Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Psihiatrik kömek bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.11.2016 · № 477-V
«Psihiatrik kömek bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
40 madda · 15 sahypa
40 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şulary aňladýar: 1) psihiatrik kömek - psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň keseliniň öňüniň alynmagyna, psihiki bozulmasynyň anyklanylmagyna, bejerilmegine we saglygynyň…
2-nji madda
Türkmenistanyň psihiatrik kömek bermek hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň psihiatrik kömek bermek hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň psihiatrik kömek bermek çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.
4-nji madda
Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlara döwlet kepillikleri
Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlara döwlet tarapyndan şular kepillendirilýär: 1) olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy; 2) gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde oňat hilli we howpsuz psihiatrik kömegiň berilmegi; 3) olara…
5-nji madda
Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň esasy hukuklary
Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň esasy hukuklary şulardyr: 1) raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagyna; 2) özüne adam mertebesiniň kemsidilmegini aradan aýyrýan, hormat we ynsanperwerlik bilen…
6-njy madda
Psihiatrik kömek berilýän adama wekilçilik edilmegi
1. Psihiatrik kömek berilýän adamyň özüniň saýlamagy boýunça hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy üçin wekilini çagyrmaga hukugy bardyr. Wekilçiligiň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen tertipde…
7-nji madda
Psihiki bozulmanyň ýoklugynyň ýuridik taýdan dogry hasaplanylmagy
1. Özünde psihiki bozulmanyň bardygy şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde belli edilmese, ol adamda psihiki bozulma ýok diýlip hasap edilýär. 2. Hiç kim özünde psihiki bozulmany kesgitlemek maksady bilen, lukmançylyk…
8-nji madda
Hünär işiniň aýry-aýry görnüşleriniň we ýokary howplulygy bolan çeşme bilen baglanyşykly işiň ýerine ýetirilmeginiň çäklendirilmegi
1. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adam psihiki bozulmanyň netijesinde hünär işiniň aýry-aýry görnüşlerini we ýokary howplulygy bolan çeşme bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaga ýaramsyz diýlip wagtlaýyn (bäş ýyldan köp bolmadyk möhlete we…
9-njy madda
Psihiatrik kömek bermegiň çygrynda maliýeleşdirmek
Psihiatrik kömek bermegiň çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
10-njy madda
Psihiatrik kömek bermegiň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem öz…
11-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti psihiatrik kömek bermegiň çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) ygtyýarly edaranyň we psihiatrik kömek bermek çygrynda işi amala aşyrýan…
12-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara psihiatrik kömek bermegiň çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) şulary tassyklaýar: a) Psihiatrik kömek bermegiň tertibini; b) Psihiki bozulmadan ejir…
13-nji madda
Psihiatrik kömek bermek çygrynda iş alyp barýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli…
14-nji madda
Psihiki bozulmanyň anyklamasynyň bellenilmegi
1. Psihiki bozulmanyň anyklamasy barlanylýan adamyň psihiki saglygynyň ýagdaýy baradaky lukmançylyk netijenamasy esasynda bellenilýär. Görkezilen anyklamany bellemek diňe hünärmen lukmanyň ýa-da lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň hukugy…
15-nji madda
Psihiatrik güwä geçilmegi
1. Psihiatrik güwä geçilmegi - barlanylýan adamyň haýyşy ýa-da razylygy bilen, ýa-da onuň wekiliniň razylygy bilen, eger barlanylýan adam kämillik ýaşyna ýetmedik adam ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar…
16-njy madda
Adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi
1. Adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi, eger bar bolan maglumatlara görä barlanylýan adam özünde şu aşakdakylary şertlendirýän agyr psihiki bozulmanyň bardygyny çak etmäge esas berýän hereketleri amala aşyrýan halatlarynda…
17-nji madda
Adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi barada arza bermegiň we çözgüt kabul etmegiň tertibi
1. Şu Kanunyň 15-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi barada çözgüt şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen psihiatrik güwä…
18-nji madda
Psihiatrik kömegiň gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berilmegi
1. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adama psihiatrik kömek saglygy goraýyş görkezmelerine görä gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berlip bilner. 2. Gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömek hünärmen lukman tarapyndan psihiki bozulmadan…
19-njy madda
Dispanser gözegçiligi
1. Agyr durnukly ýa-da ýygy-ýygydan ýitileşýän ýarawsyzlyk alamatlary bilen ýüze çykmalary bolan ötüşen we uzaga çeken psihiki bozulmadan ejir çekýän adama dispanser gözegçiligi bellenilip bilner. Görkezilen adama dispanser gözegçiligini…
20-nji madda
Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamy hassahana ýerleşdirmek üçin esaslar
1. Hünärmen lukmanyň psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň lukmançylyk barlagyny geçirmek ýa-da ýatymlaýyn şertlerde bejermek hakynda netijenamasy görkezilen adamyň hassahana ýerleşdirilmegi üçin esas bolup durýar. Türkmenistanyň…
21-nji madda
Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek üçin esaslar
Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek, eger psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň lukmançylyk barlagy ýa-da bejerilmegi diňe ýatymlaýyn şertlerde mümkin bolsa, onuň psihiki bozulmasy agyr we şu aşakdakylary şertlendirýän bolsa amala…
22-nji madda
Bejergiden ýüz öwrülmegi
1. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň ýa-da onuň wekiliniň şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, teklip edilýän bejergiden ýüz öwürmäge ýa-da ony bes etmäge hukugy bar. 2.…
23-nji madda
Psihiatrik kömek berlen mahalynda adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäreleri
1. Ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömek bermek hassahana ýerleşdirilen adamyň we başga adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan syrkawlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmeginde…
24-nji madda
Ata-enesiniň (başga kanuny wekilleriniň) haýyşy boýunça ýa-da olaryň razylygy bilen hassahana ýerleşdirilen kämillik ýaşyna ýetmedik adama ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adama psihiatrik güwä…
25-nji madda
Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen psihiki bozulmadan ejir çekýän adama hökmany psihiatrik güwä geçilmegi
Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen psihiki bozulmadan ejir çekýän adam kyrk sekiz sagadyň dowamynda mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmegiň esaslydygy barada çözgüt kabul etmeli hem-de degişli netijenamany bermeli…
Öňki
1 / 2
Indiki