Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.03.2017 · № 521-V
«Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
26 madda · 7 sahypa
26 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) däneçilik - däne, däneli we däne kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan ösümlikçiligiň pudagy; 2) däneli ekinler - adam iýmitiniň esasy önümi bolan dänäni, senagat…
2-nji madda
Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de däneçilik babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Döwletde däneçiligi we däne önümleriniň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek, däneçilik pudagyny kemala getirmek we ösdürmek, ýerli däne öndürijiler üçin amatly hukuk, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek arkaly döwletiň sarp…
4-nji madda
Däneçilik işiniň obýektleri we subýektleri
1. Däne önümlerini öndürmegiň ähli tapgyrlarynda şol ýa-da beýleki görnüşde gatnaşykda bolýan, olaryň öndürilişinden ahyrky sarp edilişini goşmak bilen däne önümleri, ýer, tehniki we tehnologik serişdeler, şeýle hem däneçilik işi amala…
5-nji madda
Däneçilik babatda döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrýan edaralar
Däneçilik babatda döwlet dolandyrylyşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda
Däneçilik babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) däneçilik babatda döwlet syýasatynyň strategiýasynyň esasy ugurlaryny tassyklaýar we ony amala aşyrmagyň çärelerini kesgitleýär; 2) däneçilik babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 3) döwlet…
7-nji madda
Däneçilik babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) däneçilik babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär; 2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde däneçilik babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) däneçilik…
8-nji madda
Däneçilik babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) däneçilik babatda ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin şertleri döredýär; 2) däneli ekinleriň hiline bolan talaplary…
9-njy madda
Däneli ekinleriň öndürilişi
1. Däneli ekinleriň öndürilişi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, saklamak hem-de däne kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalara…
10-njy madda
Däne önümleriniň importy we eksporty
1. Däne we däne önümleri daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda import edilip bilner. 2. Däneli ekinleriň, şol sanda dürli toprak-howa şertlerinde, ylmy barlaglarda, seçgi işlerinde, şeýle…
11-nji madda
Däneçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri
Däneçiligi döwlet tarapyndan goldamak şu görnüşlerde amala aşyrylýar: 1) sortlaryň naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklaryna ýardam bermek; 2) önümçilik harajatlary boýunça döwlet…
12-nji madda
Döwlet däne serişdeleri
1. Döwlet däne serişdeleri şulardan ybaratdyr: 1) azyklyk däneden; 2) iýmlik däneden; 3) tohumlyk däneden; 4) ýerlenilýän däne serişdelerinden; 5) döwlet ätiýaçlyklaryndan (döwlet strategik ätiýaçlyklary). 2. Döwlet däne serişdeleri däneli…
13-nji madda
Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalaryň wezipesi
1. Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar umumy peýdalanylýan haryt ammarlary hökmünde ykrar edilýär. 2. Dänäni saklamak, dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýar. 3. Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan…
14-nji madda
Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalaryň borçlary
Dänäni kabul edýän we taýýarlaýan kärhanalar şulara borçludyrlar: 1) dänäni saklamagyň tertibini berjaý etmäge, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda dänäniň mukdar taýdan tükelligini we hil taýdan abatlygyny üpjün edýän…
15-nji madda
Däne önümleriniň hilini üpjün etmek
Däne önümleriniň hili şu usullar arkaly üpjün edilýär: 1) däne önümleriniň hiline bolan talaplary kadalaşdyrmak; 2) däne önümleriniň hiline baha bermegi geçirmek; 3) däne önümlerini sertifikatlaşdyrmak; 4) däneçilik pudagynda…
16-njy madda
Däne önümleriniň hiline bolan talaplary kadalaşdyrmak
1. Dänäniň hilini üpjün etmek babatda talaplary kadalaşdyrmak - bu dänäniň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň, taýýarlanylyşynyň, hil derejesine (kondisiýa) ýetirilişiniň, daşalyşynyň, saklanylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň we…
17-nji madda
Däne önümleriniň hiline baha bermek
1. Türkmenistanda öndürilýän we Türkmenistanyň çägine getirilýän däne önümleriniň hili kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda kesgitlenilýär. 2. Däne önümleriniň hiline baha bermek degişli usul boýunça, bellige alnan we attestasiýadan…
18-nji madda
Däne önümleriniň sertifikatlaşdyrylmagy
1. Hiline baha bermegiň görkezijileri bar bolan däne önümlerine, şeýle hem dänäni gaýtadan işläp öndürilen önümlere dänäniň laýyklyk sertifikatlary berilýär. 2. Däne önümleriniň sertifikatlaşdyrylmagy sertifikatlaşdyrmak hakynda…
19-njy madda
Däneçilik babatda standartlaşdyrmak
1. Däneçilik babatda döwlet standartlary ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. 2. Däneçilik babatda döwlet standartlaryny tassyklamak standartlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
20-nji madda
Däne önümleriniň hiline döwlet gözegçiligi
1. Däne önümleriniň hiline döwlet gözegçiliginiň maksady däne önümleriniň öndürilişini, taýýarlanylyşyny, saklanylyşyny, daşalyşyny, ýerlenilişini, importyny we eksportyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň ýuridik…
21-nji madda
Däneçilik babatda hünärmenleri taýýarlamak
Türkmenistanda däneçilik babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak boýunça edaralarda amala aşyrylýar.
22-nji madda
Däneçilik babatda ylmy üpjünçilik
Däneçilik babatda ylmy üpjünçilik, ylmy işi alyp barýan ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.
23-nji madda
Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Däneçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda
Jedelleri çözmek
Däneçilik babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
25-nji madda
Däneçilik babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
Däneçilik babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki