Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.03.2017 · № 519-V
«Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 13 sahypa
33 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler peýdalanylýar: 1) biometriki maglumatlar - şahsy durmuş barada maglumat degişli bolan adamyň fiziologiki we biologiki aýratynlyklaryny häsiýetlendirýän we onuň şahsyýetini anyklamaga…
2-nji madda
Şu Kanunyň maksady
Şahsy maglumatlar ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna bolan hukugyň goralmagyny üpjün etmek şu Kanunyň…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereketi
1. Şu Kanun bilen operatorlar tarapyndan amala aşyrylýan şahsy maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. 2. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň we goramagyň aýratynlyklary…
4-nji madda
Şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de şahsy maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň we goramagyň tertibini kesgitleýän Türkmenistanyň…
5-nji madda
Şahsy maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň we goramagyň ýörelgeleri
Şahsy maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak şu ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar: 1) subýektiň razylygy bolmazdan onuň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol…
6-njy madda
Şahsy maglumatlaryň elýeterliligi
1. Şahsy maglumatlar elýeterliligi boýunça hemmelere elýeter bolan we rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlara bölünýärler. 2. Hemmelere elýeter bolan şahsy maglumatlara subýektiň razylygy bilen rugsat erkin bolan ýa-da Türkmenistanyň…
7-nji madda
Şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleri
1. Şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak operator tarapyndan subýektiň ýazmaça razylygy we onuň bilen bilelikde hereket etmek arkaly amala aşyrylýar, muňa şu Kanunyň 9-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär. 2.…
8-nji madda
Şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga subýektiň razylygyny bermegiň (yzyna almagyň) tertibi
1. Subýekt şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygy ýazmaça ýa-da elektron resminama görnüşinde ýa-da gorag hereketlerini ulanmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry usul bilen berýär (yzyna…
9-njy madda
Subýektiň razylygy bolmazdan şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak
Şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak şu halatlarda subýektiň razylygy bolmazdan geçirilýär: 1) hukuk goraýjy edaralaryň we kazyýetleriň, ýerine ýetiriş önümçiliginiň işi amala aşyrylanda; 2) döwlet statistiki işi amala…
10-njy madda
Şahsy maglumatlara rugsat
1. Eger Türkmenistanyň kanunlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahsy maglumatlara rugsat olary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga subýekt tarapyndan operatora berlen razylygyň şertleri bilen kesgitlenýär. Operator tarapyndan şahsy…
11-nji madda
Şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy
1. Rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlara rugsat alýan operatorlar, şeýle hem üçünji şahslar subýektiň razylygy ýa-da gaýry kanuny esas bolmazdan olaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik barada talaplary berjaý etmek arkaly olaryň…
12-nji madda
Şahsy maglumatlary toplamak we saklamak
1. Şahsy maglumatlary toplamak operator, şeýle hem üçünji şahs tarapyndan amala aşyrylýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur we ýeterlik bolan şahsy maglumatlary ýygnamak arkaly geçirilýär. 2. Şahsy maglumatlary saklamak operator, şeýle…
13-nji madda
Şahsy maglumatlary anyklamak
Şahsy maglumatlary anyklamak subýektiň ýüztutmasy esasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry halatlarda operator tarapyndan amala aşyrylýar.
14-nji madda
Şahsy maglumatlary peýdalanmak
1. Şahsy maglumatlary peýdalanmak diňe olary toplamagyň öň kesgitlenen maksatlary üçin operator we üçünji şahs tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Şahsy maglumatlaryň maddy ýa-da ahlak taýdan zyýan ýetirmek maksatlary üçin, şunuň…
15-nji madda
Şahsy maglumatlary ýaýratmak
1. Eger subýektiň hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaýan, şeýle hem gaýry ýuridik we fiziki şahslaryň kanuny bähbitlerine täsir etmeýän bolsa, şahsy maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýol berilýär. 2. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň öň kesgitlenen…
16-njy madda
Şahsy maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýratmagyň aýratynlyklary
1. Şahsy maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýaradylmagy «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şahsy…
17-nji madda
Şahsy maglumatlary serhetüsti geçirmek
1. Şahsy maglumatlaryň daşary ýurt döwletleriniň çägine geçirilmegi şahsy maglumatlaryň serhetüsti geçirilmegi bolup durýar. Şahsy maglumatlar Türkmenistanyň çäginde şahsy maglumatlar binýadynda saklanýan halatlarynda olar serhetüsti…
18-nji madda
Şahsy maglumatlary atsyzlandyrmak
Statistik, sosiologik, ylmy barlaglary geçirmek üçin şahsy maglumatlar ýygnalanda we işlenip taýýarlananda operator ýa-da üçünji şahs olary atsyzlandyrmaga borçludyr.
19-njy madda
Şahsy maglumatlary ýok etmek
Operator ýa-da üçünji şahs şahsy maglumatlary şu halatlarda ýok edýärler: 1) saklamak möhleti geçende; 2) subýektiň, operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň arasynda hukuk gatnaşyklary bes edilende; 3) kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje…
20-nji madda
Şahsy maglumatlar bilen hereketler barada habar bermek
1. Subýektiň şahsy maglumatlarynyň üçünji şahsa geçirilenligi barada operator bir iş gününiň dowamynda subýekte habar berýär. 2. Şu maddanyň birinji böleginiň talaplary şu halatlara degişli edilmeýär: 1) döwlet edaralary tarapyndan…
21-nji madda
Şahsy maglumatlaryň ýörite toparlaryny ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň tertibi
1. Milletine, teniniň reňkine, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna, saglyk ýagdaýyna, pynhan durmuşyna degişli şahsy maglumatlaryň ýörite toparlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga ýol berilmeýär, muňa şu maddanyň ikinji böleginde göz…
22-nji madda
Şahsy maglumatlaryň goragynyň kepilligi
1. Her bir adamyň öz şahsy maglumatlaryny goramaga hukugy bardyr, olar bellenilen tertipde kesgitli maksatlara we subýektiň rugsat bermegi esasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar bar bolanda…
23-nji madda
Şahsy maglumatlary goramagyň maksatlary
Şahsy maglumatlary goramak toplumlaýyn çäreleri, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çärelerini şu maksatlar üçin ulanmak arkaly amala aşyrylýar: 1) şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna bolan hukuklaryň…
24-nji madda
Şahsy maglumatlary goramak boýunça operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň borçlary
1. Operator, şeýle hem üçünji şahs şahsy maglumatlary goramak boýunça şulary üpjün edýän zerur çäreleri görmäge borçludyr: 1) şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňüni almagy; 2) eger şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňi alnyp…
25-nji madda
Şahsy maglumatlary saklaýan electron maglumat serişdelerini goramak
Şahsy maglumatlary saklaýan elektron maglumat serişdelerini goramagyň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.
Öňki
1 / 2
Indiki