Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.02.2017 · № 496-V
«Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
40 madda · 15 sahypa
40 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) binagärlik işi - taslama resminamasynyň binagärlik bölüminde bellenen täze gurluşyk, durkuny täzelemek, dikeltmek, düýpli abatlamak, obýektiň daşky we içki keşbini döretmegiň,…
2-nji madda
Türkmenistanyň binagärlik işi hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň binagärlik işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Binagärlik işi babatda döwlet syýasaty
1. Binagärlik işi babatda döwlet syýasaty - binagärlik işi çygrynda maksatlaryň, wezipeleriň hem-de çäreleriň jemgyýetiň durmuş we ykdysady syýasaty bilen özara baglanyşykda emele getirilýän ulgamy. 2. Binagärlik işi babatda döwlet…
4-nji madda
Binagärlik işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar
Binagärlik işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli…
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti binagärlik işi babatda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) binagärligiň möhüm obýektlerini taslamalaşdyrmak we gurmak hakynda karar kabul edýär we şeýle obýektleriň taslamalaryny…
6-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara binagärlik işi babatda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) şulary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar: a) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde binagärlik işini düzgünleşdirýän hem-de gurluşykda milli…
7-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary binagärlik işi babatda: 1) ýerli binagärlik edaralarynyň işine ýardam etmegi amala aşyrýarlar: 2) binagärlik obýektleriniň gurulmagy üçin taslamany işläp…
8-nji madda
Binagärlik işini dolandyrmagyň guramaçylyk düzümi
1. Binagärlik işini dolandyrmagyň guramaçylyk düzümi sebit we ýerli edaralardan ybarat bolup durýar. 2. Binagärlik işini dolandyrmagyň sebit edarasy - welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň binagärlik müdirligi, ýerli edarasy bolsa…
9-njy madda
Binagärlik işiniň obýektleri
Binagärlik taslamalary esasynda döredilen ýaşaýyş jaý-raýat, jemagat, senagat we beýleki maksatly binalar we desgalar, abadançylyk, bagçylyk-seýilgäh we landşaft binagärligiň, monumental we monumental-bezeg sungatynyň obýektleri we olaryň…
10-njy madda
Binagärlik işiniň subýektleri
Binagärlik obýektlerini gurmak üçin binagärlik-şähergurluşyk we taslama resminamalaryny taýýarlamaga we işläp taýýarlamaga, binagärlik babatda ylmy-barlag we mugallymçylyk işine gatnaşýan fiziki we ýuridik şahslar, şol sanda daşary ýurt…
11-nji madda
Baş binagärler (binagärler)
1. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň binagärlik müdirlikleriniň (şäher we etrap binagärlik bölümleriniň) ýolbaşçylary wezipeleri boýunça degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň baş binagärleri bolup durýarlar. 2. Welaýatyň,…
12-nji madda
Binagärler birleşmesi
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda binagärler birleşmesi döredilip bilner. 2. Binagärler birleşmesiniň işi onuň bellenilen tertipde bellige alnan tertipnamasynyň (düzgünnamasynyň) esasynda amala aşyrylýar. 3. Binagärler…
13-nji madda
Binagärlik obýektini döretmek bilen baglanyşykly işleriň toplumy
Binagärlik obýektini döretmek üçin şu aşakdakylary öz içine alýan işleriň toplumy ýerine ýetirilýär: 1) taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň taýýarlanylmagyny; 2) zerur halatlarda taslamadan öňki işleriň, şeýle hem Türkmenistanyň…
14-nji madda
Taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlar
1. Binagärlik obýektleriniň taslamalaryny işläp taýýarlamak (taslamalaşdyrmak) buýrujy tarapyndan berlen taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar, olara aşakdakylar degişlidir: 1) binagärlik-meýilnamalaşdyryş…
15-nji madda
Binagärlik bäsleşikleri
1. Binagärlik (umumy döwlet, ýerli, sebit, halkara) bäsleşikleri binagärlik obýektleri boýunça iň gowy binagärlik-meýilnamalaşdyryş, inžener-tehniki we ykdysady taýdan kabul ederlikli taslama teklipleriniň ýüze çykarylmagy hem-de taslama…
16-njy madda
Binagärlik obýektiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy
1. Binagärlik obýektiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy, oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Binagärlik obýektiniň taslamasy…
17-nji madda
Gurluşyk üçin iş resminamasy
1. Binagärlik obýektiniň gurluşygy üçin iş resminamalary tassyklanan taslamanyň esasynda döwlet standartlaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar we ýerine ýetirilýär. 2. Gurluşyk üçin iş…
18-nji madda
Binagärlik obýektiniň gurluşygy
1. Binagärlik obýektiniň gurluşygy tassyklanylan taslama resminamasyna, döwlet standartlaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Binagär ýa-da muňa…
19-njy madda
Döwlet binagärlik-gurluşyk barlagy we gözegçilik barlagy
1. Döwlet binagärlik-gurluşyk barlagy we gözegçilik barlagy çäkler gurlanda binagärlik obýektleriniň ýerleşdirilmegini we gurluşygyny üpjün etmek, tassyklanan şähergurluşyk we beýleki taslama resminamalarynyň, ilatly ýerleri gurmagyň ýerli…
20-nji madda
Binagärlik obýektiniň gurluşygyna awtorlyk we tehniki gözegçilik barlagy
1. Binagärlik obýektiniň gurulýan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň gurluşygyna awtorlyk we tehniki gözegçilik barlagy amala aşyrylýar. 2. Awtorlyk gözegçilik barlagy binagär - binagärlik obýektiniň taslamasynyň awtory,…
21-nji madda
Binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty
Binagärlik obýektleri boýunça taslama gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin buýrujynyň (gurujynyň) ýüztutmasy boýunça binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty hakynda düzgünnama laýyklykda binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty düzülýär.
22-nji madda
Binagärlik işi babatda şertnamalaýyn gatnaşyklar
Binagärlik taslamasynyň döredilmegi, durmuşa geçirilmegi we gaýry peýdalanylmagy diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
22¹-nji madda
Binagärlik işiniň maliýeleşdirilmegi
1. Binagärlik işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, buýrujynyň (gurujynyň, potratçynyň) hususy we çekilen serişdeleriniň, şeýle hem inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine fiziki…
23-nji madda
Binagärlik işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Binagärlik işiniň ygtyýarlylandyrylmagy ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
24-nji madda
Binagärleriň hünär synagy
1. Adamyň binagärlik işi babatda hünär derejesini barlamak, onuň işewürlik sypatlaryny kesgitlemek, olaryň kärine we hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelşini ýüze çykarmak maksady bilen binagärleriň hünär synagy geçirilýär. 2.…
Öňki
1 / 2
Indiki