Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.02.2017 · № 497-V
«Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
20 madda · 9 sahypa
20 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) kärende - emlägiň (şol sanda ýeriň, gaýry aýrybaşgalanan tebigy serişdeleriň) eýesi ýa-da onuň ygtyýarlyk beren şahsy tarapyndan fiziki we (ýa-da) ýuridik şahsa kesgitli emlägiň ýa-da…
2-nji madda
Türkmenistanyň kärende hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň kärende hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Kärende şertnamalaryndan gelip çykýan emläk gatnaşyklary şu…
3-nji madda
Kärendäniň obýekti
1. Gozgalýan we gozgalmaýan zatlary, pul bahasy bolan emläk hukuklaryny goşmak bilen, eýesine degişli islendik emläk we (ýa-da) zat, şol sanda ýer we beýleki aýrybaşgalanan tebigy serişdeler kärendäniň obýekti bolup biler, şu maddanyň…
4-nji madda
Kärende gatnaşyklarynyň subýektleri
1. Kärendesine beriji we kärendeçi kärende gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýa-da emlägiň eýesi tarapyndan emlägi kärendesine bermäge ygtyýarly edilen şahslar hem kärendesine beriji bolup…
5-nji madda
Kärendeçiler birleşikleri
Kärendeçiler meýletinlik esaslarynda assosiasiýalary, birleşikleri, konsorsiumlary, konsernleri we beýleki birleşikleri döretmäge, olaryň işini maliýeleşdirmäge hem-de kabul edilen tertipnamalara (düzgünnamalara) laýyklykda olardan erkin…
6-njy madda
Kärende şertnamasy
1. Kärendesine beriji bilen kärendeçiniň arasynda taraplaryň meýletinlik we deňhukuklylyk başlangyçlarynda baglaşylýan kärende şertnamasy kärende gatnasyklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi we bes edilmegi üçin esas bolup durýar. Kärende…
7-nji madda
Kärendäniň möhletleri
1. Kärendesine berilýän emlägiň görnüşine, kärendäniň maksatlaryna we şertlerine baglylykda kärende şertnamasy bir ýyla çenli, bäş ýyla çenli, bäş we şondan köp ýyl üçin baglaşylyp bilner. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aýry-aýry…
8-nji madda
Tirkeşikli kärende we kärende hukugynyň birine berilmegi
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da kärende şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärendeçiniň kärendesine berijiniň razylygy bilen kärendesine alan emlägini ýa-da onuň bir bölegini üçünji şahsa möhletli muzdly…
9-njy madda
Kärende mahalyndaky eýeçilik
1. Emlägiň kärendesine berilmegi bu emläge eýeçilik hukugynyň berilmegine eltmeýär. 2. Döwlet emläginiň we ýer bölekleriniň kärendesiniň şertnamalary kärendesine berijiniň kärendesine alnan emläge eýeçilik hukugyny kärendeçä bermek boýunça…
10-njy madda
Kärende tölegi
1. Kärendesine alnan emlägiň kärende şertnamasyna laýyklykda maksatlaýyn we kanunalaýyk peýdalanylandygy üçin kärendeçi kärendesine berijä pul we (ýa-da) hakyky özlügi (natural) görnüşinde kärende tölegini töleýär. Kärende tölegini…
11-nji madda
Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmegi
1. Emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy boýunça emlägi kärendesine berýän kärendesine beriji öwsele zatlaryny ýa-da başga gozgalýan emlägi (ulag serişdelerinden başga) kesgitlenen wagta, ýöne bir ýyldan köp bolmadyk möhlete…
12-nji madda
Ulag serişdeleriniň kärendesi
1. Kärendesine beriji ulag serişdesini ekipažy bilen kärende şertnamasy boýunça (belli bir wagta frahtlamak) ulag serişdesini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölegine kärendeçä wagtlaýyn peýdalanmaga berýär we onuň dolandyrylmagy…
13-nji madda
Jaýlaryň we desgalaryň kärendesi
1. Kärendesine beriji jaýyň ýa-da desganyň kärende şertnamasy boýunça jaýy ýa-da desgany wagtlaýyn peýdalanmak üçin kärendeçä bermäge borçlanýar. 2. Jaýyň ýa-da desganyň kärende şertnamasy boýunça kärendeçä jaýy ýa-da desgany…
14-nji madda
Ýer bölekleriniň kärendesi
Ýer bölekleriniň, şol sanda öwselesi bilen bilelikde kärendesi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
15-nji madda
Ýaşaýyş jaýlarynyň kärendesi
1. Ýaşaýyş jaýynyň kärende şertnamasy boýunça kärendesine beriji özüne eýeçilik hukugynda degişli bolan ýaşaýyş jaýyny kärendeçä wagtlaýyn peýdalanmaga berýär. Ýaşaýyş jaýynyň kärendesine berilmegi şu Kanunyň 13-nji maddasynda göz öňünde…
16-njy madda
Döwlet emläginiň kärendesi
1. Eger döwlet emlägi maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça ulanylmaýan bolsa (oturdylmadyk, konserwirlenen bolsa), ýöne tehniki ýagdaýy boýunça ulanmaga ýaramly bolsa we eger şeýle emlägiň kärendesi önümçilige zyýan ýetirmeýän bolsa, onda ol…
17-nji madda
Kärende gatnaşyklarynyň subýektlerine salgyt salynmagy
Kärende gatnaşyklarynyň subýektlerine salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
18-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Kärende şertnamalarynyň baglaşylmagy, üýtgedilmegi, goşmaçalaryň girizilmegi, ýerine ýetirilmegi we bes edilmegi bilen baglanyşykly jedeller taraplar tarapyndan gepleşikler arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet…
19-njy madda
Taraplaryň jogapkärçiligi Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler, ýeňip geçip bolmajak güýjüň ýagdaýlarynyň netijesinde emele gelen hem-de kärende şertnamasynda göz öňünde…
20-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. 1990-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-nde kärende we kärende gatnaşyklary hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanunyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň…