Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet protokoly hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.02.2017 · № 499-V
«Döwlet protokoly hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
20 madda · 6 sahypa
20 madda
1-nji madda
Döwlet protokoly diýen düşünje
Döwlet protokoly - Türkmenistanyň halkynyň milli däplerinden we halkara tejribesinden ugur alnyp, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, olaryň hökümetleri we halkara guramalary bilen resmi özara gatnaşyklarynda berjaý edilýän umumy ykrar…
2-nji madda
Döwlet protokolynyň hukuk esaslary
Döwlet protokolynyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalary düzýär. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda…
3-nji madda
Döwlet protokolynyň esasy maksady we wezipeleri
Döwlet protokolynyň esasy maksady ýokary we beýleki derejelerde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda üpjün etmekdir. Döwlet protokolynyň üstüne şu wezipeler ýüklenilýär: 1) Türkmenistanyň…
4-nji madda
Döwlet protokolyny amala aşyrmak
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Döwlet protokolyny amala aşyrýar. Döwlet protokolyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm…
5-nji madda
Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana saparlary
Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanlaryň saparlary döwlet, resmi, iş, üstaşyr, resmi däl, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy myhmany hökmündäki saparlara bölünýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi…
6-njy madda
Türkmenistanyň ýokary derejeli myhmanlarynyň gatnaşmagyndaky protokol çäreleri
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi halkara tejribesine laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde protokol çärelerini işläp taýýarlaýar. Türkmenistanyň ýokary derejeli myhmanlarynyň…
7-nji madda
Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana saparlarynyň maksatnamalary
Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana saparlarynyň maksatnamalary Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen…
8-nji madda
Daşary ýurt döwletleriniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýörite wekilleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň saparlary
Daşary ýurt döwletleriniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýörite wekilleri we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň myhmanlary hökmünde kabul edilýär.
9-njy madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejeli myhmanlar bilen duşuşyklary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de degişli döwlet edaralary we gulluklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejeli myhmanlar bilen duşuşyklarynyň…
10-njy madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň iş duşuşyklary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden diplomatik ýollar arkaly gelip gowuşýan resmi ýüztutmalar, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň,…
11-nji madda
Daşary ýurt döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan ynanç we yzyna çagyrylyş hatlarynyň gowşurylmagy
Daşary ýurt döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan ynanç we yzyna çagyrylyş hatlary Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gowşurylýar.…
12-nji madda
Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan gowşurmak üçin ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny taýýarlamak
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi daşary ýurt döwletine Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini bellemek hakyndaky ýüztutma şol daşary ýurt döwletinden razylyk (agreman) alnandygy hakyndaky…
13-nji madda
Tassyklaýyş hatlaryny taýýarlamak we alyşmak
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi bellenilen görnüşde tassyklaýyş hatlaryny taýýarlaýar. Tassyklaýyş hatlaryna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilýär we onuň möhri bilen tassyklanylýar hem-de…
14-nji madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň…
15-nji madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine saparlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine saparlarynyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine saparyny taýýarlamak we geçirmek üçin sapara gidilýän ýurda degişli…
16-njy madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň (onuň wekiliniň) daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän çärelere gatnaşmagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň (onuň wekiliniň) daşary ýurt döwletleriniň baýramçylyk çärelerine, daşary ýurt döwletleriniň baştutanlarynyň wezipä girişmegine bagyşlanan dabaralaryna (inaugurasiýa), halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere…
17-nji madda
Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistanyň döwlet çärelerine gatnaşmagy
Ýokary derejeli myhmanlaryň ýa-da olaryň wekilleriniň Türkmenistanyň döwlet çärelerine, halkara maslahatlaryna we beýleki çärelere gatnaşmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.
18-nji madda
Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny peýdalanmak
Döwlet protokoly amala aşyrylanda Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy, Türkmenistanyň Döwlet senasy peýdalanylýar. Şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýadygärlik…
19-njy madda
Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessury hem-de Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň we wezipeli adamlarynyň protokol boýunça wezipe yzygiderliliginiň sanawy
Şu Kanunyň esasynda kabul edilýän Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessury daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, parlament wekiliýetleriniň, daşary syýasat…
20-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.