madda
Kitaphana işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri we döwletiň wezipeleri
1. Kitaphana işi babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar: 1) kitaphanalar tarapyndan toplanylýan we peýdalanmaga berilýän maglumatlaryň we medeni gymmatlyklaryň ählumumy elýeterliligi üçin şertleri döretmek; 2)…
4-nji madda
Kitaphanalaryň esasy görnüşleri
1. Türkmenistanyň kitaphana ulgamynyň düzümine döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan esaslandyrylýan kitaphanalar girýär. 2. Kitaphanalaryň görnüşleri aşakdaky ýaly…
5-nji madda
Türkmenistanyň Milli kitaphanasy
1. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy - umumydöwlet ähmiýetli kitaphana, ol döwletiň we jemgyýetiň köpugurly maglumat isleglerini kanagatlandyrmak, Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bähbitlerinde kitaphana işini guramak, Türkmenistanyň…
6-njy madda
Jemagat kitaphanalary
1. Jemagat kitaphanasy umumy elýeter köpugurly kitaphanadyr, olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ol fiziki şahslaryň we ýuridik şahslaryň esasy kitaphana islegini mugt kanagatlandyrýar we ol belli…
7-nji madda
Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalary
1. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalary - şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýän tertipde kitaphana işini amala aşyrýan ýörite kitaphana edaralary. 2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň…
8-nji madda
Ylmy guramalaryň kitaphanalary
1. Ylmy guramalaryň kitaphanalary ylym, tehnika, ykdysadyýet, taryh, medeniýet, bilim çygyrlarynda we bilimleriň beýleki pudaklarynda kitaphanalardan peýdalanyjylaryň ýörite maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün…
9-njy madda
Bilim edaralarynyň kitaphanalary
1. Bilim edaralarynyň kitaphanalary okuwçylaryň, talyplaryň, diňleýjileriň, aspirantlaryň, ylmy we pedagogik işgärleriň maglumata bolan isleglerini üpjün edýän çap neşirlerini we beýleki materiallary toplamak, saklamak we ulgamlaşdyrmak,…
10-njy madda
Hususy kitaphanalar
1. Hususy kitaphanalara öz serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilýän kitaphanalar degişlidir. Hususy kitaphanalar döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeýär. 2. Hususy kitaphanalaryň kitaphana gaznasy çap önüminden…
11-nji madda
Elektron kitaphanalar
Elektron kitaphana kitaphana gaznasynyň elektron görnüşidir, fiziki we ýuridik şahslara olara bolan elýeterliligi bermek üçin niýetlenen, kitaphananyň ygtyýarynda bar bolan tertipleşdirilen elektron resminamalaryň toplumydyr.
12-nji madda
Merkezleşdirilen kitaphana ulgamy
1. Türkmenistanyň kitaphana ulgamynyň dürli görnüşlerinden biri-de kitaphanalary ýeke-täk gurluş-bitewi birlige birleşdirýän merkezleşdirilen kitaphana ulgamydyr, oňa merkezi kitaphana we kitaphana şahamçalary girýär. 2. Döwlet häkimiýet…
13-nji madda
Kitaphanalaryň arkalaşykly hereketiniň guralyşy
1. Kitaphanalardan peýdalanyjylaryň maglumata bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmak, kitaphana gaznalarynyň rejeli peýdalanylmagy üçin döwlet häkimiýet edaralary kitaphana serişdeleriniň (kitaphanaara abonementiň, bitewi…
14-nji madda
Kitaphanalaryň ylmy-tehniki maglumat guramalary we arhiwler bilen arkalaşykly hereketi
1. Maglumat serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen kitaphanalar ylmy-tehniki maglumat guramalary we arhiwler bilen arkalaşykly hereket edýärler. 2. Kitaphanalaryň ylmy-tehniki maglumat guramalary we arhiwler bilen…
15-nji madda
Kitaphanalaryň kärhanalar, edaralar we guramalar bilen arkalaşykly hereketi
1. Döwletiň maglumat serişdeleriniň düzüm bölegi hökmünde kitaphana serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmegiň maksatlarynda kitaphanalar maglumat binýatlary bolan we işi maglumaty döretmek, ýygnamak, işläp geçmek, toplamak we…
16-njy madda
Kitaphanalaryň döredilmegi
1. Kitaphanalar döwletiň we raýatlaryň durmuş-ykdysady, medeni-bilim, ylmy we maglumat talaplaryna laýyklykda döredilýär. 2. Kitaphanalary esaslandyryjylar döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem ýuridik…
17-nji madda
Kitaphanalaryň üýtgedilip guralmagy
1. Kitaphana ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda üýtgedilip guralyp bilner. 2. Kitaphananyň goşulmak, birleşmek, bölünmek, bölünip aýrylmak, özgertmek görnüşinde…
18-nji madda
Kitaphanalaryň ýatyrylmagy
1. Kitaphana ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýatyrylyp bilner. 2. Kitaphanany ýatyrmak hakynda karar kabul eden edara ýa-da beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahs bu…
19-njy madda
Kitaphanalaryň esasy wezipeleri we amala aşyrýan işleri
1. Şu aşakdakylar kitaphanalaryň esasy wezipeleridir: 1) raýatlaryň ruhy, intellektual we medeni isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen medeni, ylmy, bilim we aň-bilim işini amala aşyrmak; 2) jemgyýetde bilimleri we maglumaty…
20-nji madda
Kitaphanalaryň hukuklary
Kitaphanalar şu aşakdaky hukuklara eýedirler: 1) kitaphanalaryň Tertipnamalarynda (düzgünnamalarynda) görkezilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda öz işiniň mazmunyny we anyk görnüşlerini özbaşdak kesgitlemek; şunda maglumaty…
21-nji madda
Kitaphanalaryň borçlary
1. Kitaphanalar şu aşakdakylara borçludyrlar: 1) raýatyň medeniýetiň we ylmyň gymmatlyklaryna goşulmagyna, maglumaty erkin gözlemäge we almaga bolan aýrylmaz hukugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge, şahsyýeti ösdürmek we…
22-nji madda
Kitaphana gaznalarynyň düzümi
1. Kitaphana gaznalaryna çap neşirleri (kitaplar, žurnallar, gazetler we başga çap neşirleri), çap edilmedik resminamalar (elýazmalar), audiowizual we elektron resminamalar, mikrofilmler we beýleki maglumat göterijiler degişlidir. 2.…
23-nji madda
Kitaphana gaznalarynyň üpjünçiligi
1. Kitaphana gaznalarynyň üpjünçiligi mazmuny boýunça kitaphanalaryň wezipelerine we olardan peýdalanyjylaryň isleglerine laýyk gelýän çap neşirlerini we beýleki materiallary seçip almak hem-de meýilnama görä toplamak arkaly amala…
24-nji madda
Resminamalaryň hökmany nusgalygynyň düzümine girýän resminamalaryň görnüşleri
1. Resminamalaryň hökmany nusgalygy resminamalaryň dürli görnüşleriniň nusgalyklarynyň jemidir, olara şu aşakdakylar degişlidir: 1) çap önümi - poligrafiýa taýdan özbaşdak resmileşdirilen we döwlet hem-de halkara standartlaryna laýyklykda…
25-nji madda
Kitaphana gaznalarynyň hasaba alnyşy, saklanylyşy we peýdalanylyşy
1. Kitaphana gaznalaryny saklamagyň şertleri, hasaba almagyň we peýdalanmagyň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan kitaphana gaznalaryny hasaba almagyň, saklamagyň we…
Öňki
1 / 3
Indiki